Adamzat hemişe informasiýalaryň içinde ýaşaýar, daş-töweregi gurşap alan dünýäden informasiýalary duýuş organlarynyň kömegi bilen yzygider alýar we bellibir bölegini öz ýadynda saklamaga çalyşýar, pikirlenmek arkaly informasiýalary seljerýär we beýleki adamlar bilen pikir alyşýar.
Maglumatlar bazasy (MB) – munuň özi özara baglanyşykly guramaçylykly toplanan, kompýuterleriň ýadynda we daşky maglumat göterijilerde uzakmöhletleýin saklamaklyga we yzygider peýdalanylmaga we täzelenilmäge niýetlenilen maglumatlardyr.
Haýsydyr bir okuw mekdebiniň maglumatlar bazasyny göz öňüne getireliň. Maglumatlar bazasynda okuw mekdebi barada ähli maglumatlar saklanylýar:
- Okuw mekdebiniň ýerleşýän salgysy;
- Okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary;
- Okuwçylaryň sanawy;
- Doglan seneleri;
- Ýaşaýan salgylary;
- Okaýan synplary;
- Dersler boýunça alan bahalary;
- Okadylýan dersler;
- Okuwçylaryň ata-eneleri baradaky maglumatlar;
- Uçurymlar barada maglumatlar;
- Telefon belgiler we ş.m
Kompýuterde Maglumatlar bazasyny döretmeklik üçin Microsoft Access programmasyndan giňişleýin ulanylýar. Bu programmada maglumatlaryň islendik görnüşini döredip, ony kompýuteriň ýadynda saklap bolýar.
Indi bolsa, MS Access programmasynda kiçijik maglumatlaryň toplumyny döredeliň. Bu maglumatlar bazasynda Uçurymlar barada maglumatlar ýerleşdiriler.
Ilki bilen biz, MS Access programmasyny açyp, täze açylan penjirede «Пустая база данных» düwmesine basyp, maglumatlar bazasyny atlandyryp «Создать» düwmesine basmaly.
Ondan soňra täze açylan penjiräniň çep böleginiň iň ýokarsynda (suratda göz çyzyk bilen tegelenen) «Режим» – «Конструктор» bölümi açmaly.
Täze açylan penjirede tablisany atlandyryň, onsoň tablisada ýerleşdirjek maglumatlary ýokarky bölekdäki «Имя поля» ýere ýazyň, onuň gapdalyndaky «Тип данных» bölekde girizjek maglumatynyň görnüşini saýlaň. Meselem, “Tertip belgi” bölegini tablisa goşsam, onuň görnüşine «Счетчик» diýip belgileýän. Şeýlelikde, programma awtomatiki ýagdaýda girizýän maglumatlaryňyzy tertip san boýunça ýerleşdirer. Eger “Doglan senesi” bölegini goşsaňyz, onda “Дата и время” görnüşini saýlaýaňyz. Şeýlelikde bu tablisa diňe sene ýazyp bolýar.
Biz tablisa goşjak maglumatlarymyzy atlandyryp, olaryň görnüşini saýlanymyzdan soňra, «Режим» – «Таблица» düwmesine basyň we “Сохранить” düwmesine basyň.
Şeýlelikde biz, gerekli maglumatlarymyzy tablisada dolduryp bilýäs. Maglumatlary kompýuteriň ýadynda saklamak üçin “Сохранить” düwmesine basyň.
Bu günki tema peýdalymy? Pikiriňi teswirlerde görkez.
yzyny goýmagyňa garaşýas
Salam admin. Men hem Owrenmela peydaly tema goyup bilerinmi?
blogger den nadip.pul almalydygyni.bilyan.bar bolsa gayrat edip.dusundirip.berayinda allan.haky un imo.da men.+99361113919 gayrat edin
super. Googlede bir zat hakynda maglumat almak ucin( diagramaly we suratly) in gowy web sahypa. Inlisce hem bolyar.
jogabynyza garasyan
men esasy maglumaty almak ucin sagatlap wagtymy gidiryan. munun cozuwi …
admin sen.den ulakan hayys ba disk dan.fleska nadip windows oklamaly ya instegram my nadip govi islemeli
Accessde nädip kontakyt doretmeli nädip zapros döretmeli we şm zatlary doly yazmagynyzy haýyş edyarin
boljak ýone doly dal. Forma we hasabat doretmeklik barada yok
gaty gowy
Men maşgalamy söýýan
Minnetdar,gerekli mowzuk! Alla ýalkasyn kömegñize,diñe üstünlik hormatlym!
Mekdep okuwçylary barada ýazylan barbolsa gerekdi taýyny ýokmyka
ssg bolun gyzykly tema ucin
wort burada basgda zat yazayynda owrener yaly
Forma b/n hasabat hakynda yazylmandyr
peydaly sagja bolun
access barada soraglary goyup bilersinizmi?
beren maglumatlarňyzy kopia edip bolanok, türkmençe şonsyzm kän mäglumat tapyp bolanok sizem düzen app-ňyzy just read edipdirsiňiz(
öran peydaly tema, ýenede şular ýaly temalardan garaşýas.
Köplenç Kompyuter,layfhaklar,reseptlar, goýarsyň diyip umyt edyas