Sagdyn iýmitlenmek üçin 10 resept
Bu ýazga baha ber

Sagdyn iýmitlenmek diýlende nämä düşünýärsiňiz?

Sagdyn durmuş ýörelgesi – bu saglygyňy berkitmeklik üçin, gündelik durmuşymyzda adamyň çekýän zähmetiniň, dogry tertipde iýmitlenmeginiň, bellibir mukdarda uky almagynyň, gigiýenany doly saklamagynyň we ş.m-leriň jemine aýdylýar. Diýmek, sagdyn iýmitlenmek bu sagdyn durmuşyň bir bölegidir. Şu günki mowzukda men size sagdyn iýmitlenmek üçin 10 resept paýlaşjak.

Ýumurtgadan blinçik

Gerekli önümler:

  • 2 ýumurtga
  • duz
  • priprawa
  • 50 gr gaýnadylan towuk eti (towuk etinden başa etleri hem ulanyp bilersiňiz)
  • 50 gr arassa ýogurt
  • 50 gr peýnir
  • 1 kiçi çemçe günebakar ýagy

Taýýarlanylyşy:

Bir ýumurtgany duz we priprawalar bilen garyşdyrmaly. Ondan soňra skoworody gyzdyryp, oňa 1 kiçi çemçe bilen günebakar ýagyny guýmaly. Ondan soňra garyşdyrylan ýumurtgany skoworoda guýuň we ýazdyryň. 30 sekuntdan soňra blinçigi beýleki tarapyna öwrüp, ýene 30 sekunt garaşyň. Netijede, blinçik taýýar bolýar. Iki ýumurtgadan iki sany blinçik taýýarlap bolýar. Ondan soňra, bişirilen blinçigi sowadyň we üstüne arassa ýogurty sürtüň. Üstüne towuk etini dograň. Şeýdip, ýumurtgaly blinçik taýýar bolýar.

Smorodinaly tworog

Gerekli önümler:

  • 150 gr tworog
  • 50 gr buzlanan smorodina (supermarketlerde satylýar)
  • 50 gr nar dänejikleri

Taýýarlanylyşy:

Bar bolan önümleri garyşdyryň. Eger isleseňiz biraz şeker we kefir goşup bilersiňiz.

Burrito

Gerekli önümler:

  • 1 sany pomidor
  • 1 sany sarymsak
  • 1 sany limon
  • 1 kiçi çemçe günebakar ýagy
  • 100 gr konsenwirlenen fasol
  • 60 gr ýagsyz peýnir
  • 2 uly çemçe arassa ýogurt

Taýýarlanylyşy:

Pomidory biraz suwuň bugynda bugardyň, onsoň daşyny aýryň we ony gowja edip maýdalaň we blenderden geçiriň. Alnan pastany kiçi banka guýuň we onuň üstünden sarymsak, limon, fasol, günebakar ýagyny, ýogurty we peýniri guýuň.

Owsýanka

Gerekli önümler:

  • 50 gr owsýanka
  • 0.5 bulgur sygyr süýdi
  • 50 gr alma pýuresi
  • 1 kiçi çemçe kakao

Taýýarlanylyşy:

Bankanyň içine şu önümleri guýuň we garyşdyryň. Bankanyň agzyny ýapyp, bir gije – gündiz saklaň we owsýanka taýýar bolýar. Owsýankany sowadyp iýiň.

Peçkada bişirilen peýnirli pomidor

Gerekli önümler:

  • 3 sany pomidor
  • 100 gr peýnir
  • 2 uly çemçe günebakar ýagy
  • duz
  • burç

Taýýarlanylyşy:

Pomidory ýuwuň we ony iki ýarpa bölüň. Içki tarapynyň üstüne peýniri dograň. 200 gradusda 15-20 minut bişiriň.

Frittata

Gerekli önümler:

  • 4 sany ýumurtga
  • 1 sany ýeralma
  • 1 sany pomidor ýa-da 4 sany pomidor çerri
  • 100 gr şpinat
  • duz
  • priprawa

Taýýarlanylyşy:

Ýeralmany we pomidory ýuwuň. Ondan soňra ýeralmanyň daşyny arassalaň. Ýumurtgany garyşdyryň we oňa ýeralma, şpinat, duz we priprawa goşuň we garyşdyryň. Onsoň metal formalaryna (keks bişirmek üçin metal formalary) guýup çykyň we üstüne pomidory üçbur kesip formalara goýup çykyň. 180 gradusda 20 minut bişiriň.

Roll

Gerekli önümler:

  • 2 sany kabaçok
  • 1 uly çemçe zeýtun ýagy
  • 3 uly çemçe arassa ýogurt
  • 150 gr gaýnadylan towuk eti
  • 100 gr fet
  • 0.5 gök sogan
  • 0.5 gyzyl burç
  • duz

Taýýarlanylyşy

Kabaçogy plastina görnüşinde inçe edip kesiň. Ony duzlaň. Iki tarapyna zeýtun ýagyny sürtüp, ony gowruň. Gök sogany we gyzyl burçy maýdalap dograň. Towuk etini kwadrat görnüşinde dograň. Kesilen kabaçogyň bir tarapyna ýogurt sürtüň we üstüne galan önümleri ýerleşdiriň we tegelekläň. Netijede rollymyz taýýar bolýar.

Alma smuzy

Gerekli önümler:

  • 0.5 banan
  • 0.5 alma
  • 2 uly çemçe owsýanka krupasy
  • 1 bulgur sygyr süýdi
  • 1/4 kiçi çemçe korisa
  • 3 kubik buz

Taýýarlanylyşy:

Banany buzladyň we bar önümleri blenderde maýdalaň. Şeýlelikde desert taýýar))

Bananly keks

Gerekli önümler:

  • 180 gr owsýanka
  • 1 kiçi çemçe hamyr çişiriji (razryhlitel)
  • 1 kiçi çemçe korisa
  • 2 sany banan
  • 2 sany ýumurtganyň belogy
  • 1 bulgur sygyr süýdi

Taýýarlanylyşy:

Banany blenderde maýdalaň we pýure massasyny alyň. Pýureniň düzümine korisa, razryhlitel we owsýanka goşuň we garyşdyryň. Alnan massany formalara guýuň. 180 gradusda 30 minut bişiriň. Bişenden soňra 10 minut sowadyň, keksy 10 minudyň dowamynda formalardan aýyrmaň.

Towukly mini pizza

Gerekli önümler:

  • 4 sany tortilli
  • 400 gr gaýnadylan towuk eti
  • 150 gr şpinat
  • 100 gr tworog
  • 60 gr peýnir
  • 3 uly çemçe ketçup
  • 100 gr mosarelly
  • 1 uly çemçe günebakar ýagy

Taýýarlanylyşy:

Towuk etini we mosarellany maýdalap dograň we oňa tworog, peýnir, şpinat we ketçup garyşdyryň. Keks üçin formalaryna günebakar ýagyny sürtip çykyň. Onsoň tortillini tegelek diametrda keksiň formalarynyň diametrinden biraz uly edip kesiň. Ondan soňra formalara towuk eti bilen garyşdyrylan önümleri guýuň we agzyna tortillini goýuň. 220 gradusda 20 minut bişirmeli.

Işdäňiz açyk bolsun!

3,866 gezek okaldy