LINE@ Rich Message
5 (100%) 2 votes

LINE accountlarda reklama üçin has özüne  çekiji uly media linkli suratlary ýasap bilersiňiz.

Haçan-da Siziň ulanyjyňyz suratyň üstüne basanda siziň goýan linkiňize gider.

Ilki bilen Kompýuterden ýa-da telefonyňyzdan admin-officicial saýtyndan öz login parolyňyz bilen giriň.

Garşyňyza şunyň ýaly penjire geler. Strelkanyň görkezip duran ýerine basyň. Soňra Sag tarapdaky ýaşyl Düwme Ýeni oluştur diýen ýazga basyň.

Bu sahypada siz özüňize bir proýekt saýlamaly. Mysal üçin Ýekeje link goýjakmy ýada iki link goýjakmy. Şoňa göräde Adobe Photoshopdan 1040×1040 ölçegde bir reklama suratyny ýasaň. PNG formatda ýatda saklaň.

Soňra Aşakdaky formy öz proýektiňize görä doldurýarsyňyz. Birinji ýere ýazan zadyňyz çatda görünýär. 2-nji ýere bolsa Taýýarlan PNG formatly suratyňyzy Upload etýärsiňiz. 3-nji ýere Linkiňiziň adyy berýärsiňiz. 4-nji URL diýen ýere bolsa surata basylanda nirä girmegini isleýän bolsaňyz şol ýeriň linkini goýmalysyňyz. Mysal üçin ID linki. Soňra ýatda saklap. SMS görnüşinde ugradyp bilersiňiz

Ýazan: Aýjahan Berdiýewa/ Öwrenmeli toparynyň ýazyjysy.

5,767 gezek okaldy