Kompýuterde paroly unutdym näme etmeli?
Soragyň jogaby kimine görä çylşyrymly kimine görä sadadyr. Kompýuterde parol goýup soňam unydanlar köp duş gelýändir, diňe unutmak dälde eýsem başga ýalňyşlyklar bilen parol goýup açyp bilmeýänlerem bardyr. Käbirleri kompýuterdäki paroly unudyp kompýutere täze Windows gurnaýar. Bu bolsa siziň maglumatlaryňyza zeper ýetirýär. Ýagny Windows ýüklenende ähli gerekli maglumatlaryňyz ýitýär. Bu ýazgymyzda bolsa size iň aňsat ýol bilen, parol goýulan kompýuteri nähili açmalydygy hakynda giňişleýin hödürledik.
Ilki bilen kompýuteriňize Windows 7 diskini salyň. Soňra kompýuteriňizi öçüriň we açyň açan wagtyňyz hem klawiaturadan F12 ýa-da ESÇ düwmesini basyň. Bu kompýutere görä üýtgäp biler. Gepiň gysgasy siz Windows 7 diskini Boot arkaly açmaly. Açanyňyzdan soňra Suratdaky ýaly penjire görersiňiz. Siz daşy gyzyl çyzykly bolana basyň.
Soňra yz ýanyndaky penjirede hem daşy çyzylan ýere basyň.
Onsoň, açan programmaňyz geler siz ol ýere edil bolşy ýaly şu ýazgyny ýazyp Enter basyň.
copy c:\windows\system32\sethc.exe c:\
Enter basanyňyzdan soňra çykan ýazgylary ünslije okaň soňynda 1 File copied ýazgysy barmy. Bar bolsa dowam ediň. Indi bolsa ýaňky ýazyşyňyz ýaly şu ýazgyny ýazyň.
copy c:\windows\system32\cmd.exe c:\windows\system32\sethc.exe
Surata serediň we siziňki bilen deňmi. Eger deň bolsa kompýuteriňizi öçüriň we diski çykaryň.
Kompýuteriňizi açyň, we parol soraýan penjire açylýança Shift düwmesine çalt çaltdan basyp oturyň. Parol soraýan pnjire açylan ýagdaýynda aşakdaky ýaly bolmalydyr.
Indi bolsa ýokardaky ýazyşymyz ýaly bu ýere hem text ýazmalydyr. Ilki şu ýazgyny ýazyň we Enter basyň.
Siz net user geek ýerine kompýuteriňiziň adyny ýazyň MyNew Password ýerine bolsa bir parol ýazyň.
net user geek MyNewPassword
Aşakdaky surata serediň. Ýazyp Enter basanyňyzdan soňra The command completed successfully ýazgysy çyksa parolyňyz üýtgedigidir. Soňra bolsa göni ýokarda parol ýazylýan ýere ýaňky MyNewPassword ýerine ýazan sözüňizi ýazyp komputeriňizi açyň Şeýlelik bilen kompýuteriňiziň parolyny üýtgetdiňiz.
Eger düşünmedik ýeriňiz bolsa forum.tsoltanov.com ýazyp bilersiňiz.
normalny sps admin
salam admin mana komegin gerek zerur admin bos wagtyn 69872723 jan edip ocurayde hayys admin
gowy pikir ýadyndan çykarýanlar üçin, administrasýa üstünlik! ?
salam doslar !
salam admin !
şu temany acyp onarypsyñ admin yone kabir yalnyşlyk parol goyanynda dili inlis dili öcurip acanynda bolsa rus dilde bolya yone şol sebapli Windows tazelemeli bolyalar şonyaly ýagdaýda unisli bolmaly calt pikirlenmañ mende şonýaly ýagdaý boly ýone indi dilini uytgetyan sagbolyñ
@admin officalny akaundyn parolyni yitirende nadip tapyp bolar sho hakdada yazyp bersene
@admin WIFI parolyny nadip dowmeldigini owreday
Gayrat et @admin!!!
саг бол!!!
in ansat usuly hem bar yorite windows parolyny ayyryan programma
paroly yadyndan cyksa yadyna dusunca pikirlenmeli
sag bol
admin saooo janyn sag bolsun
shol win diske derek windowsly fleshka goysanam bolyamy?
Admin senin bn nadip hawarlashmaly menem programmer de okayan birki sany duzen duzen turkmen dilinde programma oyunlarym bar hawarlashalla bir zat edip
govy gerekli maglumat
salam menin windowsym 10 onda name etmeli???
Salam admin gowy zatlar hayysym ba inlis rus dili un owrener yaly zatlar goyayda
salam admin
bu usul biraz kyn damay?. admin avtomat dowyan programmalar bar. iso gornushde ba. boot’yn ustu bn ansatjak dowup bolya?. buda gowy. yone has ansatlashdyrsan….
sogbol!!!!! maglumat ucin
saol bratok. gaty gerekli zady aytdyn
ыфьынл
sagbol admin bu maglumatlar ucin
admin senden hayys telefona root nahili yuklenyar su belge yazay hayys 65053950
admin salam ilki bilen!
/men bu blogyna o diyen kanagatlanmadym sebabi cmd.da yenede birnache yol bilen paroly ayyrmak mumkinchiligi bar hich hili *pe*siz we *disk*siz… /bashgada aytmaly zadym blokda beyle maslahatlary chykaryarsynyz welin kabirleri cracker bolmagynada sebap bolyanynyzy dushunyarsinizmi?!
???
Salamwaleykim ADMIN You-tube kompyutere nadip girip bolyar komek edeyda please