
Bilşimiz ýaly geçenki ýazgylarymzda LINE-da web saýtdan stiker ýasamak hakynda öwrenipdik. LINE kompaniýasy ýenede bir täzelik çykardy. Indi Stikerleri telefonyňyzdan ýasap göni iberip bilýärsiňiz. Programmanyň dili häzirlikçe ýaponça, emma LINE ýakyn günlerde beýleki ýurtlaryň dillerini goşjakdygyny mälim etdi. Programmada her dürli stikeri ýasamak mümkin ol öz tejribäňe baglydyr. Mysal üçin diňe tekst görnüşünde ýada haýwanlaryň göni suratyny çekip ýüzüne hat hem ýazyp bilýärsiňiz.
Programmanyň ulanylşy:
- Programmany iň aşakdaky linke basyp alyň we telefonyňyza gurnaň.
- Öz line hasabyňyzyň üsti bilen içeri giriň.
- Stikeriňizi ýasaň.
- Iberiň
Ilki bilen programmany telefonyňyza gurnaň we açyň. Programmany açanyňyzda garşyňyza aşakdaky ýaly penjire geler. Siz Start düwmesine basyň, içeri gireniňizden soňra + düwmesine basyň.
Soňra Stikeriňizi adyny ýazyň. Sag tarapdaky penjirede bolsa + düwmä basyp stikeriňizi ýasamaga başlaň.
Eger Stikeriňizi telefondan ýasmak isleseňiz Galam şekiljige basyň.
Galama gireniňizde aşakdaky ýaly penjire geler. Eger Telefondan galam bilen çyzjak bolsaňyz Galama, Tekst ýazmakçy bolsaňyz T harpa basyň.
Stikeriňizi çyzanyňyzdan soňra OK düwmesine basyň. Ýokarda çep tarapda.
Ýokardaky çyzgyň üstüne tekst goýmak üçin T harpa basyň we tekstiňizi ýazyň, OK şekiljige basyň.
Taýýar bolandan soňra ýene OK şekiljige basyň. Ýokarda çep tarapda.
Stikeriňizi paketiň içine goşuň. Şeýdip ýeke ýekeden Stikeriňizi ýasamaly. iň köp 40 sany iň az 8 sany ýasap iberip bolýar.
Indi bolsa suratlardan kesip stiker ýasamany öwreneliň. Bu gezek ikinji duran şekiljige giriň.
Telefonyňyzyň galeraýasy açylar islän suratyňyzy saýlaň we aşakdaky ýaly kesiň we OK basyň.
OK basanyňyzdan soňra aşakdaky ýaly penjire geler. Eger suratyňyzy goşmaça zatlar goşmak isleseňiz aşakdaky funksiýalardan peýdalanyň. Taýýar bolandan soňra Ýokarda sag tarapdan Ýaponça söze basyň.
Kompýuterde Paintdan ýada başga bir surat çyzylýan programmalardan çyzyp ibermek isleseňiz, kamerany ulanyp bilersiňiz. Kamera şekiljige basyň.
Taýýar çyzgyňyzyň suratyny çekiň we kesiň.
Soňra ýokarda çep tarapda duran Ýaponça söze basyň.
Ähli stikerleriňizi ýasanyňyzdan soňra iberiň. Onuň üçin Suratdaky gyzyl çyzykly görkezilen ýere basyň.
Bu ýerden Stikeriňiziň sanyny bildiriň.
Satjak stikerleriňizi saýlaň.
Soňra Marketde baş sahypada görkeziljek suraty saýlaň we aşakdaky düwmä basyň.
Bu ýerden bahasyny Öz adyňyzy düzedip aşakdaky düwmä basyň.
Yz ýanyndan hem ýene aşakdaky düwmä basyň.
Düzgannamany kabul ediň. Ok şekiljigine bellik goýuň we daşy çyzykly düwmä basyň.
OK düwmä basyň. Soňra Stikeriňiz barlanylmaga başlar. Stikeriň kabul edilip edilmezligi hakynda size bildiriş geler.
Programmany şy ýerden alyp bilersiňiz: Göwrümi 16MB http://link.tsoltanov.com//33
TSOTLANOV APPS: https://goo.gl/ov2UPJ
ÖWRENMELI LINE@: https://goo.gl/GAUHbA
salam admin gowmy you tube däki vidiolary nadip almaly şol barada maglumat bera
Internet bolumunde bardyr. Nahili almadygy hakynda https://blog.tsoltanov.com/internetden-video-indirmek/
admin bu pro internetli ishleyami
admin hayys komek eday da skacat edip bolanokda tel j1 2016
admin men telim yuklanoklay
Bet ekenay mena yasadym stiker yone sahranit edip bolonok internet pes bolup dur.Dusunmedikler Line ide yazayyn line id:dayko.music
Admin jogaplayda, Satlyga cykaranda hic hili hasap gerek dalmi, ya mundan ozalky temalara seredip paypal registrasiya etmelimi? yada programmadan hasap acyp programma pul dushurip bolyamy? 2.nji sorag: Yasan stikerimi hemme alar yaly mugt goyubam bolyamy?
Ady Yok Hormtly Agza sticker mugt edip balonok in az 50 monetlik edip bolya
Admin, ýene bir soragym, azal hic hili hasabyn yok bolsa, sticker yasamak bilen meshgullanmadyk bolsanam goni girip yasap satyp bolyamy? pul dusher yaly hasap achmalymy? nadip achmaly? nadip hasaba dusher yaly etmeli?
&$(@@))//
Adam bolalyn
visa,master cart hokman gerekmi
Admin men registrasiya boldum, sticker yasadym 16 syny, olaram ugratdym, shuwagt barlagda, kabul edilenson shony satyn alsalar mana nadip pul gecip bilya, paypal acyp bolanoga ol dine dashary yurtda ishleya oydyan
salam admin line creatoryn dili uytgemedimi
Dogry paypal açyp bolanok biziň ýurdumyzda ýone Paypal açyp bolýa habatlashmak ün adres goýaryn tiz wagtda nesip bolsa :)))
menin sticker ugradanyma uje 5 gun boldy emma jogap gelenok lineden kabul etdigem etmedigem diyenok, entagrm OJIDANIE OBZORA diyip dur
tmb
OZ AWTRITETIN UCIN DOSLARYNY KICELTME
admin lineda akaunt db edip bolanok etjek bolsam awtomaciski browser acylya we bir topar yazgy cykya sul hakda yazay admin hayys
cart gerekmi on un.yada paypal yaly yorite prg lar bamy.pul nadip almaly zat etmeli aytda o yerlernem
men yasadym weli layndan tapyp bilemok oz stikerimi
line su wagtlaram isleyamina?
Pikir Salam admin! bu zatlar öwrenmek üçin öran oňat.Şeýle türkmençe düşündirişler köp bolsa, onda biziň zehinli ýaşlarymyz oňat
suratlary (stiker) bejerip, boş wagtlaryny peýdaly geçirerdi! Sag boluň, işiňiz rowaç bolsun!