Diş agyrysyna näme gowy peýda berer? Diş agyrysy üçin ulanyp boljak tebigy bejergi usullary haýsylar?
Diş agyrysy-bizi iň köp güýçsüz eden, derdine gyssagly derman gözledigimiz agyrylaryň biridir.Esasan-da diş agyryňa näme gowy peýda berer,tebigy bejergi usullary haýsylar,haýsy agyry kesiji gysga wagtda aýrar diýip jogap gözleýäris.Has-da bularda otlar bilen,buz we duzly suw bilen agyz çaýkama serişdeleri bilen agyrynyň nähili geçjegini gözleýäris.Makalamyzy diş agyrysyna gowy gelen usullary öwretmek maksady lukmanlaryň belläp geçýän agyra garşy usullaryny siziň üçin beýan etdik.
Belleýşimiz ýaly diş agyrysy agyrylaryň iň güýçlisi bolup durýar.Diş lukmana gidýänçäk, bir şekilde diş agyrysyny azaltmak üçin öýde tebigy bejergileri gözleýäris.Bularyň içinde gwozdik güli (гвоздика) we onuň ýagy,buz bilen kompres etmek, duzly suw bilen agyz çaýkamak ýaly usullar giň ulanylýar.
Diş agyrysy näme sebäpli döräp biler?
Diş agyrysynyň sebäpleri köpdür.Bularyň iň başynda bolsa dişiň çüýremegi bilen dörän agyry durýar.Şeýle hem diş agyrysy akyl diş çykanynda, diş kökünde bolan näsazlyklar sebäpli döräp biler.Diş agyrysy bu sebäpleri bilen birlikde esasan nahar iýleninde ýa-da bir içgi içilende ýüze çykyp biler.Munyň sebäbi hem iýmit galyndylarynyň diş aralaryna girmegi ýa-da gaty zatlaryň iýilmegi we sowuk suwlaryň içilmegi bilen bolýar.
Diş agyrysyna näme gowy geler?
Diş agyrysynyň esasy çözgüdi lukmana gitmekdir ýöne gijäň ýary ýa-da hepdäniň soňunda agyrmagy bilen lukmana gidip bolmajak wagt ýüze çykanynda diş agyrysyna wagtlaýyn agyry kesijiler bilen çäre tapyp bolar.Başga bir tarapdan lukmana gidýänçäk diş agyrysyny gowşatmak üçin öýümizde ýa-da iş ýerimizde diş agyrysyna gowy peýda edýän tebigy usullary ulanyp bileris.Bulardan käbirlerini öwreneliň.
Diş agyrysy üçin tebigy çözgütler:
- Diş agyryny gidermek üçin ilki bilen dişleriňizi gowy edip ýuwuň.Dişi çotgalama, diş çüýrän ýagdaýynda çüýrükde saklanan, agyra sebäp berýän maddalary aýyrmaga kömek berer.
- Biraz ýodly suw we duzly suw bilen agyz çaýkamasy diş agyrylaryna gowy peýda berýän çözgütleriň biridir.Bu usul bilen diş mikroblardan arassalanýar we çiş bolan ýagdaýynda çişi düşürýär.Mundan başgada bu usul diş eti we açyk diş çüýrüklerine garşy dizinfeksiýa täsirini döredýär.
- Diş agyrysy esasanda gije wagty geleninde bizi kyn ýagdaýa goýýar.Uzyn wagt dowam eden bu diş agyrysy,bizi ukudan goýýar.Bu ýagdaýda beýik ýasdykda ýatmak maslahat berilýär.Munyň sebäbi gan basyşynyň ýatyrkak beýnä gelmesi we eňek ýerindäki syzlamalaryň biraz azalmagyna getirýär
- Gwozdik (гвоздика) ýagy we gury gwozdik asyrlar boýy agyrylary aýyrmakda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň biri.Diş agyrysyna hem uly täsirini ýetirýär.Düzüminde Eugenol atly güýçli bir maddany saklaýar.Gury gwozdigi agyry ýere goýup garaşsak şol agyry ýerini ukladyp agyryny azaldar.Mundan başga-da antibakteriýal bolup hem hyzmat edýär.Ol çüýrän dişiň töweregindäki zyýanly mikroblary öldürýär
- Buz ulanma:Diş agyrysynyň döreýän ýerine buz kompres etmek gysga wagt agyryny aýyrmaga kömek berýär.Munuň üçin buzy, agyrýan ýere agyz daşyndan bir mata ýa-da marla (hasa) sarap tutmak ýeterlikdir.Buzuň özüni göni goýmak biraz gorkuly,ýagny dişlerimiz ýa-da buz tutýan ýerimiz soguklap biler.
- Diş agyrysyna gowy gelen çözgütlerden biri hem sarymsakdyr.Çüýrük dişiň üstünde goýlan sarymsak, agyra sebäp bolýan mikroblary ýok edýär.
- Agyzda bakteriýalaryň artmagyna garşy we diş agyrysyny azaltmaga kömek berýän bugdaý nahalynyň suwy: diş etlerini we dişleri, infeksiýalardan goraýan tebigy antibiotik hökmünde ulanylýar.
- Diş agyrysyna täsir edýän garaburç: güýçli antibakteriýal häsiýete eýe.Ony bitin görnüşde (owranmadyk) diş agyrýan ýerinde gysyp saklamaly.
- Arak bilen diş agyrysyna çäre:Aragyň içine pagta saralan bir çöpjagaz batyrmaly we bu çöpi hem garaburça batyryp,agyrýan dişiňize şol pagtany süýkemeli.Bu usul agyryňyza gowy peýda berer.
- Diş agyrysyna garşy usullaryň biri hem tebigy sakgyç ýasamakdyr.Munuň üçin ajybalgaz (кресс) ,ukrop-petruşga we narpyzdan ybarat 1 gysym otlary birlikde sakgyç ýaly çeýnäň.Bu sakgyjy diňe çeýnemeli ýuwutmak zyýanlydyr.
- Petruşga bilen agyz çaýkama:1 gysym petruşga alyp sok edijide onuň suwuny alyň.Emele gelen petruşga suwuna agzyňyzy gowy edip çaýkaň, esasan hem agyrýan ýeri.Bu usul size agyryny peseltmekde gowy peýda berer.
- Esasy çözgütleriň biri hem çopantelpek bilen tebigy bejergi.Çopantelpek çaýy bilen agzymyzy çaýkap diş agyrmanyň täsirini peseldip bileris.
- Kişmiş we sarymsak bilen çözgüt: munuň üçin 1 litr suwa 2 çaý çemçesi kişmiş we 10 diş sarymsak atyp 15 minut gaýnadyp süzmeli.Diş agyryňyz üçin bu suwa, soganyndan soňra agzyňyzy çaýkamagyňyz ýeterlik bolar.
Megerem az hem bolsa birzatlar öwredip bildik.Häzirden em bolsun!
Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew
gowy maslahatlae
Tus maña gerek zat
Salam imodaky puly prog…. ve zatlary mugt eday
Bu yerdaki taz tema foruma duydurus gornisde yazay
bobenak icsenem gowy etýär
gowy maslahatlar sag bolun.
Admin sagbol kop kop, thanks
beren maslahatyñyz üçin köp sag boluñ
dowamyny yazayynmy?men lukman
Gowy maglumat admin sizden haýyş bil agyrmagynada dyz agyrsynada emleri ýazsañyz hoşal bolardyk.
oran gerekli maglumat minnetdar
sag bolun kop kop komek etdi maslahatynyz
minnetdar admin.burun ganama hakyndada aydaysanyz
Öran oňat.Men öň bilmedik maglumatlarymy öwrendim.Sagboluň
sps
kop kop sag boluñ maslahatyñyza
Köp sagboluñ
♥
sagbolyn gowy maglumatlarynyz un
asgazan agyry barada maglumat berayin
gowu bolarda
gowu bolarda yerine yetirsen
mana gerek zat
mana gerek zat ???
? Abdullayewna?
?Abdullayewna?
Peydaly maslahatlar
– Gul shalyk
-Gulyq
hokman denarin menem disim agyrtya gorkyan dis dutara gitmane
sps
gowy maglumat
saglykly durmus
köp sagbolun beren maslahatyňyz
Köp sag boluň ? Işleriňizde üstünlik arzuw edýän ?
Kop-Kop sagbolun! Beren maslahatynyz ucin! Bilmeyan zatlarym bn tanys boldum!Babenak hem govy edyar disin curuk yerine goysan ya-da icsen
gwozdikly peyda etdi kop sagbolyn
peydaly maslahatlar
peydaly maslahatlar indi dis agyrdan kosmen
indi dis agyrdan kosenmen
Beren maslahatlarnyz ucin sagbolun.
kop sag bolun
krasywa
sagbolun peydaly maslahatlannyza agyry galmady
Gaty gowy maslahat
Admin yazgylary acanok name etmeli bolia okap bolanok programmany !
gaty gowy?
gaty gowy maslahatlar?
gaty gowy maslahatlar
Sagboluñ
.
esasy cozgudi sogurtmak
Gowy maslahata sag bolyn
Very good post! We are linking to this particularly great post on our site. Keep up the good writing. Agretha Billie Bethany
🏥
akyl dise plomba guydursanam bolyamy?
Disiñ ici garalsa name etmeli
Salam azy disime plomba goydurdym sonnada gunne erwet agyrya name sebapdenka?
gaty gowy
Ayyrtmasan hezil berenoklay
Sag bolun
Sag bolun yöne disim agyranok
Salam azy dişiň ganamasy nämedenka şoňa näme etmeli
Sağ boluň dış agyra maslahatyňyz üçin
Peydaly maslahatlanyz ucn spasibo kop oran gow peyda berdi
Diş agrysy kesel bolmaz ony görmäne gelen bolmaz diýeni dogry ýöne
Dish varada örän köp zatlary okapdym. Yöne bularyñ yarysyny birinji gezek eshityän. Peýda berdi, sag boluñ. Bir yerde okaýşyma görä soganam peýda berýän eken. Dogrumy? Dogry bolsa ol nädip ullanylýar?
Gowy hem peýdaly maslagat sag boluñ gury agra bowrek agra sowuklama garşy peýdaly nemlerden ýazsañyz hoşal bolardm
Gowy hem peýdaly maslagat sag boluñ
Su wagt menin gaty erbet disim agyrya ol dine kowekdi indi ony sogurtdym welin beter agyrya sona name etmeli
Gaty govy eken barlap gordum
Dish etinin giden yerinden dishin acyk galan köküniň agyrmasy yada sowuk we gyzgynlygyn ötmesini nahili ayyrmaly
Dişiň etiniň giden yerinde dişiň kökiniň açyk galan yerinde gyzgynlyk yada sowukluk ötmesi hemde agyrmasyny öňuni nahili almaly lukman aydyp berayda
sag bolun
Dişiň agyrsa name etmeli.