LINE sazlamalary hakynda has giňişleýin düşündiriş #1
LINE söhbetdeş programmasy gün günden täzelenip täze funksiýalar goşulýar. Täze goşulýan funksiýalardan ählimiz habarly bolup bilmeýäris. Habarly bolmak üçin LINE içini doly bilmegimiz gerek. Mysal üçin bir ýere bilmän bassam belki hasabym bozular ýada ýene bir zat bolar gorkusy bilen her bir zada degip bilemizok.
<center><a href=”https://goo.gl/96U5Vv”><img class=”aligncenter” src=”https://blog.tsoltanov.com/wp-content/uploads/2017/07/TM.png” width=”460″ height=”60″ /></a></center><img class=”alignnone size-medium wp-image-3160″ alt=”” width=”300″ height=”67″ />
Bu ýazgymyzda elimizden geldigiçe LINE sazlamalar bölüminiň funksiýalaryny ýeke ýekeden agzap geçmek. Suratlarda ädim ädim ähli ýollar görkezilendir. LINEa täze girenlere üns berip okamagyny haýyş edýärin. Esasy LINEa täze girenler üçin ýazyldy. Öňki bilenler bilýän diklerini aýtmazlygyny haýyş edýärin.
Sazlamalardaky 1-nji bölüm: Meniň Maglumatlarym ( Moy Dannye)
- Profil – Bu bölümde Öz LINE profiliňe degişli maglumatlary düzetmek üçin. Mysal: ID, At, doglan günüňiz we şm maglumatlaryňyzy düzedip bilýärsiňiz.
- Akkount- Bu bölümde bolsa biziň LINE hasabymyza degişli zatlary düzedip bilýäris. Mysal üçin email baglamak üçin şu bölüme girmeli. Has giňişleýin aşakda.
- Liçnye Dannye- Bu bölümde esasy zat biziň gizlinligimizdir.
- Keep- Keep bölümine biz LINEdaky suratlarymyzy we başga maglumatlarymyzy online şekilde saklap bilýäris.
Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Ýokardaky Bölümiň giňişleýin düşündirişi)
1.Profil
Bu suratda görýäniňiz Profil sahypasynyň içidir. Profil sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.
Aşakdaky sanlar suratdaky sanlar bilen deňdir. Sanlar boýunça funksiýalaryň nähili işe ýaraýandygy ýazyldy.
- Bu funksiýada haçan siz Profil ýada Home suratyňyzy üýtgedeniňizde Siziň Timeline sahypaňyzda görkezilip görkezilmejegini sazlaýandyr. Egerde siz ýaşyl belligi öçüreniňizde profiliňize täze surat goýanyňyzda Timeline (lenta) sahypaňyzda çykmaýandyr.
- Bu ýerden Profil adyňyzy üýtgedip bilýärsiňiz.
- Adyň aşagyndaky görünýän ýazgy.
- Siziň IDiňiz
- Bu ýerdäki ýaşyl belligi öçüreniňizde siziň IDiňizi gözletseler hem sizi tapmazlar. ID funksiýaňyza öçürýändir.
- KR kod hem Siziň IDiňiziň suratly görnüşi diýip bileris. Içine Girip öz KR kodyňyzy ýasap bilersiňiz.
- Bu ýerde öz doglan günüňizi ýazyp bilersiňiz. Bu haçanda siziň profiliňize seredenlerinde görünýändir.
2.Akkount Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Moy Dannye Bölümiň giňişleýin düşündirişi)
Bu suratda görýäniňiz Akkount sahypasynyň içidir. Akkount sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.
Aşakdaky sanlar suratdaky sanlar bilen deňdir. Sanlar boýunça funksiýalaryň nähili işe ýaraýandygy ýazyldy.
- Bu ýerden Telefon belgiňizi üýtgedip bilýärsiňiz.
- LINE hasabyňyza Email birikdirmek üçin şu ýere girmelidir. Email nädip birikdirmeli sorag bar bolsa şu ýere girip öwrenip bilersiňiz. Email birikdirmek
- Bu ýerden LINE hasabyňyzyň parolyny üýtgedip bilersiňiz. LINE parolyňyzy diňe email birikdirilenden soňra üýtgedip bilersiňiz. Çünki Siziň parolyňyz email birikdirilenden soňra bolýandyr. Email ýok wagty siziň hem parolyňyz ýokdur.
- Facebook hasabyňyz bar bolsa birikdirip bilersiňiz. Haçanda LINEdan çykanyňyzda telefon belgisiz hasabyňyza girip bilýänsiňiz.
- Siziň LINE hasabyňyza birikdirilen programmalar bardyr. Içine girip öçürip açyp bilýärsiňiz.
- Egerde bu ýerdäki ýaşyl belligi öçürseňiz Kompýuter we beýleki uly enjamlardan LINE hasbayňyza girip bilmeýärsiňiz.
- Eger kompýuterden LINE hasabyňyza giren bolsaňyz kompýuteriň ady şu ýerde durýar, Kompýuterdäki hasabyňdan çykmak üçin girip öçürip bilýärsiňiz.
- LINE hasabyňyzy düýbünden ýok etmek üçin Udalit Akkount düwmesine basmaly. Hasabyňyzy pozan ýagdaýyňyzda hiç hili maglumatlaryňyzy yzyna getirip bolýan däldir.
3.Liçnye Dannye Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Moy Dannye Bölümiň giňişleýin düşündirişi)
Bu suratda görýäniňiz Liçnye Dannye sahypasynyň içidir. Liçnye Dannye sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.
Aşakdaky sanlar suratdaky sanlar bilen deňdir. Sanlar boýunça funksiýalaryň nähili işe ýaraýandygy ýazyldy.
- Egerde LINE programmaňyza parol goýmak isleseňiz bu ýere girip parol goýup bilersiňiz. Şeýlelik bilen LINE programmaňyza parol ýazyp girip bilersiňiz.
- Bu ýerdäki ýaşyl belligi öçüreniňizde siziň IDiňizi gözletseler hem sizi tapmazlar. ID funksiýaňyza öçürýändir.
- Bu funskiýany açan işleden wagtyňyz siziň dostyňyz bolmadyk biri ýazan wagty gönüden öçürilýändir, ýazan haty size gelmän blok bolýar. Işletmek üçin ýaşyl belligi açmaly.
- Bu funskiýa açyk wagtynda size lentadan ugradylan dostluk islegleri gelýändir. Ýagny Timeline sahypalardan size dostluk iberip bilýändirler. Ýapyk wagtynda hiçkim size dostluk islegini ugradyp bilmeýär.
- Täze KR koduny almak üçin şu ýere basmalysyňyz KR kody hakynda ýokarda agzap geçipdik.
4.Keep Sazlamalardaky 1-nji bölümiň ädim ädim düşündirişi: (Moy Dannye Bölümiň giňişleýin düşündirişi)
Bu suratda görýäniňiz Keep sahypasynyň içidir. Keep sahypasyna gireniňizde aşakdaky ýaly penjire açylýandyr.
Keep bölümi her bir ulanyja 1 GB boş ýer berýändir. Keepde siz öz suratlaryňyzy faýllaryňyzy we başgada birnäçe görnüşli maglumatlaryňyzy Online şekilde saklap bilýärsiňiz.
LINE sazlamalaryndaky 1-nji bölüminiň funksiýalaryny öwrendik. LINE sazlamalaryň beýleki bölümlerinde görüşýänçäk hoş sag boluň!
Öwrenmeli LINE@ hasabymyza goşulmak üçin şu ýere basyň: https://goo.gl/GAUHbA
LINE Creator Studio Programmasy alyp bilmeýänler şu ýerden ýükläp bilerler: http://link.tsoltanov.com//33
LINE Creator Studio Programmasy hakynda öňümizdäki günlerde öwrenip geçeris.
очень подробно
biderek
admi keepde saklanan suraty file nahili gormeli sony nireden gorup bolyar
admin keepde saklanan zatlary nadip gormeli
salam admin internetde pul gazanmak barada maglumat yazay
2026481.mya5.ru
su saytda biraz maglumat bar eken
Profiline nadip surat goymaly? (owrenmeli-de)
onat
salam line@ da nadip idini uytgetmeli
Line – da nadip video sahranit etmeli
Linede nadip video sahranit etmeli??
Linede nadim video acmali
Linede nadip video almaly
Salam dos men accawundym bar oz goyan lentamyn sylkasyny nadip alynyar owredaysan hoshal bolardym
sps admin
Lineda nadip suratlary acmaly
.
line id:99365275723 mana yazyn lineda liboy zat aydyp bereyin line hakynda
LINEDE NADIP SURAT AÇMALY
name u.n linda accaunt acjak bolamda e posta kod gelenok
admin e posta lindan sms iveremde epostan paroly gelenoga
Durmush:admin e posta lindan sms iveremde epostan paroly gelenoga
Parol seniň email poçtaňa gelýändir. Barladyňmy?
Salam owretyan ahli zadynyza kop kop sag bolun
poznowatelno
Salam hormatly owrenmeli Hasabyň admini men line ymyn wersiyasy 7.8.2 munda men line idimi çalsyp bilemok onki wersiyalarda bolyardy emma bul wersiyada bolonok nm ün bilsenin aydaýyn nadip?çalşaýyn
ADMIN LINE HEMDE LINE@ NAME ÜÇIN IŞLÄNOKKA
Admin name ucin LINE ishlanokka
line turkmenistanda isleyarmi
line isleyami
line isleyami
line ishleyami
Salam admin su line programmasy diyyaniniz onki line programmasymy
salam admin su line programmasy onki line programmasymy
Erbet dal
nadip line gitmeli hayys bilyan ba bolsa yazayyn
line nadip girmeli kim bilyan bolsa aydayyn hayys