Google biziň internet dünýämizde uzak wagt bäri bar.Onuň saýasynda gündelik kellämize gelen bilmek isleýän zatlarymyzy öwrenip bilýäris.Şeýlelikde ulanýan gözleg motorymyzda (brauzerde) bilmeýän zatlarymyzy geliň öwreneliň! Ine-de Google-da edip boljak käbir täsinlikler.
- Do a barrel roll
Google-da gözleg taýajygyna günde birnäçe zatlary bilmek üçin ýazýarys.Ýazýan zatlarymyzyň käbirleri Google tarapyndan başgaça düşünilip bilner.Mysal üçin: Google-a Do a barrel roll diýip ýazanyňyzda bir täsinlik görersiňiz, ýagny bu ýazgyny ýazanyňyzda ekranda sahypanyň aýlanýandygyny görersiňiz.Bu size Google tarapyndan ýasalan kiçiräk degişme.
- Gravity
Bu täsinlik Google I fell lucky düwmesi işleýärkä ulanyp bolýardy emma, täze wersianyň çykmagy bilen bu düwmäniň işledilmesi aýryldy.Gözleg taýajygyna google gravity diýip ýazsaň Google sahypada suratdaky ýaly gözleg taýajygynyň ýere gaçyp titreme ýa-da wakuumly howada gezýän ýaly bolup geçýändigini göreris.Bu üýtgeşik hereketi Google-yň başga bir saýtynda işledip bolýar.
- Askew
Google-da käbir sözleriň başgaça düşünilýänini aýdypdyk.Do a barrel roll ýazgy ýazylanynda sahypada üýtgeşme bolşy ýaly Askew ýazanymyzda hem Google sahypanyň ýapgyt durýandygyny aýdyň görüp bileris.Askew iňlisçede ýapgyt diýmekligi aňladýandygy üçin Google bu sözi size biraz degişme görnüşinde düşündirýär.
- Oýun (Pong)
Google içi gysýan müşderileri üçin oýun hem oýnadýar.Ýagny brauzere atari breakout sözleri ýazyp sahypada çykan iň ýokarky linke basanymyzda 1972-nji ýylda döredilen Pong atly oýny oýnap bilersiňiz.Içi gysanlar üçin gowy oýun.
- 2000-li Google
Eger Google-yň 2000-nji ýyldaky ýagdaýyny bilmek isleýänimiz bar bolsa gözleg ýere MentalPlex ýazmak ýeterlikdir.Iň ýokarky linke girip Google-yň 2000-nji ýyldaky ýagdaýyna gidip bilersiňiz.Bu netije bilen günimizdäki Google- yň ýagdaýy bilen arasyndaky tapawudy rahat görüp bilersiňiz.
- Kaloriýa
Iýen iýmitleriňiziň näçe kaloriýa bolandygyny bilmek isleseňiz muny Google-dan soramagyňyz ýeterlik.Brauzer bu şekilli soraglarda türkmen dilinde işlemeýändigi sebäpli rus,iňlis türk we ş.m Google-da bar bolan dillerde soramaly bolýar.Mysal üçin: калори хлеб, colorie bread, kalorili ekmek we.ş.m ýazanymyzda dogry jogaplar ekranda görner.Muny başga iýmitler bilen hem deňäp bilersiňiz.
- Aždarha oýny
Google-yň ýene bir aýratyn taraplarynyň birini aýdyp geçmekçi.Google-da aždarha oýnuny köpümiziň bilýän bolmagymyz hem ahmal.Oýun biz saýtlaryň birine girmekçi bolanymyzda Wifi-myzyň kesilmegi ýa-da Mb, telefonyň puly gutarmagy umuman internet kesilmegi bilen emele gelýär.Akylly telefonlarda oýny aždarhanyň üstüne basyp, kompýuterlerde probel düwmäniň kömegi bilen başladyp bileris.Oýun juda sada bolsa hem özüçe gyzygy bar.
Bu öwredilen zatlary akylly telefonda kompýuterlerde barlap bilersiňiz.
Belki siz bulardan başgalaryny hem bilýänsiňiz, kommentariýada paýlaşyň.Okanyňyz üçin sagboluň!
Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew
telefonda bolyamy
Hawa bolyar.Makalanyn sonunda yazypdym akylly telefonda kompyuterde barlap bilersiniz dyp.
gowy zatlar beryaniz
gaty gowy sular yaly goyup durun
gaty gowy ?
salam biz kompyuterlermize nadip vpn goyup bolers?
öran gyzykly men bu zatlary barlap gördüm.
?
örän täsin Gowy ????
hovva dogry
aždarha oyny Chromeda oynalyara
haysy wpn işleýär
Näçe ýyl bäri telefon ulansamam, Google ulansamam, bu zatlary bilemokdym. Begenç işiň şowly bolsun!
??????
yenede bir gozleg gornusi bar. egloog diyp yazsan google tersine bolyar
yutube hyzmatyndan nãdip vidio indirip bolar. jogap berin garaşyan
youtubeden aydyn filim nadip indirmeli.
You tube nàdip kino almaly.
you tube programmany nadip acmaly
uytgesik eken
kop sagbolun
Şular ýaly “application” köp bolsun!
oran gowy men barlap gordu ???
oran gowy men batlap gordum ???
oran gowy men batlap gordum ???
Gaty gyzykly maglumatlar…. bilaymeli zatlar bar eken
Gaty govi prog eken yenede seyle zatlary yazmagynyzy hayyst etyan
gaty gowy yene basgada bar bolsa goyup durun
gaty govy eken kop sagbolun
goole nadip surat cikaryp bolya sony aydin.
Men begenc Azat jigin turkmenistan
gaty gowy şeyle maglumatlar kopurak ugradayyñ. Işiñizde ustunlikler.
pul birliklerinem owrup bolyar.
Mysal un: dollar manatda nacedigini we s.m zatlary bilip bolyar
????
❤❤❤
❤❤❤
gaty gowy
salam