Käwagtlar biziň ünsümizi käbir saýtlar özüne çekip, gymmatly wagtymyzy boşuna gitdirip biler. Beýle ýagdaýlarda, biz bu saýtlara girmekligi gadagan edip bilýäs. Geliň, men size saýtlara girmekligi gadagan etmegiň usullaryny öwredeýin.
Router arkaly saýtlara girmekligi gadagan etmek
Saýtlary dolulygyna ulanmaklygy gadagan etmek üçin Wifi routeri hem ulanmak bolar. Bu aşakdaky amallar TP-LINK routerinde ýerine ýetirildi.
Router arkaly saýtlara girmekligi gadagan etmek üçin, brauzerden 191.168.1.1 salgy boýunça routeriň parametrine giriň. Ondan soňra şu yzygiderlikde bölümleri açyň: “Access Management — Filter — URL Filter”. Şu yzygiderlikde açan soňky penjiräňizde URL diýen ýerine girmekligi gadagan etjek saýtyňyzyň salgysyny ýazyň. Ýöne salgyny ýazanyňyzda “https://.” ulanmaň. Meselem: rutor.info saýty bolsa, şol ýere hem rutor.info diýip ýazmaly.
Kompýuterdäki hosts-faýllary arkaly saýtlara girmekligi gadagan etmek.
Kompýuterde “Bloknot” programmany açyň, Onda soňra “Faýl” bölüminden “Otkryt” bölümini açyň. Täze açylan penjirede, saýlanjak faýlyň formatyny üýtgediň. Ýagny täze açylan penjiräniň sag tarapynyň iň aşagyndaky öýjükde “Wse faýly” buýrugyny saýlaň. Soňra şu yzygiderlikde papkalary açyň: “С:/windows/system32/drivers/etc/hosts”.
Soňra täze açylan penjiräniň, iň soňy setirine “127.0.01” we saýtyň salgysyny ýazyň. Bu ýerde hem “https://.” ulanmaň. Bu ýerdäki “127.0.0.1” url-nyň formaty. Her bir girizjek saýtyňyzy täze setirden şu ýokardaky görkezmeler esasynda ýazyň.
Şeýlelikde, siziň girizen saýtlaryňyz, kompýuter we router tarapyndan gadagan edilýär.
Bu günki tema peýdalymy? Pikiriňi teswirlerde görkez.
govy mowzuk
ADMIN DOS GAYRAT EDIP IPHONEDAKI AYKLAWID BARADA YAZAYNDDA ONY NADIP AYRMALY NADIP POZMALY SOL BARADA GARASSYAN SIZDEN
Gaty gowy
gaty gowy
gaty minnetdar owredeniniz un
gayrat edin mana iclody bozmany owredin hayys admin imodan yaz admin +99362939606
telefonda yokmy shular yaly
Nadip uly saytlara mysal ucin vk, ok, Facebook, sular yaly saytlara nadip girip bolar, owredsene hayysh edyas
bu pro oran gowy.
size uly like
Dos nadip sayt acylyanynam owretsene
gaty gowy mowzik
mana basga birinin imosyna girmani ovredin hayus imodan Yszan 63137379
name ücin internetden kino alyp bolanok diñe Torrent programma soraýar
name ucin inthernet terrent programma soraýar
Kime nahili komek gerek bolsa (tehnologiya ugurdan) menin bilen habarlashaysyn. IMO: +371 ‘ 21 ‘ 404 ‘ 751. iPhonedaky iCloud hem ayyrmagy owrederin. 😊