Android telefonyňyzda ýalňyşlyk bilen bozan maglumatlaryňyzy yzyna getirmek, pikir edişiňizden has kyn, käbir ýagdaýlarda mümkin däl.
Bu gün şahsy kompýuterlerimizdäki operasiýa ulgamlary hapa sebetlerini (korzina) özünde jemleýär. Siz maglumatyňyzy düýpleýin pozmadyk ýagdaýyňyzda sebetde durýar. Android telefonlarda bolsa hapa sebetlerine gabat gelmeýäris. Köpümiz diýen ýaly iň az bir şahsy maglumatymyzy ýalňyşlyk bilen pozýandyrys.
Bu temamyzda android telefonlarymyza, hapa sebetlerini ýerine ýetirýän käbir programmalar bilen tanyş bolalyň. Bilenlerimiz hem az däl bolsa gerek.
BELLIK: Aşakdaky ady agzalan programmalaryň peýdasy, haçanda siz programmany gurnanyňyzdan soňra bozan zatlaryňyzy yzyna getirýändir. Telefonyňyzda programma ýok wagty bozulan zatlaryňyzy yzyna getirip bilýän däldir.
1.Dumpster
Dumpster ulanyjylardan hem iň gowy teswirleri alan, android üçin döredilen iň başarnykly hapa sebedi programmalaryň biridir. Bozan maglumatlaryňyzy öz hapa sebedine geçirýär we islän wagtyňyz yzyna alyp bilýärsiňiz. Programma root-syz hem işleýär.
2.DiskDigger
DiskDigger android telefonlarda ulanyp boljak beýleki bir başarnykly yzyna getirýän programmasy bolup garşymyzda. Programma root-syz we root-ly telefonlarda işläp bilýär, root-ly telefonlarda has gowy netije berjegini söz berýär. Bozan maglumatlaryňyzy bu programma bilen yzyna getirip bilýärsiňiz.
3.Recycle Master
Recycle Master bilen bozulan zatlaryňyzy aňsatlyk bilen yzyna getirip bolýar. Bozan maglumatyňyzy bir gezek basyp yzyna getirip bolýar. Isleseňiz gorag üçin açar sözi goýup bilýärsiňiz. Programma sada we arassa görnüşe eýedir.
4.Cx File Explorer
Cx File Explorer adyndan hem bolşy ýaly faýly dolandyryjy we hapa sebedini özünde jemleýär. Telefonyňyzda saklaýan maglumatlaryňyz hakynda statistikileri görüp bilýärsiňiz.
5.File Commander
Sada we täzelikçi bir görnüşe eýe bolan File Commander üýtgeşikli bir faýly dolandyryjydyr. Hapa sebedi hem bar.
Android telefonlary üçin iň gowy hapa sebetleri
Gaty gowy menem gozlap yordim sonun yaly zady
salam .admin pozulan smsleri nadip yzyna alyp bolyar sol baradada yazada gyn gormesen
gaty gowy sagja bol admin.yone bir zady sorajakdym.bul programmalar udalit bolan maglumaty oz onki gowruminde(mb.tynda) saklayamy yada kopeltyami?!
“root” name?
sagbol admin
sagbol admin kop kop?
yhtyyar
Kim bar
nadip programma doredip bolar sol barada maglumat goyayda admin
programma doretmek barada maglumat goyayda
salam admin kompyutere nadip akkaunt duzmeli
Dumpster program ma suratlary kacestwasy pes hilde alp bolyar men ulanyp gordum kan gowy dal
Salam hemma you tubeden vudeo skacat edyan proggama bilyan bar bolsa aydayyn
bulok edilen nomeri nadip acmaly abanen bloga salan son men jan edemde jona jan bararyaly edip bolyamy
CxFile programma Play marketden(Google play) ýükläp bolanok.
Thank youu!
Thank youuu!
salam gynansakda telden ayyrlan zatlar yzyna gaytdyp gelmeyar ol programalar dine oz telde pdf file yaly fayylar bar bolsa sondaky suratlary cykaryar bi bolmajak zat diskdigger