LINE bilen habarlaşmak
5 (100%) 1 vote

Siz LINE bilen habarlaşyp öz şikaýatlaryňyzy ýa-da problemalaryňyzy ýazyp jogap alyp bilersiňiz. Meselem LINE-LINE@ hasabyňyz ogurlandymy ýa-da LINE hasaplaryňyz dogry düzgün işlänokmy. Onda sen jikme- jik LINE-a ýazyp bilersiňiz!

Haýsy dilde ýazmaly?

LINE-a diňe iňlis dilinde ýazmalydyr. Eger başga dilde ýazsaňyz Jogap alyp bilmersiňiz!

LINE-a nirden we nädip ýazmaly?

LINE-a ýazmak üçin ýörite web sahypasy bardyr. Siz ol ýere girip garşyňyza çykan formy doldurmaly.

1.Your device – siz LINEy haýsy enjamda ulanýaňyz, şony saýlamaly.

2.Service – Siz LINE-a haýsy serwisi hakynda ýazmakçy bolsaňyz şony saýlaň.

3.Category – Bu ýere serwisi saýlanyňyzdan soňra  serwisiň belli bölümleri çykar eger siziň ýazmakçy bolýan zadyňyz halynda ýok bolsa. Onda Other saýlaň.

4.Details – Bu ýere Bölümleri saýlanyňdan soňra eger belli bir bölüm saýlan bolsaň özüňe gerek zady saýla ýok bolsada ýene Other saýlaň.

5.Reply Email – Bu ýere haýsy mail poçtaňyza jogabyň gelmegini isleýän bolsaňyz şol poçtaňyzy ýazyň.

6.Select your Country – Bu ýere LINE-a haýsy ýurtdan registrasiýa eden bolsaň Şol ýurdy saýlaň.

7.Phone number – Bu ýere LINE-y haýsy nomerden registrasiýa eden bolsaňyz şol nomeri ýazyň.

8.Your Registered Email – Bu ýere siz LINE-a ýa-da LINE serwislerde registrasiýa eden email poçtaňyzy ýazyň.

9.Bu boşluga bolsa Öz ýazmakçy bolýan zadyňyzy dogry we doly görnüşde ýazyň eger bir surat ýada başga bir zat ugratmak isleýän bolsaňyz oň aşagyndaky Attach düwmesine basyp ugratmak isleýän zadyňyzy goşuň.

10.Ähli zat taýýar bolandan soňra SEND diýen ýaşyl düwmä basyň. Soňra siziň poçtaňyza Awtojogap geler hatyňyzy aldyk diýip. Oňa üns bermäň. Siziň hakyky jogabyňyz iň köp 1 hepdäň dowamynda poçtaňyza geler.

LINE-a ýazmak üçin saýty http://contact.line.me

7,281 gezek okaldy