Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size geljegimizde uly meşhurlyk gazanjak we durmuşymyzy ýeňilleşdirjek 5 tehnologiýa hakda gürrüň bermekçi. Geliň onda öwrenmäge başlalyň.
1. Akylly äýnek.
Google Glass – Google kompaniýasy tarapyndan oýlanyp tapylan akylly äýnekleriň biridir. Olar 2014-nji ýylyň orta aralarynda elýeterli boldular. Emma, häli bu güne çenli olar hiç hili meşhurlyk gazananoklar. Ýagny bu äýnekleri kän ulanmaýarlar. Sebäbi, bu äýnekleriň bahasy gymmatlygy sebäpli, ähli kişi üçin bu äýnekler elýeterli däldirler. Bu äýnekler durmuşymyza has ýeňilleşdirýär, çünki bu äýnekleriň kömegi bilen biz birnäçe işleri amala aşyryp, olara gözegçilik edip bilýäris. Ýöne ruhdan düşmeli däl, täze smartfonlar dörände hem, ähli kişi üçin olar gymmatlygy boýunça elýeterli bolmandyrlar. Bu äýnekler hem, geljekde biz üçin elýeterli bolarlar.
2. Smart Data.
Awtomatlaşdyrma – bu biz üçin has bir gerekli funksiýalaryň biridir. Awtomatlaşdyrma hadysalaryny biz günde ulanýarys. Ýagny, käbir işler tehnologiýalar arkaly awtomat ýagdaýynda amala aşyrylýar. Meselem, smartfonlaryň hem birnäçe awtomat ýerine ýetirýän wezipeleri bar. Emma käbir funksiýalary biz öz elimiz arkaly ýerine ýetirmelidiris. Olaryň biri hem, smartfonlarda kontaktlary ýazga geçirmek.
RelateIQ kompaniýasy tarapyndan häzir täze tehnologiýalar döredilýär. Ýagny ýakyn günlerde, smartfonlarda kontaktlary özümiz ýazga geçirmeýäs. Bu sistema özi ähli kontaktlary awtomat ýagdaýynda sim karta geçirýär. Size diňe kontaktyň adyny aýtmak galýar.
3. Bedeniňde göterilýän elektronika.
Akylly äýnekler, sagatlar – bu tehnologiýalar bizi daşky dünýä bilen baglanyşdyrýarlar. Emma geljekde bizi içki dünýämiz, ýagny bedenimiz bilen baglanyşdyrýan tehnologiýalar hem bar. Ýörite nauşnikler biziň ýüregimiziň pulsyny, linzalar süýji keseliniň derejesini, elimize ýelmenýän tatiurowkalar bolsa NFS funksiýaly bolup bize hyzmat edýärler. Bu funksiýalaryň ählisini birikdirip, akylly äýneklerde monitoring arkaly gözegçilik edip bolýar.
4. Neýrointerfeýs.
Neýrointerfeýs – adyndan belli bolşy ýaly, medisinada kän ulanylýan tehnologiýalaryň biridir. Emma bahasy zerarly bu tehnologiýalary köp adamlar ulanyp bilenoklar. Neýro sistemasy bozulan adamlara, ýagny duýyş we nerw organlary işlemeýän adamlar üçin niýetlenen tehnologiýadyr. Ýagny, beýle adamlar gürläp bilmeýänligi sebäpli, bu tehnologiýalaryň üsti bilen arkaýyn kompýuter arkaly gürleşip bilýärler.
5. 5G – internet tizligi.
Häzirki döwürde internet ulanyjylaryň sany günde millionlara çenli ýetýär. Internede birnäçe göwrümli, hilli faýllar ýüklenýär. Meselem 4K formatly wideolar özlerinde uly göwrümleri saklaýarlar. Beýle wideolary ýüklemek üçin bize has ýokary tizlikli internet akymy gerek. Şu sebäpden hem, geljekde bize 5G internet tizlikleri hem elýeterli bolar.
Şu günki mowzugym gyzyklymy? Öz pikirleriňizi teswirlerde görkeziň. Men bilen habarlaşmak üçin:
E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com
hazir tehnologiya osya . arzan bolsa gowy bolardy
Salam Ilhan we Owrenmelini Adminleri
men aytjagym siz yazan googlyn aynegi on cykan we meshurlyga yetip barmady ony sebabini biri hem 1 ýyl on bir adam sergi gurnady su yerde aydyldy ol barada ony dolly aydyp biljek ya aydyp biljek dal we sol her bir programmany name is edyani kop maglumat berayin!!!!
Etbet däl. Dogrysy gaty gowy. Mundan hem gowy edip bolar-a?! Hiç ýokdan has goy.
we su yerdaki tehnolgiyalary hem name is edyani kop maglumat yazaýyn we hemme tehnelogiya yagny 15 si tehnologiyany bir posta yazyp goyaýynda
we yana her bir ….. programmany diyipdirin ol Tehnelogiya diyjekdim….
admin sagbolun hyzmatynyz ucin
mowzugyn adynda 5 tehnologiya/temada 15 tehnologiya yalnyslyk bolupdur oydyan
tolbak
gowy eken aksentli has gulkunch
edil hazir elyeterli bahadan ulanyp bolar yaly tehnologiyalar barada-da yazayyn
hawa, yalnyshlyklar duzediler
Sag boluñ
blog saytynyz gowy ishleyar ,yone forum saytynyz ishlanok oydyan ichine girende “Forum sayt öçürildi”diyip yazgyly.
Teswirler 2 gezek gaýtalanýar näme üçin? aýryp bolmaýarmy?
sps
ало
хемма салам
boljak yone gaty yalnyslyklar kan many taydan
aynek nahili isi yerine yetiryar
Taze tehnologiyalaryn bolmagy govy.Eger saglyga zyyany bolmasa
Geljegi öwredýän tehnologiýalaryň bardygy orän gowy
gaty gowy bu tehnalogiya
akylly aynek name isleri yerine yetirya
akylly aynek nm is etyar aydaýyn
oran gysga yazylypdyr
?????
Berekella
gaty gowy
Mana sizin beryan maglumatlarynyz yarady. Sebabi men bulary hem owrenyan hem-de okuw sapaklarym ucin prezentasiya tayarlayan. Seyle gowy maglumatlary goryanime men diysen sat. Mumkin bolsa koprak maglumatlar bolsady.Kop kop sagbolun islerinizde ustunlik arzuw edyan!?
Mana sizin beryan maglumatlarynyz yarady. Sebabi men bulary hem owrenyan hem-de sapaklarym ucin prezentasiya tayarlayan. Seyle gowy maglumatlary goryanime men diysen sat. Kop kop sagbolun islerinizde ustunlik arzuw edyan!?
Menje gowy pikir
dowlet sen nç yashynda ?
gowy yone oyun ishunem etyan tehnologiya bolsadyda
Gyzykly eken. Gowy taýýarlapsyň!
5G Internet Hali Globalny osmedik Turkmenistana hol anyrda dursun