Aliexpressden nähili sowda etmeli?
5 (100%) 2 votes

 Soňky ýyllaryň meşhur bolan internet söwda merkezi aliexpress.com’dan söwda etmek.

Ilki etmeli işiňiz bir hasap açmaly. Hasap açmak gaty aňsat beýleki saýtlara registrasiýa bolşumyz ýaly meňzeşdir.

Aşakdakylar esasy ädimlerdir, üns beriň.

Haryt saýlamak– Haryt saýlan wagtyň bahasyna, harydyň teswirlerine serediň. Alan kişiler nähili baha beripdirler ol wajypdyr. Haryt satyn alanyňyzda hiç hili howlukmaň, Bir harydy köpräk gözlediň serediň. Belki has gowsyny tapjaksyňyz.

Satyjy saýlamak-Haýsy dükandan haryt aljak bolsaňyz hökmany suratda dükana berilen bahalara serediň 90 – 95 derejesi bar bolsa onda arkaýynlyk bilen söwda edip bilersiňiz.

Töleg görnüşini saýlamak– Töleg görnüşünde dükanyň töleg görnüşlerine serediň arasynda PAYPAL barmy onda ynamlydyr. Çünki Paypaldan söwda etseňiz harydyňyz gelmese pulyňyzy aňsatlyk bilen yzyna alyp bilersiňiz. Paýpal hasabyňyz ýok bolsa Wisa kary maslahat berip bilerin. Ol hem ýok bolsa Webmoney gapjygy bilen haryt satyn alyp bilersiň. (Indiki temalarda Webmoneý gapjygyny nähili açmalydygyny bilelikde öwreneris)

Poçta görnüşleri– Poçtalaryň her dürli görnüşleri bardyr, Free Shopping bu harydyňyzy mugt getirip 30-60 gün aralygynda getirýändir. EMS-poçta bu firma siziň harydyňyzy 5-10 gün aralagynda getirip 37$ alýandyr. Eger sabyrly bolsaň Free shopping maslahat berýärin. Oňa berjek 37$ bolsa başga harytlary alarsyň! 🙂 Eger harydyňy has tiz alasyň gelýän bolsa DHL  firmasy bar ol siziň harydyňyzy 4-7 gün aralagynda size ýetirýär. Tölegi bolsa 60$

Harydyňyz gelenden soňra siziň email salgylyňyza link geler ol ýere girip harydymy aldym diýip razylygyňy bermeli.
Eger harydyňyz gelmese onda harydymy almadym diýen ýere baryp şikaýat edip bilersiňiz.

Bellik daşary ýurt söwda saýtlaryndan Telefon almajak boluň, çünki ýolda galyp biler!

Aliexpress

 

7,914 gezek okaldy