Fleşkany täzeden dikeltmek
Bu ýazga baha ber

USB porty arkaly işledilýän kompýuter fleşkalaryny häzirki döwürde köp adamlar ulanýarlar. Emma bu fleşkalara wirus aralaşandan soň, kompýuter ony okaman başlaýar. Bu ýagdaýlarda näme etmeli?

-1-

Eger kompýuter fleşkany okamasa, onda ol fleşkany beýleki USB portda barlaň, eger bu usul hem kömek etmese onda kompýuteri täzeden işe giriziň.

-2-

Ýokardaky görkezilen usullar hem kömek etmese, onda fleşkany ýörite antiwirus programmalary arkaly barlaň we wiruslaryny öçüriň.

Aşakdaky usullar fleşkada saklanýan informasiýalary yzyna gaýtarmaýar. Bu usullar diňe fleşkanyň işjeňligini dikeldýär.

-3-

Fleşkanyň içindäki bar informasiýalary öçüriň. ( ОТФОРМАТИРОВАТЬ )

-4-

Eger ýokardaky usullar hem kömek etmese, onda Transcend, PQi, ADATA programma üpjünçiliginden peýdalanyň. Olar fleşkanyň iňjeňligi dikeltmek üçin peýdalydyrlar.

5,738 gezek okaldy