LINE Creators Market 2
Bu ýazga baha ber
Reklam ucin yer
Geçenki Temamyzda LINE Creators Marketa registrasiýa bolmagy öwrenipdik. Indi bolsa Nähili stiker ýasamalydygy hakynda giraz aýdyp geçeliň.

Stiker ýasamak üçin Elbetde sizde çyzym çyzmak hakynda tejribäňiz bolmalydyr. Ýogsa Stiker satmagyňyz amala aşmaz. Siz haçanda Stiker taýýar bolup ugradanyňyzda, LINE siziň suratlaryňyzy barlaýar. Eger gurallaryna görä bolsa, onda Stikeriňiz kabul edilýär.

Stikeri Nädip ýasamaly?

Stiker ýasamak üçin Siz Adobe flash/ Adobe Photoshop/ Adobe Illustrator ýaly programalary normal derejede bilmegiňiz mejburdyr. Eger Elde has gowy çyzyp bilýän bolsaňyz. Onda Çyzyp, kompýuteriňize ýükläp illustratordan bezäp geçirmeli bolarsyňyz.

Eger stiker ýasap satmaga has höwesjeň bolsaňyz, onda size ýokardaky agzalan programmalary öwrenmegi maslahat berýän.

Indiki temamyz Ýasalan stikeri LINE-a ugratmak barada açylar.

4,284 gezek okaldy