Bilşimiz ýaly islendik maglumat göterijiden (HDD, fleşka) bozulan faýlylary ýörite programmalaryň kömegi bilen dikeltmek mümkinçiligi bardyr. Islendik operasiýa ulgamda faýly ýada papkany pozan wagtymyz gysgaça aýdanyňda ol barada maglumat bozulýar we şol sektory täze maglumatyň ýazylmagy üçin boş diýip belläp goýýar. Emma faýlyň asyl nusgasy diskiň ýa-da fleşkanyň ýatda saklan sektorynda şol sektora täze maglumat ýazylýança galýar. Şonuň üçin hem ýörite programmalaryň kömegi bilen şol sektorlary barlap faýlary dikeltmek mümkinçiligi döreýär.Meselem siz ulanýan fleşkaňyzy ýa-da diskiňizi içindäki maglumatlary pozup ýa-da formatiwläp başga birine satmak islediňiz. Diskiň täze eýesi siziň maglumatlaryňyzy dikeldip öz haýryna ulanmak mümkinçiligini alyp biler. Islendik maglumaty dikeldip bolmaz derejede pozmak üçin bozulan faýlyň ýerine hökmany suratda başga maglumat ýazylmagy zerurdyr. Ony siz ýörite programmalaryň kömegi bilen ýa-da özbaşdak hem edip bilersiňiz. Özbaşdak etmek üçin maglumat göterijileriň işleýiş prinsipini bilmezden etmek mümkinçiligi ýokdur. Şonuň üçin ýörite programmalaryň kömeginden peýdalanmak size has aňsat bolar. Şeýle programmalaryň biri hem FileShredder-dir.Bu programma işlemek üçin has aňsat interfeýsi we göwrüminiň kiçiligi bilen tapawutlanýar. Bu programmany siz internet giňişliginden gözläp tapyp bilersiňiz.Programmany kompýutere gurnap açanymyzdan soňra ekrana aşakdaky penjire çykar.
Bu penjireden biz pozjak bolan faýlymyzy ýa-da papkamyzy saýlamak üçin ýokarda suratda görkezilen ýere basmaly.Basanymyzdan soňra aşakdaky penjire çykar
Bu penjireden bozjak faýlymyzy saýlap Открыть knopka basmaly.
Basanymyzdan soňra aşakda suratda görkezilen ýerden bozulan faýlyň ýerine näçe sapar maglumat ýazyp bozuljagyny bellemeli. (5 sapardan köp goýmak hökman däl)
Soňra Уничтожить файлы düwmesine basmaly.
Maglumaty pozmak maglumatyň göwrümine we kompýuteriň tizligine görä birnäçe wagt alyp biler.
Şeýlelik bilen biz islendik maglumatymyzy dikeldip bolmajak derejede pozup bileris.
Yazan: Forum agzasy https://forum.tsoltanov.com/u/Blablabla
gowy maglumatlar. minnetdar kop kop…
Admyn maslahatyn ucun sagbol yenede garasyan tazeliklere
sizden owrenere zatlar gaty kan
♡
v
ok
gaty govy
gaty govyyy
gaty gowy kop kop sagbol admin
kompuyuter ucin vpn barada ginisleyin yazayynda
Gaty govy sag bolyñ
kop zat öwrendim
SPS KÖP KÖP?
SPS KÖP KÖP
gowy eken forumy acyp bolanok acyp bolmazmy
forumy acyp bolmayamy
forumy acyp bolmayamy.
admin foruma girenoga ähli temalar invalid diýip dur
Foruma goşulyp bilemok, произошла ошибка сети diýen ýazgy çykýar. Web görnüşi hem açylanok.
Salam ! örän peýdaly maslahat! sag boluň!
Admin, işleriňize berekella! Mendenem bir haýyş bardy, kompýuterde pozlan faýllary yzyna alyp bolýan programmalar ýokmy? Ýöne, menem barşadym, “R-Studio, Recua” we ş.m programmalar bilen. Olar açýar, ýaňy-ýakynda ýiten faýllary. Meňki bolsa ýitenne 4 ýyl gowrak wagt boldy. Maşgala suratlarymy, wideolarymy ýükläpdim. Pozlanna köp wagt geçen faýly açýan prog ýokmuka?! Kömek etseňiz gaty minnetdar bolardym Admin! Başgada, men ýaly kösenip ýörenler kändir.
Bu programma dine pozjak bolyan fayylyny yzyna dikeldip bolmaz yaly edya. On bu programma ulanylman udalit edilen zatlara bu programma hic hilli komek edenok!
parol uygetmek
salam men j3 2016 telefonymyn ickinekrany dowuldi indem yuzu gorkezenok yone isleyar, men telin icindaki suratlary kontaktlary almak isleyarin nadip alyp bolarka?
salam men j3 2016 telefonymyn icki ekrany dowuldi yuzi gorkezenok yone isleyar indi telefonymyn icindaki suratlary kontaktlary nadip alyp bolarka?
Salam. Eger kompyuter bar bolsa ahli zatlary yzyna alyp bilersiñiz. Kompyutere usb kabel bilen telefonyñyzy çatyp suratlaryñy alyp bilýañ. kontaktlary almak üçin ýörite programmalar bar. forum.tsoltanov.com sayta girip sorag açyñ giñişleýin jogap bereriz
MacBook ses cykanok wapse aydym video gormekci bolanda…a kompyiteri ishledeninde ses cykya…nameden???name etmeli….doganym windowsy tazeden ustanavit edip gordi..draywerinem tazeden etdi yone bolanok diydi
MacBook kompda ses cykanok opshi namedenka??
yjjh
salam. kompyutere ustanowka edilen programmanyn ustanowkasyny nadip kopyalap bolyanyny bilyaniz bar bolsa komek edayin. telefondaky programmalary kopyalanshy yaly
Myhman siz şony funksiýadan kopiýalap göräýiň
Köýen çipdaki suratlary alyp bolarmy?
Slm admin fleshkadaky klipleri pozup bolonok nadip pozulyarka/?
kompda nm vpn isleyaraaa
men kompyuteri onarmyn bozup goydum indi neme etmeli komek edin hayys