Dumspter näme?
Dumpster Android telefonlarda datalary (içindäki zatlary) halas etmek üçin ulanylan bir Recovery (Dikeliş, Gutylyş) programasydyr. Kompýuterde Korzina (hapa sepedi) bardyr, pozulan zatlarymyzy şonuň içinden alyp bilýäris, Bu hem edil şonuň ýaly işleýär. Siz ýalňyşlyk bilen pozan zadyňyz, awto şekilde Dumpster programasyna ýüklenýär. Gysgaça Android Korzinasy diýip bileris. Eger ýygy ýygydan ýalňyşyp pozýan bolsaňyz, ony hem yzyna getirmek isleýän bolsaňyz size Dumpsteri programasyny telefonyňyzda saklamagyňyzy maslahat berýän. Pozan zatlaryňyzy hakykatdanam bilip pozan bolsaňyz onda Dumpsteriň içini arassalap bilersiňiz!

Dumpsteri nähili ulanmaly?
Programany gurnanyňyzdan soňra Dumpsteri sebedi öz özünden aktiw hala geler, ýagny işläp başlar. Pozan datalaryňyzy yzyna almak üçin Programa girip ählisini saýlap sag tarapdaky Yza (Nazad, Geri, Back) düwmesine basmaly şeýlelik bilen pozan datalaryňyz yzyna geler. Eger datalaryňyzy Dumpsterden hem pozmak isleseňiz edil ýaňky ýaly ählisini saýlap Hapa sebedin (korzina) basmaly?

sps admin
Köp köp minnetdarlygymyzy bildirýäris! sag boluň
su gaty gow programma men ulanýan muny karzinada ba telde ýone ondan sul progi gowy
sagbol admin
bet
Admin hays programmalardan cykyan reklamalar cykmaz yaly her gezek cykmaz yaly dubinden yapyp bolyamy
Salam admın men telefonumun kodunu ayyrmak un na stroykadan yapdym we bılman barmak yzy dıyen yerıne basypdyryn we gulplapdyryn tel acjak bolsam barmak yzyny sorady yada kod ıkısem yokdy menem googldan kod dowmanı owrendım we dowdum ındı telefonun oz pamyadyndaky zatlaryn hemmesı gıdıpdır dıne sd kartdaky zatlar galypdyr men ındı telefonun pamyadyndaky zatlary yzyna alyp bılmerınmı? Admın sızden hays eger bar bolsa mumkıncılık yzyna almaga owredayında!
Laçyn Salam. Pozulan zatlary yzyna getirmek hakynda tema açylypdy. Menýu bas Bölümlere gir PC programalary atly bölüme gir aşakrakda Telefondaky pozulan zatlary yzyna getirmek atly tema bardyr. Şo ýerden maglumat alyp bilersiň.
Admin men ilki teldaki maglumatlary pozup goydum sonra bul programma bn alyp bolarmyka yada bashga prog barmyka pozulan zatlary yzyna almak uchin
Admin salam men sd kartymda gerekli informasiyalar yok boldy.Sholory dikeltmek u.n shu ýazylanlary dogry etdim emma informasiýalar chykanok ? bashgacha ugry bamyka ?
jogap berda admin
salam gowmysyñyz men samsung galaxy a6 2018 tel ulanyan. Toyda dushuren wideolarym pozuldy shony yzyna nadip almaly. mende dumpster yok