C:\Users\begench\Desktop\pexels-photo-1869711.jpeg

Adamyň her günki iýmitlenýän önümleriniň biri hem etdir.Et bize energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.Bu gezekki makalamyzda size gyzyl et barada käbir zatlary öwretmekçi.

Gyzyl etiň düzümi: esasan suw,protein ( belok) we ýagdan ybaratdyr.Bulardan başga hem dürli witaminleri, minerallary saklaýar.

Suw:Gyzyl etleriň esasy düzüminiň biri suwdur.Suw etde 75% tutýar.Suwuň mukdary etiň bişme wagtynda üýtgäp bilýär.Bişme wagtynda uly mukdarda suwuň ýitgisi bolanda et gurar we agyrlygy uly mukdarda azalar.

Protein (belok):Gyzyl etleriň düzüminiň 20% protein tutýar.Eti gyzdyryp başlanymyzda öňküsinden gatylaşýar.Munuň sebäbi proteinleriň gatamagy bilen düşündirilýär.Etdäki proteinler dürli görnüşde bolýarlar.Olaryň iň esasylary: aktin-miýozin, miýogen, albumin we mioglubindir.

Ýag:Esasan etiň düzüminiň 5% ýagdan ybarat.(Köp semredilen mallarda 30% çenli ýetip bilýär).Ýaglar esasan etiň içinde damar görnüşinde (muňa marbling diýilýär) saklanýar.Aşa semredilen mallarda etiň daşyny saraýar.Soňky wagtlar saglyk meselesinde ýagsyz etler maslahat berilse hem, etiň belli bir derejede ýagly bolmasy et bişýärkä guramamagy üçin, etin ýumşak bişmegi üçin we ete gowy tagam berýänligi üçin zerur bolup durýar.

Witaminler we minerallar:A,K,B,tiamin (B1), riboflawin (B2), niasin(B3), B6, B12 witaminleri we demir fosfor ýaly minerallary saklaýar.

Karbongidratlar:Etde bu maddalar örän az bolýar.Etler gury otda ýakylyp bişirilende (roast, saute, gril) karbongidratlar örän gowy tagam berýär.

Rigor Mortis

Haýwan kesilenden gysga wagt soňra bedende himiki üýtgeşmeler sebäpli, etde hereket döreýär.Käbir adamlar muňa haýwanda integem jan bar diýip düşünýär, ýöne bu beýle däl.Bu herekete Rigor Mortis diýilýär.Hereket uzak gitse 3 gün dowam edýär we şondan soň et ýumşap başlaýar.

C:\Users\begench\Desktop\pexels-photo-1251208.jpeg

Etleriň bedendäki ýerleşýän ýerine görä klassifikasiýasy

Bedeniň iň köp hereket edýän böleklerindäki etler bilen az hereket edýän bölekleriniň etleriniň tapawudy bardyr.Hereket-myşsalary berkidýär. Hereketli ýeriň etiniň beýlekilere görä tagamy hem başgaça bolýar.Mysal üçin: but. Buduň hereket edip işleýän wagtynda etler ulalýar, gataýar we dykyzlanýar.Şonuň üçiň köp adamyň et almakda islegli ýeri malyň budy hasaplanýar.Butdan başgada arkada oňurga gyrasy iň gowy et böleginiň saklanýan ýeridir.Bu bölek esasan steýk bişirmek üçin peýdalanylýar.

Gyzyl etleriň täzeligi nähili tanalar?

  • Täze et açyk gyzyl reňkde bolmalydyr.
  • Täze ete barmak bilen basanymyzda etiň ýüzünde çukurjyk emele gelmeli.
  • Täze etde ys bolmaýar we ýüzünde typançak suwugrak madda bolmaýar.
  • Etiň durşy gatyja bolmaly akyp duran bolmaly däl.
  • Buzdan çözülende ýüzünde buzuň ýanygy bolmaly däl.

C:\Users\begench\Desktop\pexels-photo-1539684.jpeg

Gyzyl etleriň saklanyş şertleri

  • Etiň dogry şertlerde saklanmasy-täze et 0-2 C0, doňdurylan et -18 C0 saklanmaly.
  • Doňdurylan etler satyn alnanynda ýüzünde reňk üýtgewsizligi , etiň çözülmegi we ýumşak bolmagy gerek.
  • Paketli,ýörite gaplanýan et bölekleriniň ýüzünde öndürilen senesi görkezilmelidir.Paket ýyrtyk , ýagny deformasiýa sezewar bolmaly däl.
  • Steýk ýaly uly kesilen etler sowadyjyda 0-2 C0-da 1-2 gün, doňduryjyda -18 C0-da 6-12 aýa çenli saklanyp bilner.
  • Üwelen et (farş) ýaly bölekler sowadyjyda 0-2 C0-da 1-2 gün, -18 C0– da 2-3 aý saklanyp bilner.
  • Etiň doňuny çözmek esasan günüň ýylylygyna çözülse gowy bolýar.Bu etiň tagamynyň ýitgisini azaldýar.Ýöne uly möçberdäki etleri çözmek kyn düşýär.Munyň üçin eti 4 C0-dan ýokary bolmadyk temperaturada çözmek maslahat berilýär.Bu şertde etiň hakyky tagamy saklanyp galýar.

Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew

3,797 total views, 22 views today