Programmirleme öwrenmäge kömekçi bolan 4 sany mobil programma. Tilsimadyň ösüşi bilen bile akylly telefonlar we tabletler üsti bilen programmirleme öwrenip bilmek mümkin hala geldi. Programirleme dünýäsine ädim ätmek isleýän bolsaňyz, programmirleme öwrenmek üçin kömekçi bolup biljek programmalar bir serpaýdyr.
Programmirleme öwrenmek üçin durnuklylykly bir görnüşde dowam etmek we bol bol praktika geçmek örän ähmiýetlidir. Birnäçe programma dili öwrenmegiňize kömek edip biljek mobil programmalar, durnukly bir ýagdaýda dowam etmek üçin we üstünlikler gazanmak üçin, başga kişiler bilen ýaryş edip bilmägi üpjün eder.
Bu ýazgyda, programmirleme öwrenmek üçin kömek boljak 4 sany mobil programmalaryň sanawyny taýýarladyk.
1.Enki
Enki programmasyny bir maşk programmasy ýaly pikir edip bilersiňiz. Bir maşk programmasynda günlik maşklar bilen bedeniňizi ösdürmäge peýda berer emma Enki-de programmada günlik maşklar, kod tejribeleriňizi ösdürmäge peýda berer.
Enki programmirleme dünýäsine täze başlaýan kişilerden, tejribeli kişilere çenli goldaw berýär. Eger programmirlemä täze başlaýan bolsaňyz, JavaScripte başlamazdan ozal web tilsimady öwrenmek üçin Enkini ulanyp bilersiňiz
Enki Android:https://play.google.com/store/apps/details?id=com.enki.insights
Enki iOS:https://apps.apple.com/tr/app/id993753145
2.Grasshopper
Bu sanawdaky birnäçe dili özünde jemleýän başga programmalaryň tersine, Grasshopperda diňe JavaScript dili bardyr.
Bu ýerde wagtal wagtal iňlis dilinde JavaScript barada täze kurslar goşulýar.
Android:https://play.google.com/store/apps/details?id=com.area120.grasshopper
iOS:https://apps.apple.com/tr/app/id1354133284
3.SoloLearn
SoloLearn bilen C, C ++, Java, JavaScript, PHP, Python, Ruby, Swift dillerini öwreniip bilýärsiňiz.
SoloLearn hem durnuklylykly bir görnüşde dowam etmek üçin öwrenmegi bir oýuna öwürýär. Ýagny bu ýerde öwrenýän wagtyňyz ball we üstünlikler gazanyp bilýärsiňiz. Goşmaça başga ulanyjylar bilen ýaryşmak üçin funksiýa goşulypdyr.
Android:https://play.google.com/store/apps/details?id=com.sololearn
iOS:https://apps.apple.com/tr/app/id1210079064
4.Hopscotch
Bu programma diňe çagalar üçin niýetlenilen diýip pikir edip bilersiňiz. Programma häzirlikçe diň iOS telefonlar üçin bar. Programmadaky maksat bir näçe minudyň içinde programma ýa-da oýun ýasamak üçin döredilipdir.
iOS: https://apps.apple.com/tr/app/id617098629
?
?
???
????
gaty gowy
May in this programme medical factories? please answer me???
henizä ulanamok.Ulansam we peýdaly bolsa aýdaryn
ervet dal?
hic zadada du$unmedim bir tennde gymmat $u yazan zatlan
mana jogap berayin men indi sertifikat alyp bilermikam solo learn diyen programmada sorag jogap alysdym men jogap berdim owrendim son sertifikat diyip yazylgy dur ony acdym indi getirip berermika
men sertifikat alarmykam
govy maglumat haladym?
govy maglumat haladym?spasiboo
govy maglumat ?spasiboo
niresi peydaly sonyn ?
+99361761503