Häzirki wagt fotoklip döretmekde birnäçe programmalar hyzmat edýär.Dogrusy bu babatda birnäçe mobil programmalary hem bar.Ýöne biz size kompýuterde nädip aňsatlyk bilen fotoklip ýasap bolýandygyny öwrederis.

Fotoklip ýasamakda ProShow Producer programmasy ýönekeýligi we aňsatlygy bilen tapawutlanýar.Munuň saýasynda HD formatda islendik möçberdäki (surat sany) suratlary fotoklibe öwrüp bileris.Onuň yzygiderligi:

  1. Ilki bilen programmany kompýuterde gurnamakdan başlanýar.Programmany gurnanymyzdan soňra ýokarda birnäçe penjireler emele gelýär.Ondan File>New show buýrugyny saýlamaly.

C:\Users\begench\Desktop\12 sur.jpg

  1. Buýrugy saýlanymyzdan soňra şeýle penjire emele gelýär:

C:\Users\begench\Desktop\1 sur.png

  1. Wizard bölümini saýlap creat düwmä basmaly.Garşymyzda şeýle penjire emele gelýär:

C:\Users\begench\Desktop\2 sur.jpg

  1. Add we text bölümi. Add bölümde fotoklip taýýarlajak suratlarymy saýlap, text bölümde suratlaryň arasynda ýa-da başynda görünjek hatymyzy ýazyp bileris:

C:\Users\begench\Desktop\4 sur.jpg

  1. Bu penjiredäki işlerimizi dynanymyzdan soňra next düwmä basmaly.Soňra aýdym goýmak üçin şeýle penjire açylar:

C:\Users\begench\Desktop\5 sur.jpg

  1. Goýjak aýdymymyzy Add bölüme girip saýlap ýene-de next düwmä basanymyzda täze penjire açylar:

C:\Users\begench\Desktop\6 sur.jpg

  1. Bu ýerde biz goýýan suratlarymyzyň haýsy tema degişliligine görä effekt saýlap bileris.Biziň taýýarlajak fotoklibimiz garyşyk surat bolandygy sebäpli All effects saýladyk. Next düwmä basýarys we taýýarlygyň iň soňky penjiresi açylýar:

C:\Users\begench\Desktop\7 sur.jpg

  1. Bu ýerden taýýarlan fotoklibimize at goýýarys.Auto we Custom bölümleriniň üsti bilen wideoň hilini kesgitleýäris we Creat düwmä basýarys.Netijede fotoklibiň taýýar görnüşi ekrana çykýar:

C:\Users\begench\Desktop\8 sur.jpg

  1. Bu ýerde döreden işimizi doly taýýar bolmanka seredip bileris.Eger-de nädogry bolan ýa-da göwnüňize ýaramadyk ýerleri bar bolsa,back düwmä basyp düzedip,halan bolsaňyz Next düwmä basyp dowam edip bilersiňiz.

C:\Users\begench\Desktop\9 sur.jpg

  1. Täze açylan penjirede taýýarlan fotoklibimizi Slide list bölüminde slaýdlar görnüşinde, Timeline bölüminde wagt görnüşinde görmek mümkinçiligi bar. Slaýydlarda halamadyk effektlerimiz ýa-da effektiň gyşyk düşen ýerleri bar bolsa, şol slaýdy saýlap syçanyň ýa-da enter düwmäniň kömegi bilen onuň gurluşyna düzediş berip bolar.Şeýlelikde şeýle penjire emele geler:

C:\Users\begench\Desktop\10 sur.jpg

  1. Bu ýerden slaýyda islendik görnüşde düzediş berip bolar.Mysal üçin:wagtyny,stilini,kölegesini we effektini.Özümize ýaranyny saýlap OK düwmä basmaly we indi doly derejede fotoklibimiz taýýar.Ony PUBLISH bölümine girip dürli formatdaky wideo görnüşine, isleseňiz disklere ýazyp hem bilersiňiz:

C:\Users\begench\Desktop\11 sur.jpg

Proshow Producer programmasyny başgada birnäçe wideo ýazgylaryny seplemekde hem peýdalanyp bilersiňiz.Programmany ýüklemek üçin:

http://m.softportal.com/getsoft-21702-proshow-producer-2.html

Makala:Begenç Mälikgulyýew

1,552 gezek okaldy