LINE-da ýazyşan Hatlaryňyzy ýatda saklamak.
5 (100%) 1 vote
Eger siz LINE programasyny pozup täzeden ýüklemeli ýagdaýda bolsaňyz. LINE çatda hem bir topar kişi bilen ýazyşanlaryňyzy ýitirmek islemeýän bolsaňyz bu temany okamagy maslahat berýän!
Söhbet geçmişiňizi ýatda saklanyňyzda awto şekilde maglumatlar telefonyňyzyň içine saklanylýar. Telefonyň öz pamedi ýa-da Memory kartyňyza ýüklenýär we täze papka açylýar. Papkaň ady LINE_backup bolýar. Siziň hem ýatda saklanlaryňyz şol papkaň içinde durýar.
Söhbet geçmişiňizi ýatda saklamak üçin aşakdakylary ýerine ýetiriň:
Eger çat sahypasyny tapmasaňyz Şuňa basyp baryp bilersiňiz > LINE çat sahypasy
1. Chats penjıresine gırıp we kim bilen ýazyşanlaryňyzy ýatda saklajak bolsaňyz şoňa giriň.
2. Soňra ýokarda çep tarapda duran V Şekiljige basyň soňra şeýle ýazylana basyň Chat Settings .(Настройки чата.)
3. Ýokarka gireniňizden soňra şeýle ýazgyny tapyp üstüne basyň Backup Chat History.  (Резервное копирование История чата)
Backup Chat History gireniňizden soňra iki sany ýazgy bardyr birinjisi Backup as a Text File eger muňa basyp ýatda saklasaňyz diňe  ýazgy görnüşünde alyp bilersiňiz. Ony hem aýry note ýaly text okalýan programalarda açyp bilersiňiz.
Ikinji ýazgy bolsa  Backup all eger muňa basyp ýatda saklasaňyz siziň söhbetdäki ähli iberen gelen zatlaryňyz ýatda saklanar. (Surat, stiker, Ses, ýazgylar). Ýatda saklanyňyzdan soňra Siz LINE ýa-da şol kişi bilen ýazyşan zatlaryňyzy LINE-dan pozan ýagdaýyňyzdada yzyna getirip bilersiňiz. (Bellik: Egerde telefonyňyzy Hard reset ýaly tutuş zatlaryňyzy pozjak bolsaňyz onda telefonyňyzdaky Line Backup papkasyny alyp galmagyňyzy maslahat berýäris. Has soňra öňki ýerine oklap goýsaňyz söhbetleriňizi yzyna getirip bilersiňiz)
Hawa indi siz ýokardakylaryň ikinjisine basyp ýatda saklan bolsaňyz we haçanda ýatda saklan kişiniňiz bilen ýayşanlaryňyzy pozan bolsaňyz onda ony yzyna getirmegi öwreneliň.
Ýazyşanlaryňy yzyna getirmek hem edil ýokardaky ädimler ýaly gaty aňsatdyr.
Ilki Çat sahypasyna giriň. Başda kim bilen ýazyşanlaryňyz ýatda saklan bolsaňyz şonuň sňhbet otagyna giriň we Ýokarda sag tarapda duran V şekiljige basyň Ondan hem Chat Settings .(Настройки чата.) diýen ýere basyň.
Eger siz ýatda saklan bolsaňyz şol sahypadan şeýle ýazgy çykar Import Chat History (Импорт истории чат.) Şol ýazga basyň. Basanyňyzdan soňra sizden Hakykatdan hem yzyna getirilsinmi diýip siz hem Da (Yes) basyň. Biraz garaşyň. Dolandan soňra Söhbet otagyna serediň. Ähli pozulanlar yzyna gaýtarylandyr.
Düşünmedik Zatlaryňyz bolsa ovrenmeli@gmail.com poçtasyna doly edip ýazyň. Elimizden geldigiçe wagtynda jogap berjekdiris!

9,275 gezek okaldy