Gulak agyrysy üçin öýüňizde edip boljak bejergi usullary.
Adamzadyň durmuşynda kelle, diş, garyn agyrylardan soňra köp gabat gelýän, gulak agyry bolup durýar. Gulak agyrysy kähalatda örän agyr bolýar, emma her wagt oňa garşy antibiýotikleri ýa-da bir derman serişdelerini ulanmak hökman däldir. Dünýäde soňky 5 ýylda gulak agyrylary has köp gabat gelýär we oňa garşy medisina işgärleri tarapyndan işler alnyp barylýar. Gulak agyrysy esasanda çagalarda köp duş gelýär. Bu sebäplerden “gulak agyrysy nähili bejeriler?” diýlen sorag yzygiderli soralyp durulýar. Bu makalamyzy gulak bejergisini alyp barýan lukmanlar tarapyndan maslahatlary öwrenmek maksady bilen taýýarladyk.
Gulak agyrylarynyň dürli görnüşleri gabat gelýär, ýagny gulak daşy, ortasy we gulak içinde agyrylar gabat gelýär. Ähli gulak agyrylary bakterial däldir. Şol sebäpli her birine ýörite ýazylan bejergi dermanlary (lukmanlaryň bejergi hökmünde ýazýan dermanlary) gerek bolmaýar. Gulak agyrylarynda öýüňizde edip biljek bejergileriňiz:
Ýöriteläp ýazylmadyk agyry kesijileri ulanyp bilersiňiz.
Acute otitis media (AOM)- ýiti orta gulak çişmesi ady berilen gulak infeksionu bilen kybapdaş agyryňyz bar bolsa size Ibuprofen we Asetaminofen ýaly dermanlary ulanmak maslahat berilýär. Dermany alanyňyzda özüňize görä nähili möçberde içmelidigini üns berip okaň. Bu dermanlar bedendäki gyzgyny hem peseldýär. Çagalar üçin lukmana ýüz tutmaly bolarsyňyz, ýagny çagalara nähili möçberde (dozada) içmelidigini soramak maksady bilen. Köp agyry kesijileriň çagalar we bäbekler üçin görnüşleri bardyr we ýene bir maglumat 16 ýaşdan kiçi bolan çagalara aspirin bermek bolmaýar.
Adaty bejergi.
Adamlar kähalatda diş agyrylarynda ýylylyk ýasdyklaryny we buzy kompres etmegi peýdalanýarlar. Edil şonuň ýaly bu usullar gulak agyrylarynda hem peýda berýär. Buzuň özüni goýmak howpludyr, ýagny gulaklaryňyz soguklap agyryňyzyň güýçlenmegine getirer. Bu usullar uly adamlar bilen birlikde çagalar üçin hem peýdalanylýar.
Çagalarda gulak agyrysy.
Uly adamlar bilen bilelikde çagalarda hem gulak agyrylary gabat gelýär. Agyry çagalarda has köp duş gelýär we agyry bilen bilelikde çagalarda gyzdyrma bolup geçýär. Gyzgyny ýokarlanmagy çagalarda agyrynyň ýokarlanmagyna we olaryň ukusyzlygyna getirýär.
Çagalarda gulak agyrylarynyň döredýän alamatlary:
– Gyzgynlygyň ýokarlanmagy;
– Ukusynyň doly alynmazlygy;
– Yzygiderli gulagyny elläp durmasy;
– Adaty halyndan has köp aglamasy;
– Işdä bozulmagy;
– Deňagramlylygyny ýitirmegi, ysgynsyzlyk.
Gulak agyrysy has ýiti bolan ýagdaýynda lukmana görünmek has dogrudyr. Maslahat berlen agyry kesiji dermanlar kän täsir etmedik ýagdaýynda ýyly ýasdyk we buz kompres etmek maslahat berilýär.
Iýmit üçin ulanylan zeýtun ýagy birnäçe kesellere, agyrylara garşy peýda berýänligi mälim. Gulak kanalyna zeýtun ýagynyň damjalary damdyrylanda gulak agyrysyny gowşadyp bilýän ukyp häzirki wagt ylmy taýdan düşündirilmeýär emma, bu işi alyp barýan hünärmenler gulaga 1-2 damja zeýtun ýagy damdyrmanyň peýdalydygyny belläp geçýärler.
Türkmençilikde bu agyra garşy esasy ulanylýan usul: Gulaga gök çyra tutmak.
Gulak-dan ýene bir adamlaryň kynçylyk çekýän tarapy gulak akmasydyr. Bu gulakdaky perdäniň deşilmeginde döräp bilýär. Gulak akma wagtynda siz hökmany suratda lukmana gitmek maslahat berilýär. Esasy ulanylýan dermany:sefrodet (uzak wagt saklanmaýanlygy sebäpli zawoddan öndürilmeýär, dermanhanalarda ýasalýar)
Belki-de siz bejerginiň başga görnüşlerini hem bilýärsiňiz. Häzirden em bolsun!
Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew
????
gaty gowy
gaty gowy maslahat haysy yurtda bolsamam tapyp bilyarismi bu aytyan dermanlary oña göre ady uytgeşik bolyarmy ya
gulak aksa sonun bejergisi bamy hayys yazayynda
Gulak aksa şonun bejergisi bamy hayys yazayynda.
??peydaly maslahatlar ,bellap goyars…
???
Sps Bega?
Sag bol taýýarlan peýdaly maslahatyñyza, ýenede şular ýalak peýdaly maslahatlaryñyzy berip durmagyñyzy haýyş edýän.!
gulak agyrsyna emzikli zenanyn suyduni damdyrsanam ayyryar
tüweleme gowy?
Minnetdar!! Ýurdumyzyň lukmanlarnyň her biri bolmanda 10dan öz bilýän ugurlary boýunça ýekeje maslahat berseler ömründe sogap gazanjaklarny bir bilsediler
goyulyan zatlar govy yone berilyan soraglara nam ucindir jogap yokla butayda
goyulyan zatlar govy yone nam ucindir soraglara jogap yokla
????
??
gaty gowy maslahatlar bar ?
hakyky dogry
onat dogry ekeni
“bejeriler” diýen sözdäki “i” harpy gerek dälmikä diýýän. Adaty usullar arkaly bejerilişi ýokmy?
Sayta IP filter goysanyz gowy bolar. bir adam nace gezek girse-de viewde bir gezek dip bellar yaly
“Bejeriler” diyen soz dogry o nam ucin “i” harpy ayyrmaly sen turkmen dilinin grammatikasyny bilenokmy mankamera
‘Bejeriler” diyen soz dogry o nam ucin “i” harpy ayyrmaly siz turkmen dilinin grammatikasyny bilenzokmy mankamera
“Bejeriler” diyen soz dogry o nam ucin “i” harpy ayyrmaly siz turkmen dilinin grammatikasyny bilenzokmy mankamera
???
salam hakyky
??
???
azap edip yazylypdyr yone mn pikirimce hokmany yagdayda ozuni kosap yorman lukmana yuz tutmaly gulak her hili sebaplere gora agyryp biler ozunce bejergi gerekdal ?
маслахатыныз учин саг болун сизин маслахатынызы кичижик оглумда уланып гордум гаты говы тасир этди
hi
гундакдакы.чагажыклара нахили бежерги берилерка
гундакдакы.чагажыга.нахили бежерги.берип.боляр.
saç düshmezlik ucin name etmeli mumkin bolsa sho hakyndada yazayynda
salam doslar acanok name etmeli bolia programmanu
Salam gayrat edip mana gulak gapylmasyndan nadip gutulmagyny aydayynda mana uly yagsylyk etdiginiz bolardy
Gulak aksa esiese so un bejergisi barmy
Sagbolun peydalandyk
Sag boluň, maslahatlarňyza
Sagja bol
Salam Gulak ka halatda gapylyar on a nahili em barks
gulagyn aksa name etmeli gayrat edip maslahat yazayyn
2 aylyk babegımın gulagyba name edıp bılerın
Menem kän kösendim şondan esasy peýda eden derman Dioksadin 10ml ampula boldy sowuklasada aýyrýar
slm menin Cagamyn gulagy akya ozi 3aylyk name etsem borka hayys maslahat berin
45 günlik bäbege gulak agyra derman
Gulak agra salynyan derman
We dis agryya
Gulak şaňňyldamasyny nädip aýyrmaly ? Nähili derman ýa-da em ulanmaly ?
Menem şu ýerde size iñ gyzykly we peydalyja zat yazyp gitmeli bolsam onda sizi WAP.SOYGULI.RU sayty maslahat beryän. Bu yerde 7/24 online gurrindeşlik edip bolýar ! Geliñ online sohbetdesşlik arkaly, soraglarymyza jogap tapalyñ hemde bilelikde maslahatlaşalyñ !
gaty gowy
Bilmediklere nikli! Ozalam bilýäs oýerini ýöne ýapyk
Menin oglum 40 gunlik babejik gulagy agyrýar uklanok diňe aglaýan sona name emi barka bilýäniňiz bar bolsa komek edayin
menin. oglum 1 aylyjak gulagy agyrya name. etmelika. gunem gijede gowy. yatanok
Çep gulagym suuu ses edyar name etmeli kääää