[et_pb_section admin_label=”section”]
[et_pb_row admin_label=”row”]
[et_pb_column type=”4_4″]
[et_pb_text admin_label=”Text”]
Excel-de işiňi ýeňilleşdirmegiň 10 ýoly
Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly agzalary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow, şu gün size Excel-de işiňi ýeňilleşdirmegiň 10 ýoluny öwretjek.
Aramyzda Excel programmasyny gündelik durmuşynda ulanýan agzalarymyz köpdür. Ýöne aramyzda bu programmada işläp bilmediklerimiz hem bar. Geliň şu gün Excel-de işimizi aňsat we tiz şekilde ýerine ýetirmekligi öwreneli! Onda başladyk…
Öýjükleriň ählisini bir düwmede saýlamak
Öýjükleri ählisini bir düwmede saýlamak üçin, suratdaky görkezilen tablisanyň iň ýokarsynyň çep tarapyndaky düwmäni bassaňyz ýeter. Ondan başga-da “Ctrl + A” buýrugynyň üsti bilen hem ähli öýjükleri saýlap bilersiňiz. Hem-de, bu buýruk ähli beýleki programmalarda hem ýerine ýetýär.
Birnäçe Excel dokumentlerini birbada açmak
Excel dokumentlerini aýratyn açmakdan ýadadyňmy? Onuň çözümi şu ýerde! Onuň üçin gerekli dokumentleriňi saýlap ählisini birbada açyp bilersiň.
Excel-däki açylan birnäçe dokumentleri aňsatlyk bilen çalyşdyr
Meselem, siz Excel-de 2-3 dokumentiň üstünde işläp durkaňyz, bir dokumentden beýleki dokumente aňsatlyk bilen geçip bilýäňizmi? Geçip bilmeýän bolsaňyz onda bary ýogy şu buýrugy ýerine ýetir “Ctrl + Tab”. Hem-de, bu buýruk Windows-yň ähli programmalarynda ýerine ýetýär.
Excel-iň penjiresiniň ýokarsynda gerekli düwmäni goşmak
Adatça, Excel penjiresiniň ýokarky panelinde 3 düwme ýerleşýär. Ýöne sen ol düwmeleriň hataryna özüňe gerekli täze düwmeni goşup hem-de aýryp bilersiň. Onuň üçin «Файл» ⇒ «Параметры» ⇒ «Панель быстрого доступа» şu buýrugy ýerine ýetirip, gerekli düwmäni saýlap we goşup ýa-da aýryp bilersiň.
Excel-däki öýjüklerden dioganal geçirmek
Käwagt Excel tablisamyzda öýjükleriň arasynda dioganal geçirmeli bolýas. Onuň üçin Excel baş menýusynda “границa” düwmesine basyp, “Другие границы” buýrugynda ýerine ýetirip bilersiňiz!
Tablisa boş öýjükleri goşmak
Syçanjygyň kömegi bilen gerekli möçberdäki öýjükleri saýlap, syçanjygyň sag düwmesine basyp “Вставить” düwmesini basyp boş öýjük goşup bilersiňiz!
Tiz şekilde tablisada göçürme geçirmek
Ýazan tekstiňizi, öýjügi, tablisany başga boş öýjüklere geçirmek isleseňiz, gerekli öýjükleri saýlap, syçanjygyň çep düwmesiniň basyp durylmagy bilen beýleki boş öýjüklere geçirip bilersiň.
Boş öýjükleri tiz öçürmek
Käwagt tablisada boş öýjükler ýüze çykyp bilýär. Şol öýjükleri tiz şekilde öçürmek üçin, gerekli tablisany saýlap, “Данные” bölüminden “Фильтр” buýrugyny açyp, boş öýjükleri saýlap öçürip bilersiňiz.
Giňişleýin gözleg
Göni “Ctrl + F” buýrugy bilen gözleg menýusyny açýas. Ondan soňra siz bu menýuda Excel-e degişli, onuň içindäki islendik zady gözläp bilersiňiz.
Tablisanyň nawigasiýa häsiýeti
“Ctrl + strelka” bu buýrugyň üsti bilen tablisanyň bir ujundan beýleki ujuna aňsatlyk bilen göçüp bilersiňiz. Meselem “Ctrl + ⇓” tablisanyň kursory iň aşaky öýjügine geçer.
Bu günki mowzuk siziň göwnüňize ýaradymy? Teswirde öz pikiriňi ýaz!
Indiki mowzukda görüşýänçäk köp sag boluň!
[/et_pb_text]
[/et_pb_column]
[/et_pb_row]
[/et_pb_section]
Salam admin we saýtyň ýazyjylary. Excel bu meniň gündelik ulanýan programmam. Men vba excel barada gyzyklanýan. Eger mümkin şol barada ýazaýsaňyz.
salqm.word barada aytsanyz
salam admin gowy maglumatlar goyupsynyz sagbol
Salam bularam gowy ýöne entäk ýeterlik däl. Bu diňe öwrenjeler üçin bolsa gerek.
Admin sag bol, käbir bilmeÿan zatlarymy öwrendim excelde spasibo !!!
kompyuteriñ anteni cykanok. kompyuteri nadip wifi birikdirmeli
salam admin kompyuteriñ anteni cykanok. kompyuteri nadip wifi birikdirmeli
salam.bu mowzugyñyz mana oran yarady.sagbol.indiki mowzugynyza sabyrsyzlyk bilen garasyan.
excelde listi pecat edenimizde awtomatiki usulda sahypalara nomer goýýar (1,2,3…) şo barada goýaý
salam bize excelde hasaplama islerini owredayindaaa
bize excelde hasaplamanu owredayinda
MS EXCEL bilen, onda hasaplamalary ýerine ýetirmek we akylly elektron tablisalary gurmak bilen gyzyklanýanlar bar bolsa, kömek edip biljek. E-poçta: h.gowshudow@yandex.ru ýazyp bilersiňiz.
SPS!!!!!
Sagbol tanry yalkasyn