Türkmen programmalar gün geçdigiçe köpelýär we bu diýseň ajaýyp bir ýagdaý. Öz dilimizde programmalaryň web sahypalaryň köpelmegi bizi buýsandyrýar.
Bu temada android üçin taýýarlanan käbir türkmen programmalaryň sanawyny taýýarladym.
1.Soragçy
Handroid atly developer tarapyndan taýýarlanan Soragçy programmasy, özüni bilime kämilleşdirmek üçin höwesli kişiler üçin diýseň gyzykly programma.
Developer-yň Soragçy hakyndaky sözleri:
Soragçy programynda Taryh,Matematika,türkmen dili,Fizika,Geografiýa,Iňlis dili,Himiýa,Edebiýat we Biologiýa bölümleri bardyr. We Soragçy size bu bölümleriň ählisinden soraglar taýýarlady. Eger taýyn bolsaňyz. “Soragçy” sabyrsyzlyk bilen size garaşýar. Zehiniňizi bize görkeziň.
2.Howa Maglumaty
ARCH TM atly developer tarapyndan taýýarlanan Howa Maglumaty programmasy, Türkmenistanyň howa maglumatyny öwrenip bilersiňiz.
Developer-yň Howa Maglumaty hakyndaky sözleri:
* Şu wagtky howa maglumatyny anyk görkezer, * Şu wagtky şemalyn tizligini görkezer, * Şu wagtky howanyn yagdaýy barada maglumat berer. (Bulutly, ýagyşly) * Öňümizdäki hepde boýunça bolmagyna garaşylýan howa maglumatlaryny gije we gündiz üçin görkezer. * Türkmenistanyň şäherlerini gözläp tapmak üçin wagt sarp etmezden, howanyň yagdaýyny bilmek isleýän şaheriňizi sanawnamadan aňsatlyk bilen seçip bilersiniz.
3.ÝHK aňsat
ÝHK-aňsat 82 sany biletden we 820 sany soragdan ybarat. Dogry bellenilen jogap ýaşyl we ýalňyş bellenilen jogap gyzyl reňk bilen görkezilýar.
ÝHK-aňsat bu iň aňsat we iň çalt usul bilen soraglary ýatda saklamaga we synaga giriş üçin edýän çykdaýjyňyzy azaltmaga kömek eder.
4.Tapmaçalar
ARCH TM atly developer tarapyndan taýýarlanan Tapmaçalar programmasy bilen dürli krossword soraglary bilen wagtyňyzy geçirip bilersiňiz.
Developer-yň Tapmaçalar hakyndaky sözleri:
Tapmaçalar (krosword görnüşünde)
5.Degişmeler
Mkurbanov atly developer tarapyndan taýýarlanan Degişmeler programmasynda gyzykly degişmeler paýlaşylýar.
Developer-yň Degişmeler hakyndaky sözleri:
Programmanyň mümkinçilikleri:
?Siz hem admina degişme ugradyp bilersiňiz.
?Günde suratly degişmeler.
?Günde ýazgyly degişmeler.
?Göwnüňize ýaran degişmäni paýlaşyp bilersiňiz.
?Internet ýok halynda hem ýüklenen degişmeleri okamak mümkinçiligi.
?Haladym düwmesi.
?Agza bolmak.
6.GYZYKLY
Gurbannazar Charyyev atly developer tarapyndan taýýarlanan GYZYKLY programmasy her gün gyzykly maglumatlary hödürleýär.
Developer-yň GYZYKLY hakyndaky sözleri:
GYZYKLY – her gün täze zatlary öwrenmek üçin , tehnologiýa dünýäsi , ylymlar älemi we köp köp gyzykly maglumatlar.
Meniň saýlap tapan programmalarym şulardan ybarat. Eger siziňem ulanýan türkmen programmalaryňyz bar bolsa, teswirlerde paýlaşyp bilersiňiz.
“Bildirisyeri” atly programma hem ulanmaga amatly. Play marketden indirip bolyar. Iphone telefonlaryñ eýeleri ýa-da android telefonyna indermane ýaltananlar “www.bildirisyeri.com” saýtyndan girip gorup bilerler.
gaty onat
Name uc sonky 1ay bari mende play market ishlanok shol nameden ishlanokka shony nadip caresini tapmaly hic zat skacat edip bilemok
menem prog goýup bilerinmi admin?
Hawa goýup bilersiñ. programmañy support@tsoltanov.com poçta iber
howa maglumatyny nadip alynyar googledaki ustanofgasyn ugradynda
play market name uçin islänokkan
play market islemese ine seytmeli
Nastroyka girmeli onson priloženiýa basmaly onson dispetçer priloźeniýa basmaly onson play marketi tapyp ustune basmaly onson oçistit dannyý basmaly
onson ertir girip gormeli
Gyzyly programmasyny nadip alyp bolya
Gyzykly programma pes işleýär gowu däl.
pley marketda tmçe sport futbol habarlary progyň adyny bilýän bolsanyz ýazyň mende delete bolpdyr
tapmacalar programa play marketda yok nirden tapyp bolya?
gow
Ozumem oyum we programma doredyan, yone google playde bulary goyup bilmedim. 25$ tolegi bar eken…
Name ün Kitaphana diyen prilojeniya yok
turkmen garaskop yokmy
Turkmen garaskop yokmy ba bolsa aydayynda
gowy maglumatlar beryaniz admin
Gowşudyň aýdanyna goşulýan .Näme etmelikä
Admin basga turkmen programma yokmai? Gorodskop yaly?
hemme howa maglumatlary wirus geçirmäñ iñ gowusy õz telefonyñyzdakyny ulanyñ !!!!!!!!
ADMIN 5 SEKUNT MENI DINLE. MEN HEM PROG YASADYM GOULUGYNA SOZ YOK. MANYLY SOZLER SIRIN SOZLER BAR. PLAY MARKEDE GOYUP BILMEDIM. SO SEBAPLI SONY GOYP BERAYIN NACE DIYSENIZ BERJEK NOM +99362824256 SU NOMA IMODAN YAZAYYN GATY GOU PROG SOZ YOK NACE DIYSENIZ BERJEK ADMIN SUNY GOYP BERSENIZ
agam telm android versiyasy pes turkmenprogramma “kitaphanadan”kitap alyan acanokda versiyasy pes tellerede nadip elektron kitap satyn alyp bolarka ovredayde
Oñler matematika diyen 1 programma bardy.gara ozi daşyndaky suratam M harpdy.şol program indi tapyp bilemok.šol program hemme zat etyardi.geometriya danam çozip beryadi.ýaşyñam hasaplaýardy.kone puly taze pul birliginede ôwirýärdi.emma şony tapyp bilemok.admin eger bolsa şony goýaýyn playmarket e
Men rus dili turkmen dili sozlik ulanyan.gaty gowy hemme.zat achyk aydyn berilen.bilmeyanler bar bolsa play market e yazyp tapyp bilersiniz.
hakykatdanam oran gowy
Admin bu yerde gorkezilen tapmacalar atly programma play store de yok ony nirden tapyp bolya
Antiwiruslary almak ucin name etmeli, nama girmalika? Eger bilseniz aydaysanyz!
admin dos tapmacalar programmany nadip almalay owredayda ozuna goyupsyn google hic yerdenem tapmadyma ya sennyanyna baryp gecirmelimi nam etmeli
85gradysy nadip obnawlenya etmeli shon programasyny bilyaniniz barmy
Tapmaçalar programmasy Play Marketde ýok.
Admin shu appy maslahat berdiniz welin ony nadip download etmeli.
…
Bu programmalan name peydasy bar olan peydasy yoga
DOS NAME UCIN YUKLAP BOLANOK
Şu programmalary taýýarlana köp sag bolsun aýdýaryn. Türkmen dili döwlet dili, şonuň üçin dilimizi dürli usullaryň üsti bilen ösdürmek ählimize degişli.
sagbolun…
Degishmeler progy gowy eken mana yarady ?
Sagja bol diysen gowy
bet boljak
salam admin ot cop gozlenyanin turkmencesi yokmy
Gaty gowy programmanyz bar eken.haladym yone kabir fayyllarynyzy yyklap bilmebim name etmeli?
Degishmeler diyen programmasyny nadip ishletmeli
Himiya 7 synp 8 synp 9synp 10synp 11synp
salam men telefonum android mende youtube on intro arkaly ishleyad indi shu ayan introda ishlanok YouTube ucin haysy vpn ishleya Turkmenistanda aydayynda
salam men telefonum android men YouTube ucin haysy vpn ishleya turkmenistanda?Intro ishlanok
menin telefonym android mende YouTube on intro vpn arkaly ishleyadi indi intro ishlanok haysy vpn ishleya hazir YouTube ucin aydayynda
tm cell toleg
TMBAZAR programmasy hem gaty gyzykly
TMBAZAR programmasy hem gaty gyzykly
9 synp geografiýa
name yazmaly?
gaty gowy
bilermen
Admin Android pragramma duzdirmek uçin size yuz tutup bolyarmy?
TEXTNOW PROGRAMMANY NÄDIP AÇYP BOLÝAR . ŞOL HAKDA-DA GOÝAÝYŇ HAÝYŞ.