Durmuşymyzda her bir adama ene-ata bolmak miýesser etsin-arzuwy bilen biziň çagalarymyzyň terbiýesi bilen baglanyşykly makala başlamakçy. Çagalaryň lälik bolmazlygy üçin näme etmeli?
Döwür üýtgeýär, çylşyrymlaşýar we özgerýär.Şoňa görä-de täze döwrüň nesillerinde terbiýe ýetmezçiligi ýagny,çagalaryň aýnaky (lälik) bolýandyklary babatda her bir döwletde mesele döreýär.Gürrüňi uzatmazdan makala geçmekçi.
Her bir ene-ata çagalarynyň islegini kanagatlandyrmak isleýär,ýöne käbirileri artykmaç ileri gidýär we lälik çagalary ýetişdirýär.Bu gelejekde maşgalada erbet netije görkezýär we üst-üstüne pes maşgalanyň çagasynyň kemsinmegine getirýär. Lälik çaga maşgala içinde yzygiderli arz etmegi, hiç zady halamadygy bilen birlikde, olar uly adamlar bolanlarynda tygşytsyz, bergidar we köp pul sowýan adamlardan bolýar.
Çagalaryňyzyň lälik bolmagyny islemeseňiz, ykdysadyýetlileriň we terapewtleriň maslahat berýän käbir usullary şulardan ybarat:
Özüňize düşüniň!
New Jersey, Metuchen’de sosial psiholog Susan Newman: özüňize, “çagamy näme üçin lälik saklaýan?” diýip soramagyňyz gerekdigini aýdýar.Oňa görä çagaňyzyň lälik bolmagy, ony diňlemek, onuň bilen az wagt geçirip gynanmak,özüňiziň kiçiligiňizde ýetmedik zadyňyzyň çagaňyzda bolmagyny islemek hem dostlaryňyzyň-goňşularyňyzyň çagalaryndan pes bolmak islegsizligiň munuň sebäbi bolup biler.Bu sebäpli Newman, özüňize düşünmegiňizi çagaňyzy lälik etmekden saklatjakdygyny we oňa başga bir tarapdan ýakynlaşmagyňyza getirjekdigini aýdyp geçýär.
Eger-de işiňiz köp bolup çagaňyz bilen kän wagt geçirip bilmän, özüňizi günäkär edýän bolsaňyz, ony käwagt parka äkitmek üçin wagt aýryp ýa-da oýunjak ýerine bilelikde gowy naharlanyp bilersiňiz.DWJ-nyň žurnalistine görä Share Save Spend (pul baradaky meseleleriňizde kömekçi) eýesi Nathan Dungan “Çagaňyza bir sowgat almagyňyz ne ýitiren wagtyňyzy yzyna getirer,ne oňa uzak wagtlap şadyýanlyk berer” diýýär.
Pul barada gürrüň ediň!
Nothern Trust Wealth Management-de maşgala hünärmeni Ann Freel, köp maşgalalaryň çagalarynyň uly derejede pula bagly bolmagyndan gorkdugy üçin olaryň ýanynda pul barada gürleşmediklerini aýdýar.
Öz maşgalaňyzyň maddy barlygy barada gürleşmek gerek.Freel: “eger pul bilen satyn alyp bolmaýan zatlaryň” bardygyny pikirlenýän bolsaňyz bulary çagalaryňyz bilen paýlaşmagyňyz we siziň üçin nämäniň esasylygyny olara aýtmagyňyzyň zerurdygyny belläp geçýär.
Çagalaryňyza öwrediň!
Eger çagaňyzyň ykdysadyýet babatda hiç düşünjesi ýok bolsa, onuň bilen bir töleg wagtynda pul barada gürleşmegiňizi makullaýan Freel, çagalaryňyzy orta mekdepden başlap az- -azdan maşgaladaky pul meselelerine goşup biljekdigiňizi aýdýar.Bu pikiri dünýäniň köp ýurtlary giňden ulanýar.Mysal üçin:aýlyk alanyňyzda doly möçberini aýtman 50 göterim möçberini aýtmak, maşgala býujeti bilen kiçiräk tanyşdyrmak.
Çagalarda “meselem” getiriň!
Freel: “Çagalar pul meselesindäki düşünjelerini hemme zatdan öň ene- -atalarynyň her gün eden hereketlerine seredip aýan edýär” diýýär.Mysal üçin: stresiňizi azaltmak üçin söwda etmegiňiz.
Freel goýan sowalga puluňyza, eden tölegleriňize we alan harytlaryňyza nähili garaýşyňyzyň bardygy hem çagaňyzda puluň gadyryny döredýändigini belleýär. Birden maşyn satyn almak ýerine, çagalaryňyza o maşyny almak üçin her aý nädip pul toplandygyňyzy ýa-da has köp işländigiňizi aýdyň.
Klontz-yň aýtmagyna görä “Kän puluňyz bar bolsa hem, çagalaryňyza arzanladyş bolan ýerlerde söwda etmegi öwrediň, çünki bu netijeler çaganyň gelejekde tygşytly bolmagyna getirer” diýip, aýdyp geçýär.
“Ýok” diýmäni öwreniň!
Çagalaryňyzy lälik etmek islemeýän bolsaňyz , etmegiňiz gerek bolan iň aňsat ädim “ýok” diýmegi öwrenmek.
New Ýorkdaky Lenox Advisors-uň hyzmatdaşlaryndan biri bolan Tomas Henske çagalara hemişe “Ýok” diýmegiň aňsat dälligini aýdýar.
Henske, 10 ýaşyndaky ogluňyz 240 dollarlyk aýakgap almak isläninde oňa näme üçin başga bir markadan ýarty bahasyna almak islemeýändigini soraň we munuň ýaly meseleler çykanynda çagaňyz bilen dialog guruň.Onuň özi ýagdaýa düşünmese, maşgaladaky harajadyň mukdarynyň islenilýän zatlar üçin çäkliligini aýdyň.
Henskä görä “Býujetiňizde aýakgaplar üçin aýyrýan puluňyzyň 100 dollardygyny we çagaňyz gymmat aýakgap almak isleýän bolsa oňa 140 dollar özüniň tapmalydygyny düşündiriň” diýip, nygtap geçýär.
Ýöne käwagt hiç zat aýtman diňe “ýok” diýmegiňiz gerek bolup biler.Bu tip pursatlarda ýanýoldaşyňyz bilen meňzeş pikirde bolmagyňyz hökmandyr.
“Çagalaryňyzyň pul meselesinde ata-eneleriniň ýa-da baba-mamasynyň arasynda göwne degmäge ýol bermäň” diýen New Jersey-daky Children’s Financial Network-iň ýolbaşçysy Neale Godfrey, “Terbiýäni är-aýal bolup bilelikde beriň we mundan asla boýun gaçyrmaň”.
Çagalaryňyzy işlediň!
Godfrey: “ Çagalaryňyza pul gazamanyň ýeke-täk ýolunyň- işlemekden geçdigini öwretmek bilen başlaň” diýýär.Uly ýaşly çagalar üçin bolsa :” eger uniwersitete giräýseň tomsuna işläp,öz çykdajylaryňy özüň ýaparsyň“ diýen ýaly maksatlary goýmalydygyňyzy belleýär.
Ykdysady hünärmen Andy McVay çagalaryňyzyň işläp pul gazanmaklarynyň, olaryň gelejekki ykdysady maksatlarynyň ulalmagyna we gelejekde peýdaly adam bolup ýetişjekdiklerini aýdýar.
Taýýarlan: Begenç Mälikgulyýew
sagbolin sunyaly gowy zatlar kopirak yazin
gowy zatlar yazypsynyz sag bolun, dogurdan hem cagalara islemegi owretmeli, bu. olary hereketde bolmagna hem itergi berya
dogry gowy tema saylapsynyz sag bolun peydalanmak ucin gerekli
Gowy Yazyldyr Tuwelleme
Berekella, gowy hem aktual tema!
gaty gowy tema saylapsyñyz durmuşda gerekli maslahat
???
Dogry aydyp gecipdirler, gerekli maslahatlar.Sag bol.Isinizde hemise ustunlik.
gowy
hello
salamaleykum
berekella sagboluň
dogrudanam seyle lalik bolmak gowy zat dal
??
gowy tema mlds.sular ýaly temalary kopräk goýup durun.dogry zat çagalar lälik bolmaly däl.
dogry aydyañ, “cagany yaşdan ayaly başdan” diyilyän nakyl ýöne ýere aýdylmandyr çagany ýaşlykdan terbiýeleseň ulalandan soň hem şol terbiýe bilen ýaşar
♥
♥♥♥
gaty govy suvagt hasam zerur sunun yaly maslahatlar hocri kop bolsyn admin aga
Gaty gerekli zatlar geljekde gaty yrdamy uly bolar
gaty gerkli zatlar kaska ulularam terbiyelap bolsa
gaty gerekli zatlar kaska ulu lalik cagalry terbiyelap bolsady
oran gowy bolupdur
gowy şu sözlerden bizem sapak alars
Sag bolun gowy zatlar yazanñyz ucin
+99361215131
саг болун
gaty dogry
hemmesem gaty dogry aydylan sozler
sag bolun hemme aydylanlar dogry
ata-ene bolmak uly bagtdyr
?????
✋
супер
çigidiñ kómegi degerdi ýada nasyñ???
dogry sozler
kartinkalary acanok bir minusy
? ? ? ? ?
Gaty gowy tema . Mundan beýläk hem has gyzykly we derwaýys meseleler barada düşünjelerimizi artdyrsak gowy boljak.
gaty gowy ?
köp köp sag boluň gaty gowy maslahat
Gaty gowy