Häzirki günde internet ulanyjylarynyň her birinde elektron görnüşli poçtalary bardyr. Çünki elektron poçtalar biziň şahsy maglumatlarymyz bilen dürli internet sosial portallarynda hereket etmäge mümkinçilik döredýär.
SPAM – bu reklama we kommersiýa (söwda) häsiýetli eletron poçtalara rugsadsyz iberilýän elektron hat. Diýmek, biziň poçtamyza spamlar bizden rugsadsyz iberilýär. Ýagny, bu gelýän hatlar reklamadyr.
Spamy bize kim ugradýar? Biz internet ulananymyzda müňlerçe saýtlara girip, müňlerçe täze informasiýalary toplaýas. Ýöne şol saýtlaryň köpüsini ulanmak üçin, bize elektron poçta gerek bolýar. Şeýlelikde şol saýtlara poçtamyz arkaly registrasiýa edýäs. Netijede, saýtyň administrasiýasy tarapyndan şol saýtda hödürlenýän ähli reklamalar elektron hat görnüşinde siziň poçtaňyza gelýär. Çünki saýty dolandyrýanlar özüne girdeji gazanmak üçin dürli reklamalary saýtynda hödürleýärler. Emma elektron poçtalara şol reklamalary hat görnüşinde ibermek olar üçin goşmaça girdeji bolup hyzmat edýär.
Käbir web masterler öz saýtynyň ulanyjylarynyň sanyny köpeltmek üçin, aldaw üsti bilen saýtynda ”gymmat bahaly informasiýany (meselem, antiwirusyň açarlary, nyrhly programmalar we ş.m) goýdum we bu informasiýany mugt ýükläp bilersiňiz” diýip reklama ýasap, internediň beýleki saýtlarynda reklama etdirýärler.
Ýene-de size bir meselem getireýin, internetden bir zat ýüklejek bolanymyzda, “Ýükle” düwmesine basanymyzdan soňra onlarça saýtlar açylyp, soňky saýtda “Сайт недоступен” diýen ýazgyny çykarýar. Emma şol saýtlardan yza çykmaklyk bize başartmaýar. Sebäbi, şol saýtyň admini reklama arkaly girdeji gazanmak üçin şeýle reklamalary taýýarlaýar.
Spamdan nädip goranmaly? Spamdan goranmak üçin, elektron poçtaňyzyň spam bölümini açyp, gelýän hatlaryň birini açyp, haýsy saýtdan gelýändigini anyklap we şol saýta girip, registrasiýany öçürmeli.
gowy maslahat
Mende a3 2017 ba icinden nastroyka oynap iki sany yanyan knopkan cyrasyny ocurdum nadip yakmaly? ortaky knopkan gapdaldaky iskisi
lol spam aldaw bolmadyk bolsa mende shu gun 2 iPhone x bolmaly.
hehe, dogry.diyyyan
blogger den nadip pul almalydygyni bilyan adam bar bolsa gayrat edin.manada aydayinda imo +99361113919 hayysh edyan
@mail elektron poctany nadip acmalydygny registrasiya edip hat alyshmagy owredayseniz minnetdar bolardym!
@mail elektron poctany nadip acylshyny registrasiya edip hat alyshmagy owredayseniz minnetdar bolardym
kim Ortega bulary
şu pragrammadada reklama çykya name etmeli
şu programma giremde reklamalar cykya name etmeli