Datally: Internet bukjalary nähili tygşytly ulanmaly
5 (100%) 1 vote

Google, Android enjamlardaky programmalaryň, internet bukjaňyzy näçe mb alýandygyny göni ýaýlymda görüp, isläniňiz ýaly üýtgedip biljegiňiz Datally programmasyny Google Play Storede hödürledi.

Ulanyjylar, indi Android dünýäsinde telefonlarynyň esasy işlerinden biri bolan internet ulgamlaryna has hem eýe boljakdyr. Sada we owadan paneli bilen Datally, internet paketleriňizi gizlin gizlin iýýän programmalary ýeke ýekeden açyga çykarmak üçin geldi.

Megabaýtlaryňyzyň nirä gidenligini we haýsy programmanyň internet paketiňizi has köp iýýändigini göni ýaýlymda seredip biljek we näçe megabaýt ulanmalydygyny sazlap bilrsiňiz. Has hem wajyp bolany programmanyň esase üýtgeşikligi, arka fonda iýilen ähli internet megabaýtlaryň öçürilmesine rugsat berýänligidir. Programma Flipplinliler tarapyndan test edildi we 100 göterimden 30 göterimini tygşytlandygyny beýan etdiler.

 

Programmany ýükläniňizden soňra garşyňyza Gulp şekiljik bilen süýşürme düwme çykar. Gulpjagzayň üstüne basyp saklap sag tarapaa süýşüriň we kabul ediň. Açan wagtyňyzyň özünde programma işläp başlar. Soňra Manage data basyp Soralan rugsatlary we işleri ýerine ýetiriň.

 

Programmany Google Play arkaly ýükläp bilersiňiz: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.google.android.apps.freighter

Programma Android 5.0 ýokarylar üçindir. Eger düşümedik ýeriňiz bolsa Teswirler Ýada Meýudaky Habarlaşmak düwmesine basyp administrasiýa bilen online çatlaşyp bilersiňiz. Habarlaşmak diňe täze wersiýada bardygyny ýatladýarys.

 

2,837 gezek okaldy