Salam hormatly saýtymyzyň okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Bu gün men size keýpsizligi ýeňip geçmegiň aňsat, ýeňil ýollaryny öwretjek. Onda başladyk!
Her kimiň başyna agyr günler düşýär. Agyr günde negatiw duýgular bilen basylman ony ýeňip geçmeli. Bu aşakdaky ýönekeý nesihatlar siziň keýpsizligiňizi ýeňip geçmegi başarar.
1. Aýdym diňlemek.
Keýpsizligi ýeňip geçmegiň iň ýeňil ýoly aýdym diňlemekdir. Iň gowy görýän aýdymlaryňyzy jemläp, bir albom dörediň. Keýpsiz günüňizde, bu aýdymlary diňläniňizde, düýbünden keýpiňiz özgerer.
2. Fiziki işjeňlik.
“Bu gün keýpim ýok” diýip, ruhdan düşüp, öýe girip ýatmaly däl. Iň gowusy, deň-duşlaryňyz bilen gezelenje çykyň. Ýa-da bolmasa, ýeke özüňiz, iň gowy görýän ýeriňize gidip, biraz gezelenje etseňiz, keýpiňiz gül ýaly bolar.
3. Dostlaryň bilen gürleşmek.
Keýpsiz, ruhdan düşen wagtyňyz, dostlaryňyz siziň derdiňize derman bolup biler. Dostlaryňyz bilen kafe girip, stol başynda gürrüň geçirseňiz, keýpsizligiňiz gaçar. Hiç bolmanda dostuňyza jaň edip gürleşiň. Bu hem size kömek eder.
4. Gülmäge sebäp gözläň.
Keýpsiz günüň hiç gülesiň gelýän däldir. Ýöne şol gün hem gülmäge başar. Onuň üçin sebäp gözle. Eger hiç sebäp tapmasaň onda şu ýere gir.
5. Kino görmek.
Gowy görýän kinoňy görmek hem, seniň keýpsizligiňi gaçyryp biler. Kino diýemde, gorkunç kinolar däl-de, gülkünç kinolary görseň, gowy keýpiň bolar.
6. Gowy gören zadyňy iýmek.
Iň gowy gören zatlaryňy iýmek hem seni keýpsizlikden halas edip biler. Meselem, süýjülikler, tort we şm. Eger, tort alyp, öýüňe dostlaryňy çagyryp, paýlaşyp iýseň, ýagdaýyň has hem gowulaşar.
7. Dynç almak.
Günüň agyr geçdimi? Onda ähli kişiniň söýýän zady – uklamak. Sen hem uklap dynjyňy al. Ýatan wagtyň ýagşylyk hakda pikir et. Ählizat gowy bolar.
Bu günki mowzugym size ýarandyr diýip umyt edýän. Indiki mowzukda görüşýänçäk köp sag boluň!
Mowzugy döreden: Ilhan Dowranow / Öwrenmeli blogeri
E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com
Kòp sag boluñ gowy maslahatyñyz ùcin
Ozalam bilýäs welin sag bol ýatladanyñ üçin.
Ilhan Dowranow diýip adyñy ýazýañ beýleki mowzuklarda beýlekiler nãme üçin ýazanoklar.
Ilhan, sag bol berekella !!! Gowy maslahat.
Biz nädip şular ýaly mowzuk döredip bileris!!!.
blogger bolmak isleyan admin menem bilyan zatlarimi paylaşjak
Bagysla welin bulary Hemme bilyar oydyan meni pikirimce yone Taze zatlary yazaýyn Ilhan agam we dine tehnelogiya degisli!?
Paypal hasabyña nadip pul salmaly turkmenistanda
Admin bilen habarlashyp bolmemy
Salam admin men hem siziñki yaly app yagny programma yasajak bolyan eger kyn gormeseñiz owredip gecayiñ yada siz bilen habarlasyp bolmazmy?
Adam ýaly jogap berilseda!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!
eger okuwda kyn gün gecirsen name etmeli edil şo wagt aydym dinlap bilmeris gowy goryan zadymyzy iyip bilmeris gezelenc edip bilemizok
@Yakup,ol oz problemañ
kella geljek zat dalay kop sag bol
Molodes!
hemmesi ÿalan saÿtyñ etdim ÿöne bolmaÿar
sag bol ilhan has gyzyklysyny yazda
Ylyas dgn gaharlanma
Opsam govy maslahatlar ahlisi. Yone edil sho vagt edip bolanok.
Ilhan oz ozuni reklama edip gecjegay senem yagsylyk etjekmi gowy zat owretjekmi garsylyksyz etda toparyn beyleki agzalary yaly. Bos pasyrdama bize yazyan bloglaryndada owrener yaly zat yok olaryn hemmesi elementary zatlara!
programma naili programma androidmi onda android studio skachat et youtube dan videolaryny skachat et owren sayt yasajakmy xampp jquery bootstrapp ustawnowka et youtube dan videolaryny skachat et owren ……ahli sertler doredilen:))
sag bolun
Yakubyn yazan zatlarina menem gosulyan biz okuwda wagtlarymyz name etmeli sonda da peydaly maslahat barlap gorjek
???
Çyndanam gowy pikir.
???haladym
???haladym maslahatynyz un sagbolyn
sagbolun gowy pikir yone ol zatlary dogulysdan bilyas
.
noudbuka nadip girmeli
salam admin haysy programmany ulanyp ingilis türkmene öwürup bolar
???
nadip gulmani basarmaly
erbedä däl olam gowy pikirler
Erbet pikira dall?
Ozumiz bilyas keypin nadip gowlamalydygyny name kitap yazyan yaly yazypsyn bularyn hicisem edilenok!
kim näme diyse diysin yöne gaty gowy maslahatlar .
admin imoda nädip blokdan çykmalay onam owreday kyn görmän
tuweleme,siz yaly halka komek etjek adamlar kopelmegni arzuw etyan. sag bolun.isinizde ustinlik!!!!
Molodsy
Ilhanjan agam birinda oye gecip yatman diyyan birindede yatyn diyyan naili dushunmelai
Ilhan birinde yatyn birinde yatman diyyanlai
howwa gowy pikir $ol aydym dinlemek kino gormegem gowy zat koca cykmagam gowy pikir
sag bolun
men pikirimce 1.yoly keypsiz bolmagyna sebap bolan meselani cozmeli!!
o yazylan zatlar wagtlayin gowulandyrya..))
gaty gowy
sagbolun gowy maslahatlarynyz un!
Berekella? Gowy? Cylsyrymly zatlaram owredayin
Bulardan basga-da size bir maslahat bereyin.
+ Dostlarynyzy oyunize cagyryn we telefonlarynyzda multiplayer ni oyunlary birikdirip oynan meselem (Mini Militia, Counter Strike, Masyn kuwsuk, Saska, Kust, Bilyard, Futbol we s.m.) Bulardan basgada isleginize gora durli oyunlary birikdirip oynap bilersiniz! Islerinizde ustunlik!
Gowy maslahatlar
Menje bar adamlar keyipli,shatlykly bolmaly adam negatif duygulary yok etmelide yerine pozitif dushunmeli
salam sagbolun gowy maslahatynyz uçin
salam
salam gaty gowu maslahat
molades yone birje sorog birje sorag ay booorla