Android telefon Mikro SDini (çip) görenok. Näme edip bilerin?
Eger android telefonyňyza täze bir mikro sd (çip) goýan wagtyňyzda telefonyňyz görmeýän bolsa, ilki ýoly mikro sdini (çibi) formatlamagy maslahat berýäris. Eger Mikro SD kartyňyzy täze alan bolsaňyz, formatlamak problemasyz ediljekdir. Bu ýol problemaňyzy çözjekdir. Bu ýoly Android telefonyňyzyň üsti bilen etmegiňizi maslahat berýärin. Munuň üçin: Android telefonyňyzyň Sazlamalar (Aýarlar, Settings, Nastroýka) bölümüne giriň we menýu açylanda Storage (Depolama, хранение) diýen ýere basyň. Storage Menýusy açylanda iň aşakda Форматирование карты памяти (Hafıza kartını biçimlendirme, Format the memory card) ýazylan ýere basyň. Bu ýere Telefonyňyzyň üstü bilen baryp bilmeýän bolsaňyz, ýa-da başa barmaýan bolsa kompýuteriň üsti bilen etmäge synanşyň. Munuň üçin bolsa Mikro Sdini kompýutere baglamagyňyz gerekdir. (Çip okaýan adapterleriň kňmegi bilen baglap bilersiňiz) Baglanyňyzdan soňra beýleki Fleşkalary nähili format etýän bolsaňyz muny hem edil şonuň ýaly formatlamalydyr.
Android telefonyňyzda öň ulanyp ýören Mikro SDiňiz (çip) birden görünmän başlan içindäki maglumatlary ýitirmek islemeýän bolsaňyz etmeli işleriňizi düşündirjek.
Android Telefonlarda ulananýan Mikro SDlerde (çip) käwagt data okama ýalňyşlyklary ýüze çykýar. (Ýagny Telefon Çibimizdäki maglumatlarymyzy dogry okap bilmeýär). Käwagtlarda bolsa öň ulandygymyz çiplerimizi wagtlaýyn bir ulanman ýerde goýup, has soňra telefonymyza dakanymyzda, telefonymyz çibi görman bilýär. Munuň üçin size maslahatym, Ýaňky aýdyşym ýaly Çibiňizi kompýutere baglaň, Internetden Mugt görnüşünde rekowery ( Pozulan maglumatlary yzyna getirýän) programalardan peýdalanyp, Ýiten maglumatlaryňyzy yzyna getirip bilersiňiz. Soňra bolsa yzyna alan maglumatlaryňyzy kompýutere geçirip, Mikro sdiňiziň ýalňyşlyklaryny gidermek üçin format edip Telefonyňyza dakyň. Çibiňiz işläp başlan bolsaa problema çözülendir.
Ulanylyşy sadaja bolan SD kart rekowery programasy http://7datarecovery.com/file/7data-cr.exe 2MB
admin apple id nahili doretmeli sony yazsan hosal bolardyk
Admin Mende programma kop nadip sana ugratmaly
howwalaý apple idi aç many doly düsünnüräýdä
apple id açmak problema däl ios ulanyp gormedim diňe android ulanýan androidde hem apple id açyp bolýara problema däl.
Okamagy maslahat beryan ‘Apple Idini açmak’
Şu programada ‘Owrenmeli’
Çeşme : http://blog.tsoltanov.com/apple-idini-acmak/
sagbol @ADMIN
tazelik döredip duryñ
sagbol admin kop kop
Hökman gerekli maglumat Kop sagbol
apple id internetden hem acyp bolyar, su saytdan ansatlyk bilen https://appleid.apple.com
Admin gerekli zat yazanogay kopusi bolgusyz zatlar
saol
@admin line akawundaky postlan sylkasyny nadip almaly gayrat edip aydayyn
admin men on ollanyp yoren chipin okanok shu app yukledim yone hich zada yaramady update etmeli programmany diyya o nahili bolyar
bilmedim ozuniz owredayin hayyst
icindaki zatlan yerinde dur yone format edip bolmasa name etmeli
name ucin sumat telefonlan 8Гб diyyarler onam 4Гб ulanyp bolyar on beleki 4Гб ulanyp bolmayamy
tüweleme
çip format bolmasa nãme etmeli kompyuterde bolonak,teldede?
altyn asyr plastik kartymy yitirdim.name etmeli
Men fleskamy kompyuterime dykamda fleskadaky bar zatlary yuwas yuwasdan ocuryar ahyrynda bolsa fleskany format eden yaly bolyar fleska bosap galyar name ucin fleskadaky zatlar seydip ocyarka bolmasa mende ESETNOD32 bar name ucin???
Jogap berayinda