Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu günki mowzugymda men size Internediň tizligini nädip barlamalydygyny öwretjek.
Siz Internet ulanýan bolsaňyz, onuň tizligi sizi gyzyklandyrýandyr? Geliň internediň tizligini nädip ölçemelidigini öwreneli! Munyň üçin biz web serwislerden, ýörite programmalardan peýdalanmalydyrys. Biziň birinji etmeli işimiz kompýuteri tertipleşdirmelidiris.
Internet tizliginiň barlagy üçin kompýuteri taýýarlamak.
- Brauzerlerdäki ähli penjireleri, kompýuterde işleýän ähli programmalary, torrentleri, umuman aýdanda internet arkaly işleýän ähli programmalary ýapmaly.
- WiFi ulgamyna diňe siz birikmeli. (Maşgalaňyz wagtlaýynça WiFi ulanmaly däl)
- Routere kabel arkaly birikmeli.
Ölçeg birlikleri.
Girýän tizlik (Download Speed) – internetden faýllaryň ýüklenýän tizligi. Megabit/sekuntda ölçelýär. Bu esasy ölçeg hökmünde ulanylýar. Ýagny, başgaça internet tizligini aňladýar. (128 kbit/s, 256 kbit/s, 1Mbit/s …)
Çykýan tizlik (Upload Speed) – internede ýüklenýän faýllaryň tizligi. Bu tizlik näçe ýokary bolsa internede faýly hem şonça tiz ýükläp bilýäňiz.
Ping – jemi wagt hasaby, ýagny internediň çykyp, girýäniniň jemi wagty. Millisekuntlarda ölçenýär. PING näçe az bolsa, internet hem şonça tiz işleýär. Adaty PING-iň bahasa 50MS-a deň.
Internediň tizligini ölçemek.
Başda belläp geçişim ýaly, internet tizligini barlamak üçin ýörite web serwisler we programmalar gerekdir. Onuň üçin men sizi birnäçe web serwisler we programmalar bilen tanyşdyrmakçy.
Fast
http://fast.com – bu ýörite web serwis bolup, internediň tizligini ölçemek üçin ulanylýar. Bu ýönekeý we aňsat işleýän web serwisleriň biridir. Salgy boýunça saýty açanyňyzda, derrew barlag başlanýar. 1-2 minutdan soňra web serwis size siziň internediňiziň tizligini görkezýär.
Speed Test
http://beta.speedtest.net/ru– bu hem ýörite web serwis bolup, internediň tizligi hakda doly maglumat berýär. Salgy boýunça saýty açanyzyňda TurkmenTelecom ISP diýip serweriň ady çykar. Ýagny, biziň ulanýan internedimiziň serweriniň ady.
Ine şu web serwisleriň üsti bilen biz internedimiziň tizligini ölçäp bileris. Ýatda saklaň, bu web serwisler size doly anyk tizlik görkezmeýär, oňa ýakyn tizligi görkezýär. Ýöne siz hakyky tizligi anyklap bilersiziňiz. Onuň üçin matematikadan başyňyz çykýan bolsa, orta arifmetik bahany hasaplamalydyr.
androidyñky ýokmy?
Telefonda nadip olcemeli Wifi internediñ tizligini
telefonda hem hut sheyle olchenyar
Wi-Fi wzlomat etýän programma barada ýazaýda androidda. Wps connect Wps Tester hemmesini döwenoga.
Admin mana ru domen gerekdi alyp berip bilyañizmi!?
dovranovovrenmeli@gmail.com shu pochta yazay
nädip öwrenmeli saýtynyñ ýazyjysy bolmaly
Menin kompyuterimde Wifi cykanok
gowy
torrent işlemese nämetmeli
Men bu mowzugy örä haladym. Emma meniñem Mowzuk goşasym gelyärda. Kömek etip bilermisiñiz?
haysy kompyuterlerde imo açup bolyarka?
gowy pikir