Android Programa nähili ýasamaly?
5 (100%) 1 vote
Eger Android programa döretmek hakynda bilesiň gelýän bolsa, gyzyklanýan bolsaň onda aşakdaky, temany okamagy maslahat berýärin.

Android programa ýasalyşynyň başdan soňa nähili ýasalýandygyny size hat üsti bilen düşündirmegimiz mümkin däl. Onsoňam Android öwrenmek üçin XML we JAVA dillerini bilmegiňiz mejburydyr. Ýöne bu ýerde okajagyňyz zatlar, Android programa hakynda gözýetimiňizi giňelder diýip pikir edýärin.

Android prrograma döretmek üçin ilki bilen XML we JAVA dillerine eýe bolmagyňyz gerekdir. XML ýa-da Java hakynda bir tejribäňiz bar bolsa, Android progammirleme size has hem aňsat düşer. Eger Xml Java bilmeýän bolsaňyz. Onda Xml we Java sapaklaryna girmegiňizi maslahat berýärin. Xml we Java bolmasa Android programa döretmek mümkin däldir.

Android Programmirleme üçin kompýuteriňize Birnäçe programalar gurnamalysyňyz.

  • Android SDK
  • Java Development Kit (JDK)

Android SDK Programasynyň göwrümi 1 GB. Ol 1GB-lyk programany indireniňizden soňra hem Kompýuteriňize Internet baglap Jemi 26-28 GB lyk birnäçe sdk materiallary indirmelisiňiz!

Android SDK indirmek üçin Şu linkden has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz! https://developer.android.com/studio/index.html

Eger iňlis dilini bilýän bolsaň. Şu temany okap köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Temaň ady: Building Your First App (Ilkinji Programaňy döret) https://developer.android.com/training/basics/firstapp/index.html

 

 

10,771 gezek okaldy