Dumpster – Androidda Gidenleri yzyna getir!
Bu ýazga baha ber
Reklam ucin yer
 
Dumspter näme?
Dumpster Android telefonlarda datalary (içindäki zatlary) halas etmek üçin ulanylan bir Recovery (Dikeliş, Gutylyş) programasydyr. Kompýuterde Korzina (hapa sepedi) bardyr, pozulan zatlarymyzy şonuň içinden alyp bilýäris, Bu hem edil şonuň ýaly işleýär. Siz  ýalňyşlyk bilen pozan zadyňyz, awto şekilde Dumpster programasyna ýüklenýär. Gysgaça Android Korzinasy diýip bileris. Eger  ýygy ýygydan ýalňyşyp pozýan bolsaňyz, ony hem yzyna getirmek isleýän bolsaňyz size Dumpsteri programasyny telefonyňyzda saklamagyňyzy maslahat berýän. Pozan zatlaryňyzy hakykatdanam bilip pozan bolsaňyz onda Dumpsteriň içini arassalap bilersiňiz!
Dumpsteri nähili ulanmaly?
Programany gurnanyňyzdan soňra Dumpsteri sebedi öz özünden aktiw hala geler, ýagny işläp başlar. Pozan datalaryňyzy yzyna almak üçin Programa girip  ählisini saýlap sag tarapdaky Yza (Nazad, Geri, Back) düwmesine basmaly şeýlelik bilen pozan datalaryňyz yzyna geler. Eger datalaryňyzy Dumpsterden hem pozmak isleseňiz edil ýaňky ýaly ählisini saýlap Hapa sebedin (korzina) basmaly?

5,651 gezek okaldy