Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men şu gün size Microsoft Excel-de diagramma gurmagyň usullaryny öwretjek.
Microsoft Excel – bu ofis programmalarynyň arasynda meşhurlyk gazanan programmalaryň biri bolup, ol dünýäniň iri we kiçili ofislerinde giňden ulanylýar. Microsoft Excel-i esasan hem, ekonomika ugry boýunça işleýän adamlar giňden ulanýarlar. Meselem, ekonomistler her iş gününde, müňlerçe hasabatlary taýýarlap, hasabatlary boýunça iri we kiçili konferensiýalarda çykyş edýärler. Olar öz hasabatyny has aýdyňlaşdyrmak üçin, Microsoft Excel programmasynda diagrammalary gurýarlar. Ýagny, diagrammalaryň üsti bilen olar öz hasabatyny açyk düşündirip bilýärler. Diagrammalar hem birnäçe geometriki şekilleriň üsti bilen ýasalýar we olary şeýle toparlara bölýärler:
- Gistogramma
- Grafik
- Tegelekleýin diagramma
- Çyzyklaýyn diagramma
- Çäkleýin diagramma
- Nokatlaýyn diagramma
Esasan hem şu ýokardakylar has giňden ulanylýar. Geliň indi, diagramma nädip gurmalydygyny öwreneliň. Biziň şu günki taýýarlamaly hasabatymyz “05.12.2017 şu senede okuwçylaryň okuwa gatnaşygy barada hasabat”. Bu hasabat esasan hem mekdeplerde taýýarlanýar. Bu hasabaty taýýarlamazdan ozal biz mekdepde umumy synplaryň sany we olarda okaýan okuwçylaryň jemi sanyny bilmeli. Bu maglumatlara görä biz hasabat taýýarlap bilýäris.
Indi bolsa hasabaty taýýarlamak üçin Microsoft Excel programmasyny açmaly.
- Programmany açanymyzdan soňra, boş öýjüklerinde synplary, synplardaky okuwçy sanyny we şol synplardaky şol günki okuwa gatnaşan okuwçylaryň sanyna ýazmaly.
2. Ähli maglumatlary programma girizenimizden soňra, maglumatlary bölüp aýyrmaly. Ýagny, maglumatlaryň başlanýan öýjüginden, onuň gutarýan öýjügine çenli bölüp aýyrmaly. Bölüp aýyrmaklyk üçin, syçanjygyň çep gulajygyny basyp durmaklyk bilen ýerine ýetirilýär. Meselem, meniň taýýarlan hasabatymda men maglumatlary “A4” öýjükden başlap “D24” öýjüge çenli bölüp aýyrdym.
3. Maglumatlap bölüp aýranyňdan soň, programmanyň “Вставка” – bölümine geçip, şo taýdan diagramanyň görnüşini saýlap diagrammany gurup bileris. Men öz hasabatymda grafikleýin şekilde diagramma gurdym.
Ine şeýlelik bilen biz diagramma gurdyk. Bu günki tema siziň üçin gyzykly bolandyr diýip umyt edýän. Üstünlik arzuw edýän!
Eger sizde sorag ýüze çykan bolsa, onda men bilen habarlaşmak üçin:
E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com
sagbolun kop kop sylagynyz ucin
SALAM ILHAN DOWRANOV SIZDEN ULY HAYYS
YOU TUBE-DÄKI VIDEOLARY NADIP TELEFONA YÜKLÄP BOLYAR JOGABYÑYZA SABYRSYZLYK BILEN GARASYAN AGZALARA DEGISLI
gowyy dushundirilipdir superr
superr
Perhat sizin soragynyza yakynda temamsa jogap berjek.
Teswirleriniz uchin kop sag bolun!
Internet skorostyny nadip goterilyar sizden hayys edyan hic zat skachat bolonoklay
Gaty gowy tema
Üstünlik Owrenmeli programistlerine
.
admin Excel de bir hat yazyan we sol haty nomerden sms gideer yaly nadip edip bolya rucnoy basmaly
123,45 shuny «Bir yuz yigrimi uc manat 45 tenne» diyip yazar yaly nahili edilyar
salam admin. you tube dan wideo telefona nädip skaçat edip bolýa.
jogaba garaşýan
Ýazar ILHAN DOVRANOV sag bol. Ýazylyşy, düşündirilişi barada söz ýok. Örän gowy. Gynandyrýan ýeri dowamly däl. EXCEL-den, WORD-dan, ACCESS-den 1-2 tema. Köpden bäri saýta girýän weli üýtgeýän zat ýok.
Men Täçdurda Microsoft Office, esasan MS EXCEL-e degişli temalary yzygiderli saýta berip biljekligim barada teklip edipdim.
Sanlary söz bilen türkmen dilinde ýazmak isleýänler, umuman MS EXCEL bilen gyzyklanýanlar bar bolsa, kömek edip biljek. E-poçta: h.gowshudow@yandex.ru ýazyp bilersiňiz.
sagbol excell barad yene maglumatlara garasyan
minnetdar
polis.
onun yaly okatmak ucin katip programmany ustanowks etmeli gerek bolsa habarlash owredeyin. murat_formen@mail.ru
wow menem mynyaly has kop maglumat bilemokdym