Diabet-halk arasynda süýji keseli diýlip bilinen, her bir adamda her dürli täsir ýüze çykarýan, her dürli görnüşde bolan esasy kesel.Bu bedende insulin garmonynyň ýetmezçiliginde ýüze çykýar.Bu dünýäde köp ýaýran keselleriň biri.20 ýaşdan ýokary her 7-8 adamdan birinde süýjülik mukdarynyň ýokarylygy gabat gelýär.

Bu kesele duçar bolan adamlaryň ömürleri boýunça saglykly iýmitlenmegi, ýagny berhiz tutmagy zerur hasaplanylýar.Esasan hem süýji iýmitlerden daşda durmagy maslahat berilýär.

Biz hem dünýä belli lukmanlar tarapyndan ykrar edilen, diabet bilen garşydaşlygymyzda bize gowy gelen, bedenimizi gollaýan, süýjä bolan zerurlyklarymyzy özünde saklaýan iýmitleriň haýsydygyny öwreneliň, bu iýmitlere saçagymyza has köp ýer bereliň diýdik.Belki-de bu kesel bilen biziň tanyşlarymyzdan, ýakynlarymyzdan kesellän bardyr.Olara bu iýmitleri maslahat bereliň:

  • Iň bellisi: Dalçyn (корица)

C:\Users\begench\Desktop\toz-tarcin-diyet-1.png

Dalçyn, süýjüsiz durmuşa gadam basmak isleýänleriň birinji derejeli iýmitlerinden biri.Bedenimiz süýji nygmat isläninde maslahat berlende ol, çaýyň içine şeker ýaly atyň diýlende ol. Bu näme üçin?

Çünki dalçyn bedende glýukoza derejesini peseldýär, bu hem süýjiniň bedenimize ýetirip biljek zyýanlarynyň azalmagyna kömek edýär.Dalçyn, süýjülik iýme islegini basyp ýatyrmakda hem iň gowy tebigy önüm hasaplanylýar.Dalçyny esasan iýýän iýmitleriňiziň arasyna goşup hem-de gaýmaga (сметана) garyp iýseňiz gowy netijeleri görüp bilersiňiz.

  • Belli bir mukdarda iýmek: Zenjebil (имбирь)

C:\Users\begench\Desktop\zencefilin-faydalari.jpg

Zenjebil-başgaça derman hasaplanylýar.Muny esasan gyş kesellerinde (grip, sowuklama) ulansak-da, zenjebil ganymyzdaky süýjülik mukdaryny hem deň mukdarda saklaýar.Bu ösümligi isleseňiz toz görnüşinde, isleseňiz uşakladylan görnüşde tükedip bilersiňiz.Zenjebili diabete garşy göreşmekde baldan başga islendik iýmit bilen garyşdyrmak mümkin.

  • Unuň bilen her zat has-da gowy: Sogan (лук)

C:\Users\begench\Desktop\patates-sogan.jpg

Her bir naharyň esasy önümlerinden biri bolan sogan, diňe naharlara lezzet bermek bilen çäklenmän, içindäki peýdaly maddalary barlygy sebäpli, çyg iýlende süýjülik derejesini deňagramly saklamaga uly kömek berýär.Kesellere garşy sarymsak bilen bilelikde antibiotige deňelen soganyň çyg halyny saçagyňyzdan azaltmaň.

  • Sogandan kemi ýok-da artygy bar bolan: Sarymsak (чеснок)

C:\Users\begench\Desktop\bir-dis-sarimsak-yemek-ne-ise-yarar-2.jpg

Sogan barada aýdyp sarymsak barada gürrüň etmesek bolmaz.Sarymsak gadym wagtlardan bu wagta “ölümsizligiň syry” diýlip tanalýar, birnäçe keselleriň garşysyna peýdasy köpdür.

Antidiabetik meselelere gelenimizde sarymsak süýji keseliniň ýol açan kynçylyklaryny ýok etmekde gowy netijeleri berýär.Gandaky süýjülik mukdaryny azaldyp, zyýanly täsirleri az mukdara getirýär.

  • Taýynlanmasy aňsat bolan: Hoz we hoz suwy (орех)

C:\Users\begench\Desktop\ceviz-suyunun-faydalari-2.jpg

Birnäçe adamlar tarapyndan maslahat berilýän, aňsat taýýarlanýan hoz suwuny içmek ýa-da günde 2 hoz iýmek diabetliler üçin peýdalydyr.Bedendäki ýokary holestriniň öňüne geçen hoz we hoz suwy, uly derejedäki süýjüliklere hem çäre bolup biler.

Hoz suwuny taýýarlamak örän aňsat:agşam ýatmazdan ozal bir bulgur otag temperaturadaky suwuň içine 1-2 sany hoz maňzyny atmaly.Ir bilen turanyňyzdan soňra, ertirlikden öň suwy içip hozlary iýmeli.Hoz suwy başgada köp dertlere garşy ulanylýar.

  • Kelem (капуста)

C:\Users\begench\Desktop\lahana-fayda-sivilce.jpg

Kelem , süýümli we pes kaloriýaly düzümi bilen tanalýar.Kelem esasan diýeta tutmakda peýdaly hasaplanylýar, ýöne onuň süýümli bolmagy diabete garşy hem bedenimize gowy täsir edýär.Onuň bu peýdasyny öwrenmek üçin kelemi esasan ýuwup çig halyna hem-de işdäaçarlara garyp iýip bilersiňiz.

  • Tagamy biraz ajymtyk gelse-de: Greýpfrut (грейпфрут)

C:\Users\begench\Desktop\greyfurt-portakal-gastrit.jpg

Içindäki uly mukdarda saklanan C witamini we az şeker mukdary saýasynda diabete garşylygymyzda ýanymyzda ýer alan greýpfrut,düzümindäki turşulygy sebäpli köp maslahat berilýär.Emma her gün yzygiderli basga dertler sebäpli dermanlar ulanylýan bolsa, greýpfrut peýdaly bolmagyň tersine zyýanly hem bolup biler.Bu sebäpli eger greýpfrut iýjek bolsaňyz we derman ulanýan bolsaňyz ilki bilen lukmandan maslahat soraň.

  • Iň peýdaly ýaglaryň biri: Zeýtun ýagy (оливковое масло)

C:\Users\begench\Desktop\zeytinyagiyla-pisirme.jpg

Türk lukmany Canan Karatay-yň dilinden düşürmedigi zeýtun ýagy,diabet meselesiniň çözgüdiniň eýesi bolanlardan.Käbirlerimiziň lezzetine haýran galdygymyz bu ýag, insulin mukdarynyň kadaly ýagdaýda bolmagyna ýardam edýär. Canan Karatay-yň aýtmagyna görä: “eger-de süýjüligiňiz ýa-da süýjülikden kesellän ýakynlaryňyz, tanyşlaryňyz bar bolsa onda hökman zeýtun ýagyndan peýdalanyň”. Günde 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy süýjilige garşy gowy netije berer.

Süýji keseline garşy mundan başgada birnäçe iýmit ulanylýar.Keseliň käbir adamlarda ýok bolup gitme ähtimallygy hem bar.Munuň çözgüdini 1921 ýylyň 14-nji noýabrynda insuliniň emeli alynmagy bilen tapdylar.2007-nji ýyldan bäri 14-nji noýabr “Dünýä diabet güni” diýlip tanalýar.

Belkide diabet hem oňa garşy göreşmek barada biraz maglumat öwrenendiris.

Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew

 

4,342 total views, 23 views today