Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men şu günki mowzugymda biraz internet hakda söhbet açdym. Umuman aýdanymda gündelik durmuşymyzda has giňden ulanýan Internedimiz hakda gürrüň berjek. Meselem, siz internetde onlaýn oýun oýnajak, emma siz oýnap bilmediňiz? Munyň sebäbi köpdür. Onuň bir sebäbi siziň internediňiziň tizligi hem bolup biler. Geliň şu gün şular barada gürrüň edeliň!
Internetde wideo, oýun ýa-da beýlekileri görmek, oýnamak üçin sekuntda näçe megabit internet tizligi gerek?
Häzirki döwürde informasiýa we tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde biz gündelik durmuşymyzda internetden giňden ulanýas. Soňky döwürlerde hemme kimiň öýünde diýlişi ýaly, öý internetleri (WiFi) oturdylan. Dürli tizlikde, her dürli tarifler boýunça 1 aýlyk öý internetleri satylýar.
Megabitler, megabaýtlar we beýleki tizlikler.
Islendik bir faýlyň özüniň göwrümi bolýar. Olaryň hem aýratyn ölçeg birlikleri bardyr. Faýllar baýtlarda ölçenýärler. Meselem, HD filmler 400-den megabaýtdan 1.4 gigabaýta çenli göwrümi saklap bilýär. FULL HD filmler bolsa 4 gigabaýtdan 14 gigabaýta çenli göwrümi saklap biler.
Internet tizlikleri bolsa baýtlarda däl-de, bitlerde ölçenýär.
1 baýt = 8 bit
1 megabaýt = 8 megabit
1 megabaýt/s = 8 megabit/s
Eger siz şu ölçegleri ýatlap, olary dogry ulanyp bilýän bolsaňyz, onda siz internetden ýüklejek islendik faýlyňyzyň ýüklenýän wagtyny hasaplap bilersiňiz. Meselem:
HD film – 1400 megabaýt
Internet tizligi – 30 megabit/s
Ýüklenýän wagty – 1400/30=46.6 sekunt
Şeýlelikde biz ýükleýän faýlymyzyň ýüklenýän wagtyny hasaplap bileris.
Internet prowaýderleri internet bukjalaryny satanda onuň tizligini hem görkezýärler. Meselem, siz 5GB göwrümli 7 megabit/s tizlikli internet bukjasyny satyn aldyňyz. 7 megabit/s tizlikli diýeninde, ol doly 7 megabit/s tizlikde işlemeýär. Ýagny satyn alan internediňiziň tizligi 7 megabit/s çenli tizlikde işläp biljekdigini aňladýar.
Hakykatda haýsy internet tizlikleri gerek?
- Brauzerler, sosial ulgamlar – 2 megabit/s
- Onlaýn oýunlar – 2 megabit/s
- Wideokonferensiýalar – 3 megabit/s
- SD-wideo (360p, 480p) – 3 megabit/s
- HD wideo (720p) – 5 megabit/s
- FULL HD wideo – 8 megabit/s
- 2K wideo – 10 megabit/s
- 4K wideo – 25 … megabit/s
biz indi name ulanmaly tizligini guyclendiryan programma wifiñ
??????. Wifi tizligini guyclendiryan programma yok. Hemmesi yalan. Emma bu mowzuk onat bolyptyr sagbol.
Salam öwrenmeli admini we okyýjylary!!!
sizden hayyst bar admin.Imodaki “friends of friends” diyen zady düşündirip bilersinizmi? Ýa-sa Imo hakynda giñişleyin zat yazayyn
HD film – 1400 megabaýt
Internet tizligi – 30 megabit/s
Ýüklenýän wagty – 1400/30=46.6 sekunt
Şu ýerde ýalňyşlyk bar.
1400 megabaýt=1400*8megabit=11200 megabit.
Onda ýüklenýän wagt – 11200/30=373.3 sekunt bolar. Ýa-da 46.6*8 bolmalydy.
salam
dusinemok
salam miniň adym gulya menin ovrenesim gelyar.
Salam xaýyş edÿän dusundirip yazyn.
mana wifin telefondan koduny utgedilsini owredip bilmezmin
internetden hd filmini nahili alynyar
Gulya nama dushunesin gelya bildihimizden komek edeli
Salam
салам имо тизлиги йокмы
şu tizlik diylende meselem aylyk tarifleri gozden gecireli 128kbps internedimiz bolsun hakykatda gecirijilik tizligi 12kb yagny 10mb fayyl gecirjek bolsak 10000kb / 12kb = 833s / 60s = 13 minutda gecyar!
2megabit oyecekdirsen. 1 megabitem islanok
oye cekdirilenler name ucin donya
goysanay wifi tizligi 100 manatlyk 72 megabitlik video gorup bolonok hd fulldagy bolsa 1400 megabayt diya onyny biz 2 gunde zordon alyas
5nja nahlil gecip bolar
5-nji yazan internet tizligine nahili gecip bolar
bEST yene pikirlerin bar bolsa aydyber