Mugt Antiwiruslar
Bu ýazga baha ber

Öwrenmeli siziň üçin, öý şertlerinde ulanylýan kompýuteriňizi dürli wirus howpundan gorap saklaýan we munuň üçin hiç hili pul soramaýan antiwiruslaryň sanyny taýýarlady.

Töleg esasynda goraýan antiwiruslar esasan korporatiwler üçin niýetlenendir. Şonuň üçin goşmaça pul töläp, öý kompýuterlerine antiwirus oturtmak gerek däl.

1. AVG AntiVirus FREE

AVG AntiVirus FREE – antiwirus programmasy iň bir meşhur antiwirus programmalarynyň biridir. Bu programmany dolandyrmak aňsat. Bu antiwirus programmasy wiruslary aňsat tapyp bilýär, emma bu programma fişingden goranyp bilmeýär.

2. Avira Free Security Suite

SeLabs tarapyndan öňe saýlanylan antiwiruslaryň biri bolup, wiruslardan we fişingden gowy gorap saklap bilýär. Emma bu programmany ulanmak biraz kyn.

3. Bitdefender Antivirus Free Edition

Bitdefender tarapyndan hödürlenen mugt antiwirus bolup, “2017-nji ýylyň iň gowy antiwirusy” adyna eýe boldy. Kompýuteri ähli wiruslardan gowy gorap bilýär.

4. Avast Free Antivirus

Avast Free Antivirus programmasyny 400 million adam ulanýar. Bu antiwirus mugt bolup, kompýuteri ähli wiruslardan gorap saklaýar.

5. Kaspersky Free

Kaspersky Lab tarapyndan işlenilip düzülen, iň bir güýçli mugt antiwiruslaryň biridir. Bu programma kompýuteri ähli wiruslardan gorap saklaýar.

Bu tema peýdalymy? Pikirleriňi teswirlerde görkez.

 

4,172 gezek okaldy