Kompýuteri howpsuz ýagdaýda ulanmak
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men bu günki mowzugymda size kompýuteri howpsuz ýagdaýda işe girizmek we ulanmak barada birnäçe usullaryny we düzgünlerini öwretjek.

Eger siziň kompýuteriňiz doňup, käbir funksiýalary ýerine ýetirjek bolanyňyzda päsgelçilik döredýän bolsa, onda kompýuteri howpsuz ýagdaýynda barlap görmeli. Ýa-da bu funksiýa başgaça “Безопасный Режим” hem diýilýär.

Adatça kompýutere wiruslar, doly işlenip gutarylmadyk programmalar ýüklenilse, onda kompýuter doňup başlaýar. Şonuň üçin biz kompýuteri howpsuz ýagdaýynda barlap görmeli.

Kompýuteri nädip howpsuz ýagdaýynda ulanmak bolar?

1-nji usuly;

Bu usul Windows 7, Vista we XP operasion sistemalarynda peýdalanylýar.

Kompýuteri täzeden işe giriziň, kompýuter doly ýanmanka “F8” düwmesine basyň. Täze çykan penjirede “Безопасный Режим” ýa-da “Save Mode” saýlaň we “Enter” düwmesine basyň.

“Безопасный Режим”-den çykmak üçin kompýuteri täzeden işe giriziň.

2-nji usuly;

Bu usul Windows 7, Vista, XP, 8, 8.1 we 10 operasion sistemalarynda peýdalanylýar.

Bu usulda kompýuteri sistema konfiguratory tarapyndan howpsuz ýagdaýa birikdirip bolýar. Onuň üçin “Windows + R” düwmeler kombinasiýasyndan peýdalanyň.

Täze açylan penjirede “msconfig” buýrugyny ýazyp, “Enter” düwmesine basyň.

“Enter” düwmesine basanyňyzdan soňra aşakdaky penjire açylar:

Täze çykan penjirede “Ok” düwmesine basyň we kompýuteri täzeden işe giriziň.

Kompýuteri howpsuz ýagdaýynda işlemekligini aýyrmaklyk üçin ýene-de ýokardaky görkezilenleri täzeden girizip, ýöne bellik duran ýerini aýyryp, “Ok” düwmesine basyp, kompýuteri täzeden işe girizmeli.

“Безопасный режим” bu näme?

Ýokarda belläp geçişim ýaly, bu ýagdaýdan peýdalanmak bize gaty amatly düşýär. Siz bu howpsuz ýagdaýda kompýuteriňizi işe girizen mahalyňyz, kompýuter öz hususy draýwerleri, adaty programmalry bilen işe girer, siziň gapdaldan ýüklän programmalaryňyz bu ýagdaýda işlemez. Eger howpsuz ýagdaýda kompýuteri ulanýan wagtyňyz kompýuter doňmasa, onda siziň kompýuteriňiz doňmagy, gapdaldan ýüklenen, geçirilen programmalar günäkärdir. Şonuň üçin hem kompýuteri barlamak üçin şu ýagdaýlardan peýdalanýarlar.

 

Bu günki mowzugym gyzyklymy?

5,223 gezek okaldy