Bloger bolmak üçin nämeler etmeli?
Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly agzalary! Öňki “Blogerler kimler” atly mowzukda duýduryşym ýaly şu gün size “Bloger bolmak üçin nämeler etmeli?” atly mowzuk döretdim.
Yzygiderligi boýunça ünsli okaň :
- Bloger bolmak üçin ilki siz özüňiziň internetde bloguňyzy döretmegiňiz zerur. Onuň üçin internetde birnäçe mugt blog döredýän platformalar bar. Olardan mysal getirip, “blogger.com” , “wordpress.com” , “livejournal.com” , “ghost.org” we ş.m.
- Özüňiziň şahsy bloguňyzy döredenden soň, oňa hökmän domen we hosting satyn almaly. Satyn alman hem platformanyň içinde bloguňyzy ýöredip bilersiňiz. Ýöne bu ýöredýän bloguňyz meşhurlyk gazanmaz. Şonuň üçin özüň adyňa şahsy domen we hosting alanyň amatly bolýar. Satyn alan domeniňiz we hosting diňe size degişli bolar. Blogy diňe bir adam ýöretmeli.
- Bloguňyzda hemişe gyzykly maglumatlary, mowzuklary, laýfhaklary döretmäge çalşyň! Bu bolsa size Internet Äleminde meşhurlyk gazanmaga itergi berer.
Blog arkaly pul gazanmak.
Blogerlere internetde pul gazanmak aňsat däl. Munuň üçin diňe bloguňy aktiw ýagdaýda saklamaly. Saýtda pul gazanyşyň ýaly, blogda hem şeýle pul gazanylýar. Ikisiniň hem pul gazanyş prinsipi meňzeş. Ýatdan çykarmaň, blog döreden günüňizden başlap pul gazanyp bilmersiňiz! Onuň üçin köpräk zähmet çekmeli bolarsyňyz. Eger-de siziň ululy-kiçili firmaňyz ýa-da siz biznesmen bolsaňyz onda blog ýöredip pul gazanmak aňsat bolar. Sebäbi, köp biznesmenler özüne şahsy blog döredip, blogy arkaly söwda edýärler.
Sizi bir sorag gyzyklandyrýandyr “Blogerler näçe pul gazanýarka?”. Bu soraga jogap gaýtarmak kyn mesele bolup durýar. Men internetde köp blogerler hakda okapdym. Aýyna 2000$ (amerikan dollary) gazanýan blogerler hem bar. Ýöne beýle möçberde pul gazanmak olara aňsatdyr öýtmäň. Her bir işiň kynçylygy bardyr.
Indi bilýänsiňiz, bloger – bu adaty hobbi däl, bu ýokary wezipeli iş!
Ýazan: Ilhan Döwranow
Bagyşlañ weli meniñ blogda goýan zadymy google arkaly gorip bilýalermi gorenine menin vitsa karyma pul gecyarmi
Doslar kimiñ blog yazmakdan başy çykyan bolsa men saydyma bloger gerek hawarlasmak ucin line id turkmentv
salam dos gowmy?menin samsung j3 2016 telefonym bar!sol telefonda dine 3G cykya…sony 4G cykyan edip bolyamy?programmasy zady yokmyka
Salam Yhlas! Men senin pochtany hat iberdim.
vvjjv
line@ larda like kopeltmani yazaynda
salam salam salam
Mazadow.jimdo.com
Owrenmeli kan zat goyas
men blogger tayynlap bilyan
islan web sahypanyzy, mundan bashgada naili dizayyn ishleri bolsada tayynlap beryan
Yhlas talyp vagtynda nhli girdeyji tapsa bolar bilyan bolsang jogap beray
Ihlan bagyshlang
nadip wikipediada ozuni goyup bolar?
blogger acdym shona cykaryan zatlam dan pul gazanyp bolyami nahili bolya dusundirayinda doslar
su bloger den.nadip.puly almali shoni aydayinda gayrat etin men imo.da.+99361113919 gayrat edin kim bilyan bolsa
Blogger android programma bar eken alyp sozdat edip ulanybermelimi???
Nadip pul gazanmaly
kop kop sagbol admin…
Men bloger adymam TAAN yutupda.
şu Turkmenistanly blogerlara işläp gazansa bolyamy?
.Maslahatynyzy okadym gaty vrady cag bolun.
Pully kanallary açýan podpiska saýty nädip açyp bilerin özüme şahsy edip kömek edäýiň admin haýyş