Bilim adamlarynyň aýtmagyna görä käbirleri wagty yzyna alyp geçmişe gidip bolýar diýýärler, käbirleri bolsa asla mümkin däl diýýär. Eýsem bu mümkinmi, bäh bolup biljek zat däl, ýok how ynanamok. Ýada bolarmyka? Bu soraga jogap tapdyk we geçmişe gitdik, ýagny 10-15 ýyl yza gitdik.
Sizem gitmek isleýärsiňizmi?
Geçmişe gitmek gaty aňsat, özem ýekeje programma bilen. Bellik geçmişe diňe android ulanyjylar gidip biler we geçmişde diňe Nokia 3310 ulanyp biler 🙂
Geçmişe gitmek üçin taýýarlyk:
Phone Retro-ny ýükle
Telefonyňa gurna we aç. Ynhada siz geçmişe gitdiňiz. Nokia 3310 arkaly surat çekip bilersiňiz. Sms iberip we jaň edip bilersiňiz. Geçmişe gitmek göwnüňize ýaradymy?
Asyl tema bolsa:
Käbir kişiler häzirki güninde bagtsyz we ýadaw bolup bilýärler we geçmişdäki bagtly günlerini ýatlap şo günlere şeýle bir gitmek isleýärler. Muny düzetmegiň ýekeje ýoly bar. Biz nähili dert gaýgy bolsa-da hiç hili pikir etmeli däl. Nähili köp gaýgy etsek şonçada çöküp gidýäris. “Müň gaýgy bir iş bitirmez” diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Biz şol edýän gaýgy we dertlerimize wagt ýitirip geçmişe gitjek bolman, häzirki günde şol gaýgylar nähili çözmelidigi hakynda pikirlenmeli we çözmeli.
Şuňa üns beriň: Eger biz gündelik işiň okuwyň daşyndan, öz halaýan zadymyza güýmenmesek biziň durmuşa bolan höwesimiz ýuwaş ýuwaş ýitip biler, we zeýrenip başlarys. “Manysyz durmuş. Günde şol bir zat gaýtalanyp dur” diýip içimizden ýada daşymyzdan durmuşa bolan höwesimizi özümiz hem gaçyryp bileris. Şonuň üçin her kimiň gündelik güýmenmäge zady bolmaly. Şu günümizde edýän zadymyz ertirki güne höwes etdirmeli we tapawutly bir gün döretmeli. Gepiň gysgasy iş we okuw daşyndan etmeli zadyň iň halaýan zadyň bolmaly. Kim näme diýse diýsin. Bagtly bolmak üçin haýsy zady edeniňde özüňi bagtly we höwesjeň duýýan bolsaň şol zady etmeli. Sen haýsy zady edeniňde özüň bagtly duýýarsyň. Teswir ýazmagy unutma!
Phone Retro wideosyny görmek üçin:
??????☺
Hakyky zat
dbn
dogry?
dogry aydylan
ozun ulanyber hic zadam yzyna dolanmaya
Peýdaly maglumat! ?
Adamlar name ucin yza gidyaler? Yatlamalarda yashayarlar? Aslynda yatlama name?
Bizin yashayan her pursadymyzdaky duygularymyz hakydamyzda galya. Belkem, bolan wakanyn yerini we wagtyny unudars yone sho icimizde galan duygular bize gowuny-erbedi yatladar. Mumkin boldugyca duygularyn esas sebabine dushunjek bolmaly. Bolmasa konede galan yatlamalar shu guni yashamaga ahmyrlar/kuysencler bn rugsat berenok. Duygularymyzy dushunmegin in gowy yoly hem ozuni tanamak. Ozini tanamak ucin ilkinji adimi ozune dashardan synlap bilmek. Yagny icindaki duyyan duygularyny, bolup gecyan wakany ucunji adamyn gozunden seredip gormek. Muny meditasiyanyn usti bn basharyp bolyar.
Geçmişi ýatlamak gowy zat eğer ýatlarlygy bar bolsa???Bolmasa ony ýatlamazlygyňam özi bir bagt
Men pikirim Geceni gecdi bilelin Dine Geljege tarap one one dine
yalan?????
Gecmişi yzyna gaytarmak hic mumkin dal yone kabir yatlamalar bilen yadyña salyp bolyar
Bergilerimi beremde
Bergimi beremde
gaty gowy
biderek zat
Bazar aylansam, ozume bir zatjagaz alsam bagtly duyyan ozumi…?
admina bir uly haýysh shu programmanyn offline gornushinam duzun hays. Sebabi yurdumyzyn hemme yeri hali wifi owrenshmedik internet hem chetlerde onchakly tutanok
?
☺
egerde Eneň Atan yzyna gaydyp gelyan bolsa geçmişe gitmäne tayyn
geçmiş diyme jan dogan ölip şugune ýetdim.geçmişi yatsasam bagtsyz bolyan
menin ilkinji ulanan telefonym 3310 gaty gowudy. menin ucin.
gaty dogry aydylan sozler
nämow geçmiši yzyna gaytaryp bolsa nokiya ulanyp otyrjakmy
sol telefony ozun ulanyanmy????????
ijn ulanyandyrda