LINE-da Paýlaşylan zatlary indirmek
Bu ýazga baha ber
Bilşimiz ýaly LINE-da käbir accountlar Indirmek üçin maglumatlar (pdf. mp3. apk ýaly birnaçe faýllar) paýlaşýarlar.

LINE-yň bolsa soňky wersiýalarynda Öz içine browserini goýdy. Onsoň biz LINEdaky linkleriň (url) üstüne basanymyzda LINE-yň öz browserinde açýar, ol browserde bolsa indirmeli zady indirmäge rugsat bermeýär. Geliň biz LINE-da paýlaşynlary dogry ýol bilen telefonymyza indirmegi öwreneliň.

Suratda görşüňiz ýaly biri indirmek üçin faýl linkini paýlaşypdyr. Linkiň üstüne basalyň.

Linkiň üstüne basdyk aşakdaky ýaly LINE logoly öz browseri açyldy. Biz bu ýerdäki indirilýän düwmelere basan ýagdaýymyzda hem indirmez. Dowam edeliň. Suratda strelkaň görkezip duran ýerine basalyň.

Aşakdaky suratda görşümiz ýaly menýu çykdy şol menýudan ýene strealka bize görkezip duran ýerine basalyň.

Soňra aşakdaky görşümiz ýaly telefonymyzdaky browserleriň listi çykar. Biz haýsyny islesek şol browsere gireliň.

Öz browserimize girdik. Ynha indi arkaýyn paýlaşylan zatlary şeýdip indirip bileris.

 

 

8,703 gezek okaldy