Saýta girmekligi gadagan etmek
Bu ýazga baha ber

Käwagtlar biziň ünsümizi käbir saýtlar özüne çekip, gymmatly wagtymyzy boşuna gitdirip biler. Beýle ýagdaýlarda, biz bu saýtlara girmekligi gadagan edip bilýäs. Geliň, men size saýtlara girmekligi gadagan etmegiň usullaryny öwredeýin.

Router arkaly saýtlara girmekligi gadagan etmek

Saýtlary dolulygyna ulanmaklygy gadagan etmek üçin Wifi routeri hem ulanmak bolar. Bu aşakdaky amallar TP-LINK routerinde ýerine ýetirildi.

Router arkaly saýtlara girmekligi gadagan etmek üçin, brauzerden 191.168.1.1 salgy boýunça routeriň parametrine giriň. Ondan soňra şu yzygiderlikde bölümleri açyň: “Access Management — Filter — URL Filter”. Şu yzygiderlikde açan soňky penjiräňizde URL diýen ýerine girmekligi gadagan etjek saýtyňyzyň salgysyny ýazyň. Ýöne salgyny ýazanyňyzda “https://.” ulanmaň. Meselem: rutor.info saýty bolsa, şol ýere hem rutor.info diýip ýazmaly.

Kompýuterdäki hosts-faýllary arkaly saýtlara girmekligi gadagan etmek.

Kompýuterde “Bloknot” programmany açyň, Onda soňra “Faýl” bölüminden “Otkryt” bölümini açyň. Täze açylan penjirede, saýlanjak faýlyň formatyny üýtgediň. Ýagny täze açylan penjiräniň sag tarapynyň iň aşagyndaky öýjükde “Wse faýly” buýrugyny saýlaň. Soňra şu yzygiderlikde papkalary açyň: “С:/windows/system32/drivers/etc/hosts”.

Soňra täze açylan penjiräniň, iň soňy setirine “127.0.01” we saýtyň salgysyny ýazyň. Bu ýerde hem “https://.” ulanmaň. Bu ýerdäki “127.0.0.1” url-nyň formaty. Her bir girizjek saýtyňyzy täze setirden şu ýokardaky görkezmeler esasynda ýazyň.

Şeýlelikde, siziň girizen saýtlaryňyz, kompýuter we router tarapyndan gadagan edilýär.

Bu günki tema peýdalymy? Pikiriňi teswirlerde görkez.

2,934 gezek okaldy