Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size kompýuteriňizi “Petya.A” wirusyndan gorap saklamagyň aňsat usulyny öwretjek. Eýsem bu wirus nähili?
Petya.A – bu 2017-nji ýylda has ýaýran internet wiruslarynyň biridir. Bu wirus başgaça NetPetya diýip hem atlandyrylýar. Bu wirus diňe Windows platformasy arkaly işleýän kompýuterlere täsirini ýetirip biler. Bu wirus haçanda kompýutere aralaşanda ilki bilen, kompýuteriň gaty disklerini kodlaýar, ýagny siziň ähli faýllaryňyz, gutylaryňyz (papka) elýeterli bolmaýar. Bu wirus ähli faýllaryňyzy kodlandan soň, ol faýllaryňyzy yzyna gaýtaryp bermeklik üçin bitkoin kursynda pul möçberini soraýar. Ýöne, pul tölegide size hiç hili kömek edip bilmez.
“Petya.A” wirusyndan nädip goranmaly?
Petya.A wirusyndan goranmaklygyň aňsat usuly bar. Onuň üçin aşakdaky görkezmeleri yzygiderlikde ýerine ýetirmeli.
- “Блокнот” programmasynda, boş tekstli faýlyny döretmeli.
- Faýlyň adyny “perfc” ýa-da “perfc.dll” diýip ýazmaly.
- Faýly, C diskyň “Windows” papkasyna goýmaly. “C:/windows.”
- Faýla diňe okamaklyk üçin hukugyny bermeli.
Bu tema peýdalymy? Bu temany dostlaryň bilen paýlaş, dostlaryňam öwrensin.
Oran gowy sagbolun! isinizde ustinlikler!
Sagbol admin gowymaslahat
salam ilhan aga imoda ljne-daky yaly ofisalny akkaunt döredip bolarmy jogabyñyza garasyan
name ucin virus kodlarny(ummuman gyzyl zatlar bara suratdagyny aytyan) men aytjagym sol zady name ucin televizordakyny gorkezdiniz!? ony kompitorda korkezseniz bolmayarmydymmy!?
nahili televizor? kompyutera ol. perhat imoda ofisial akkaunt yoredip bolmaya
salam. Mende fleska zat geçireninde zadyn ýarlygyny doredýän we zady skryty edip gizleýän wirus bar ony nädip aýyrmaly.
Yhlas men shol wirusy USBFIX diyen prog bilen ayyrdym
bratok mana diskdan fleska windows oklansyny owredip bilmezmisin ya bolmasa ozel dosya wirusy pozulsyny esasy gerekzatda so mana
jogaplarynyz üçin minnetdar
name edyar sho kody bloknoda yazyp goysan?!
nahili ishleyer ya komek edyar?!
salam