Suratlaryň göwrümini näme üçin kiçeltmeli, näme peýdasy bar? Döwrümiz internet bolanlygy üçin her gün bir ýerlere surat iberýäris.
Mysal üçin IMO-da surat paýlaşmak isleýärsiňiz, suratyňyz bolsa kameradan ýa-da telefondan screenshot edilen bolsa göwrümi telefona bagly bolup iň az 500-700 kb bolýandyr. Bu bolsa siziň paýlaşan suratyňyz garşy tarapyň internetine bagly bolup giç açylyp bilýär.
Meselem: IMO Friends of Friend-da bir kişi suratlary görmek üçin geçirip otyr. Şol kişi siziň uly göwrümli ýüklän suratyňyzy açylýança iň az 2 sekunt garaşar, açylmasa hem geçip gider. Şeýlelik bilen siziň story-da paýlaşan suratyňyzy interneti pes kişiler tarapyndan görüp bolmaz.
Biz hem edil şunuň ýaly suratlary goýmazdan öň siziň internetiňize agram salmazlyk üçin her bir goýýan suratlarymyzy ýörite göwrümleri kiçeldýän serwislerden geçirýäris.
Suratlaryň göwrümini kiçeldýän programmalar gaty köp, ýöne ählisi diýen ýaly göwrümini kiçelden wagty suratyň hakykylygyny hem bozýar.
Size häzire çenli ulanýan tinyjpg atly serwisi hakynda agzap geçmekçi.
Tinyjpg online görnüşde işleýär. Telefonyňyza ýa-da kompýuteriňize hiç hilli programma ýüklemäni işiňizi bitirip bilýärsiňiz. Ulanylyşy hem gaty aňsat boluň, hiç hilli registrasiýa ýok.
Ilki bilen http://tinyjpg.com saýtyna giriň garşyňyza aşakdaky penjire çykar. Suratda görkezilen ýere basyň we telefonyňyzdan kiçeltmek isleýän suratyňyzy saýlap alyň.
Suratyňyzy saýlan wagtyňyz gönüden suratyňyzy kiçeltmäge başlar. Kiçeldip bolandan soňra download diýen düwme çykar. Kiçelen Suratyňyzy şoňa basyp alyp bilersiňiz.
Meselem suratyňyzyň göwrümi 1Mb bolsa, onda ony 400kb çenli kiçeldýär.
Sag bol admin ???
Imoda friends dakileri dobavit edip bolyarmy kim bilyar?
howa dobawit edip bolya
Admin AliExpress daki tasin harytlary cykaryp yzyny dowam eday
online ishlemayanini goymalyda admin. hemme adamda wifi yoga. her 2 mb suraty yuklap kicelder yaly? onlinesiz programmasyna garashyas sizden!!!
jennet dobawit edip bolya shol programmasy bar
Admin imo programmasyna nomersiz girip bolyamy wi-fi den hayys admin jogabyna garasyaryn
Sagbol Admin shu zatlary owretyaninz uchin
Sagbol Admin shu zatlary owretyanligniz uchin
gaty gowy zatlar bar owrenmek un isiniz mundanda sowly bolsun ustunlik
Myhman gowmy şo imo da friends da nadip dabavit etmeli şo programan ady name yazayda kyn görman
şo programañ ady name myhman aydayda kyn gormede mana gerek
Jennet howwa dobavit edip bolya mana yaz owredeyin imo 64379922
Sagbol Admin gaty govu zat eken Sps
Admin köp-köp minnetdar!
salam sul programmanyn admini kim bolsa sol adam bir 2 sorag berayjekdimda