Sagdyn iýmitlenmek diýlende nämä düşünýärsiňiz?
Sagdyn durmuş ýörelgesi – bu saglygyňy berkitmeklik üçin, gündelik durmuşymyzda adamyň çekýän zähmetiniň, dogry tertipde iýmitlenmeginiň, bellibir mukdarda uky almagynyň, gigiýenany doly saklamagynyň we ş.m-leriň jemine aýdylýar. Diýmek, sagdyn iýmitlenmek bu sagdyn durmuşyň bir bölegidir. Şu günki mowzukda men size sagdyn iýmitlenmek üçin 10 resept paýlaşjak.
Ýumurtgadan blinçik
Gerekli önümler:
- 2 ýumurtga
- duz
- priprawa
- 50 gr gaýnadylan towuk eti (towuk etinden başa etleri hem ulanyp bilersiňiz)
- 50 gr arassa ýogurt
- 50 gr peýnir
- 1 kiçi çemçe günebakar ýagy
Taýýarlanylyşy:
Bir ýumurtgany duz we priprawalar bilen garyşdyrmaly. Ondan soňra skoworody gyzdyryp, oňa 1 kiçi çemçe bilen günebakar ýagyny guýmaly. Ondan soňra garyşdyrylan ýumurtgany skoworoda guýuň we ýazdyryň. 30 sekuntdan soňra blinçigi beýleki tarapyna öwrüp, ýene 30 sekunt garaşyň. Netijede, blinçik taýýar bolýar. Iki ýumurtgadan iki sany blinçik taýýarlap bolýar. Ondan soňra, bişirilen blinçigi sowadyň we üstüne arassa ýogurty sürtüň. Üstüne towuk etini dograň. Şeýdip, ýumurtgaly blinçik taýýar bolýar.
Smorodinaly tworog
Gerekli önümler:
- 150 gr tworog
- 50 gr buzlanan smorodina (supermarketlerde satylýar)
- 50 gr nar dänejikleri
Taýýarlanylyşy:
Bar bolan önümleri garyşdyryň. Eger isleseňiz biraz şeker we kefir goşup bilersiňiz.
Burrito
Gerekli önümler:
- 1 sany pomidor
- 1 sany sarymsak
- 1 sany limon
- 1 kiçi çemçe günebakar ýagy
- 100 gr konsenwirlenen fasol
- 60 gr ýagsyz peýnir
- 2 uly çemçe arassa ýogurt
Taýýarlanylyşy:
Pomidory biraz suwuň bugynda bugardyň, onsoň daşyny aýryň we ony gowja edip maýdalaň we blenderden geçiriň. Alnan pastany kiçi banka guýuň we onuň üstünden sarymsak, limon, fasol, günebakar ýagyny, ýogurty we peýniri guýuň.
Owsýanka
Gerekli önümler:
- 50 gr owsýanka
- 0.5 bulgur sygyr süýdi
- 50 gr alma pýuresi
- 1 kiçi çemçe kakao
Taýýarlanylyşy:
Bankanyň içine şu önümleri guýuň we garyşdyryň. Bankanyň agzyny ýapyp, bir gije – gündiz saklaň we owsýanka taýýar bolýar. Owsýankany sowadyp iýiň.
Peçkada bişirilen peýnirli pomidor
Gerekli önümler:
- 3 sany pomidor
- 100 gr peýnir
- 2 uly çemçe günebakar ýagy
- duz
- burç
Taýýarlanylyşy:
Pomidory ýuwuň we ony iki ýarpa bölüň. Içki tarapynyň üstüne peýniri dograň. 200 gradusda 15-20 minut bişiriň.
Frittata
Gerekli önümler:
- 4 sany ýumurtga
- 1 sany ýeralma
- 1 sany pomidor ýa-da 4 sany pomidor çerri
- 100 gr şpinat
- duz
- priprawa
Taýýarlanylyşy:
Ýeralmany we pomidory ýuwuň. Ondan soňra ýeralmanyň daşyny arassalaň. Ýumurtgany garyşdyryň we oňa ýeralma, şpinat, duz we priprawa goşuň we garyşdyryň. Onsoň metal formalaryna (keks bişirmek üçin metal formalary) guýup çykyň we üstüne pomidory üçbur kesip formalara goýup çykyň. 180 gradusda 20 minut bişiriň.
Roll
Gerekli önümler:
- 2 sany kabaçok
- 1 uly çemçe zeýtun ýagy
- 3 uly çemçe arassa ýogurt
- 150 gr gaýnadylan towuk eti
- 100 gr fet
- 0.5 gök sogan
- 0.5 gyzyl burç
- duz
Taýýarlanylyşy
Kabaçogy plastina görnüşinde inçe edip kesiň. Ony duzlaň. Iki tarapyna zeýtun ýagyny sürtüp, ony gowruň. Gök sogany we gyzyl burçy maýdalap dograň. Towuk etini kwadrat görnüşinde dograň. Kesilen kabaçogyň bir tarapyna ýogurt sürtüň we üstüne galan önümleri ýerleşdiriň we tegelekläň. Netijede rollymyz taýýar bolýar.
Alma smuzy
Gerekli önümler:
- 0.5 banan
- 0.5 alma
- 2 uly çemçe owsýanka krupasy
- 1 bulgur sygyr süýdi
- 1/4 kiçi çemçe korisa
- 3 kubik buz
Taýýarlanylyşy:
Banany buzladyň we bar önümleri blenderde maýdalaň. Şeýlelikde desert taýýar))
Bananly keks
Gerekli önümler:
- 180 gr owsýanka
- 1 kiçi çemçe hamyr çişiriji (razryhlitel)
- 1 kiçi çemçe korisa
- 2 sany banan
- 2 sany ýumurtganyň belogy
- 1 bulgur sygyr süýdi
Taýýarlanylyşy:
Banany blenderde maýdalaň we pýure massasyny alyň. Pýureniň düzümine korisa, razryhlitel we owsýanka goşuň we garyşdyryň. Alnan massany formalara guýuň. 180 gradusda 30 minut bişiriň. Bişenden soňra 10 minut sowadyň, keksy 10 minudyň dowamynda formalardan aýyrmaň.
Towukly mini pizza
Gerekli önümler:
- 4 sany tortilli
- 400 gr gaýnadylan towuk eti
- 150 gr şpinat
- 100 gr tworog
- 60 gr peýnir
- 3 uly çemçe ketçup
- 100 gr mosarelly
- 1 uly çemçe günebakar ýagy
Taýýarlanylyşy:
Towuk etini we mosarellany maýdalap dograň we oňa tworog, peýnir, şpinat we ketçup garyşdyryň. Keks üçin formalaryna günebakar ýagyny sürtip çykyň. Onsoň tortillini tegelek diametrda keksiň formalarynyň diametrinden biraz uly edip kesiň. Ondan soňra formalara towuk eti bilen garyşdyrylan önümleri guýuň we agzyna tortillini goýuň. 220 gradusda 20 minut bişirmeli.
admin senem haýsy tema barada ýazjagyňy bileňok öýdýän soňky döwür)
Bizin Owrenmeli sayt Praktiki maglumatlar sayty. Saytda dine bir tehnologiya hakda dal, durli kategoriyalarda tema dorediler
gowy
oran gowy sagbolun
e
çary
işdäñiz açyk bolsun öziñiz taýýarlap iseñiz beter süýjidir sebäbini bilýäñizmi?
Sagbol ulkan
admin mayonez ketcup kop iyyanimdenmi bilemok welin jyns organyma zyýan edyami so zatlar. sorag birhilirak bolsa ayratyn maslahat beray
Gowy mundanam gowy soz aýtjak welin yene tagamlar barada ýaz gayrat et
Siz solary iysen dogry iymitlenmek diyip disindiryanizmi
+99364576789
sag bolun sizem bisirip dadyp gorun örän tagamly
sag bolun örän tagamly
umuman alanda gowy yazypsynyz sagbolun… yone sagdyn iymitlenmek ucin hemme zadyny ozun elin etsen saglyk ucin haaas gowy bolaymasa??????
Oran gowy programma eken .Size kop sagbolsun aydyaryn.Hemise isinizde ustunlik arzuw edyarin!!!
sps kop kop
sps. Gowy
gaty gowy
sps.
gaty gowy maglumatlar gelnime yarady tagamlar baradaky maglumatlar üçin sag boluñ.
gowy 👍