Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size geljekde durmuşymyza giňden ornaşjak täze tehnologiýalar hakda gürrüň bermekçi. Emma ol tehnologiýalar şu günki durmuşymyzda hem ulanylyp başlandy, ýöne olaryň sanynyň azlygy we bahasynyň gymmatlygy zerarly durmuşymyza giňden ornaşanok. Geliň men size şol tehnologiýala barada gürrüň bereýin.
Awtomatiki taýdan ýöreýän ýük maşynlary
Soňky döwürlerde Tesla kompaniýasy özüniň öndürýän awtoulaglary dünýä bazarlarynda ýokary orunlary eýeleýärler. Tesla kompaniýasy tarapyndan öndürilen Semi atly bu awtomatiki taýdan ýöreýän ýük maşyny tehnologiýanyň täze ugry boýunça uly belentliklere eýe boldy. Bu ýük maşyny elektromaşyn bolup ýagny arassa tebigy togda işleýär. Ony bir gezek akkumulýatoryny doly zarýaddan doldursaň, onda bu ýük maşyny 800 km aralygy geçýänçe işläp biler. Ýagny bu ýük maşyny iň bir ýokary derejeleri tehnologiýalaryň hataryna girdi. Bu ýük maşyny ekologiýa taýdan arassa bolup, ol ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň peselmegine uly kömek edýär. Ýagny bu maşyn sürüjisiz hem, öz özüni dolandyryp bilýär. Bu ýük maşynlary 2019-njy ýyldan doly öndürilip başlanýar.
Ekzoskeletler
Ýene bir geň galdyryjy tehnologiýalaryň biri – ekzoskeletlerdir. Bu tehnologiýa ReWalk proekti tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Bu tehnologiýa hereketlenip bilmeýän, ýöräp bilmeýän maýyplar üçin niýetlenip döredilendir. Ýagny bu tehnologiýa arkaly maýyplar doly hereket edip we ýöräp bilerler. Bu ekzoskelet ýörite adamyň pulslary arkaly işleýärler. Umuman aýdanymyzda bu tehnologiýa medisina ylmy üçin uly goşandyny goşýar. Ýene bir zat, bu tehnologiýa diňe bir medisina üçin däl, eýsem geljekde bu tehnologiýany ýaragly güýçler, esgerler üçin hem ulanylmaga beriljekdir.
Iýmit taýýarlaýan printer (3D)
Tehnologiýalaryň iň bir ösen hataryna iýmit taýýarlaýan printer hem girýär. Bu printer ByFlow kompaniýasy tarapyndan döredilip, restoran biznesine uly goşant goşdy. Ýagny bu printer uly göwrümi iýmitleri gysga wagtyň içinde taýýarlap berýär. Bu printer arkaly islendik nahary bişirip bolýar. Bu printeriň ýene bir aýratynlygy, taýýarlajak naharyňa bellibir möçberde kaloriýa we agramyny berip bilýäň. Printer beren maglumatlaryňa görä nahary gysga wagtyň içinde taýýarlap berýär.
Robotlar we transformerler
MBlock tarapyndan döredilen robot-transformerler iň ösen tehnologiýalaryň hataryna girdiler. Bu kub görnüşindäki robotlar başga şekile geçip bilýärler. Ýagny olar formalaryny üýtgedip bilýärler. Häzirki döwürde bu robotlar ýörite pultlar, dolandyryjylar arkaly dolandyrylýar. Ýöne bu robotlaryň doly göwrümli we awtomatiki taýdan işleýän görnüşini taýýarlamak boýunça täze işler alnyp barylýar.
Biometriýa maglumatlary arkaly töleg
Soňky döwürlerde tehnologiýalaryň ösmegi bilen täze täze funksiýaly tehnologiýalar girizilýär. Internet arkaly, ýagny howa arkaly adamlar birnäçe tölegleri amala aşyrýarlar. Bu tölegleriň doly howpsuzlygyny gazanmak üçin täze funksiýalary oýlap tapýarlar. Soňky 3-4 ýylyň içinde telefon arkaly töleglerde barmak yzlarynyň ulanylmagy arkaly täze funksiýalar girdi. Ýagny tölegi amala aşyrmak üçin hökman barmak yzlary gerek. Ýöne bu funksiýada doly howpsuzlygy üpjün etmeýär. Ýakynda täze döredilen bu funksiýa, ýagny biometriýa maglumatlary arkaly amala aşyrylýan töleg funksiýasy doly howpsuzlygy üpjün edýär. Ýagny men internet dükanyndan haryt satyn aldym we men howa arkaly tölegi amala aşyrmaly. Tölegi kabul ediji, tölegi iberijä öz suratyny iberýär. Tölegi iberiji ony sistema ýükleýär we sistema awtomatiki ýagdaýda tölegi kabul ediji anyklap, biometriki maglumatlaryny tölegi iberijä görkezýär. Şeýlelikde biz kim bilen söwda guraýanlygymyzy anyklap bilýäs. Bu bolsa tölegiň howpsuzlygyny amala aşyrýar. Bu funksiýa “Открытия” banky tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Ýagny bu funksiýa diňe şu bankyň ulanyjylaryna elýeterli.
Jemi 16,556 gezek okaldy, Şu gün 2 gezek okaldy
Oran gowy sagbolun! isinizde ustinlikler!
Şular ýaly tehnologiýa barada ýazaý diñe beýlekilerä gowy däl.
her bir tehnologiyany nacenji ýyldan we aýyn nacesinden baslap satuwa cykjakdygyny yazmaly ekeniniz!?
Islernizde ustunlik Ilhan
Sag bol
Admin sen bn habarlashyp bolarmy
Admin ol tehnelogiyalary her haysysyny nace dollorlardan(her-hilli) barlygyny yazmaly ekeniniz!?
we onki sorag-jogap programmany tazeden isletseniz(belki su yerdaki hemme soraga jogaplar tapylardy)!?
we songy tehnelogiyada koz tarapdanap barlag bar gerek admin!? we koz tarapdan barlanyan barlag tehnelogiya barada hem yazsanyz gowy bolardy!?
koz-goz
Işleriňizde üstünlik Ilhan
mlds admin
admin gayrat edip fleska windows oklansymy owredip bilmezmisin …
tüweleme
Begenc
moledes
berekella sheyle ilhan… yenede dowam ediber…ustunluk sana…
3d printer saglyga zyyansyzmyka?
bularyn hemmesini ondenem bilyaris teslanyn awtoulaglary kosmos aparatlarynam onduryar sonun hasabyna hazire cenli batman durandygynam size yatladasym geldi.
??????????
dalban
çmo
sps gowy maglumat
wife nastroykasynyn logini we parolyny yitirdim indi nastroykasyna nadip girse bolya perosipka etman nadip girmeli hayys sona yazayynda
okadym
Köp maglumatlar has-da gyzykly we gowy.Men bu geljekdäki tehnelogiýalaru haladym
daşda
daşda dossum
suratlar hem garrayarlar
SIZDEN HAYYST LUKMANCYLYK ENJAMLARYN GOYYUN