Android telefonda parolymy unutdym
Bu ýazga baha ber

Android Telefonlarda köp duş gelýän bu ýagdaýy ählimiz bilýän bolsak gerek. Şekilli paroly unutmak ýa-da ýalňyş bilen goýulyp şeýle ýagdaý ýüze çykýar.

Onuň üçin etmeli işiňiz gaty aňsat. Ýöne telefonyň içindäki maglumatlaryňdan dynmaly bolarsyňyz. Onuň üçine bir çözüm bar. Käbir programmalaryň üsti bilen pozulan zatlaryňy yzyna getirip bilersiňiz, ol geçenki temalarymyzda nädip edilişi bardyr.

Şu ädimleri yzarlaň:

1. Telefonyňyzy öçürüň we Recovery moduna geçiriň. Recovery moduna geçmek üçin telefonyňyzyň Ses açma+Home+Power düwmelerini bilelikde basyp saklaň. Telefonyňyzyň ekranda ady ýazylandan soňra goýberiň aşakdaky ýaly penjire geljekdir şol hem Recovery Mod. Şolaryň arasyndan Wipe data/ Factory reset diýen ýazga basyň (Ses açma we ýapma Home Power düwmeleri bilen hereket edip bilersiňiz). Ol ýere gireniňizden soňra yes – delete all user data diýen ýazgyň üstüne gelip Power düwmäniň üstüne basmaly. Done ýazanyndan soňra Reboot system Now diýen ýere basyp Telefonyňyzy ulanyp başlap bilersiňiz. Telefonda Memory card we Sim kartaňyzy çykarmagy maslahat berýän.

 

Öwrenmeli topary işiňizde üstünlük arzuw etýär. Biz bilen galanyňyz üçin köp sagbol. Siz bilen birlikde gaty köp zat öwreneris!

7,876 gezek okaldy