Öçürip bolmaýan bukjalary öçürmegiň usullary
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Bu gün men size öz mowzugymda kompýuterimizde öçürip bolmaýan käbir papkalary öçürmekligiň usullaryny öwretjek. Geliň onda bar ünsüňizi jemläp, meniň mowzugymy yzarlamaga başlaň.

Kompýuteri täzeden işe girizmek.

Eger-de siz kompýuteriňizde papkany öçürip bilmeýän bolsaňyz, onda kompýuteri täzeden işe girizmek bilen ol papkany öçürip bilersiňiz.

Arhiwatorlardan peýdalanmak.

Eger siz bir papkany öçürjek bolanyňyzda, kompýuter bu papkany tapyp bilenok diýip size habar berse, onda hökman bu papkany ýörite programmalaryň, ýagny arhiwatorlaryň kömegi bilen öçürip bolar. Siz WinRAR, 7ZIP ýaly programmalaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

Kompýuteri antiwirus programmalary arkaly barlamak.

Käbir wiruslar kompýuteriň faýllaryna we onuň papkalaryna zyýan ýetirip, olary gizläp we kodlap biler. Eger siz papkany öçürip bilmeýän bolsaňyz, kompýuteri antiwiruslaryň kömegi bilen barlaň.

Papkanyň faýllaryny barlamak.

Siz papkany öçürip bilmeýän bolsaňyz, onda onuň ýene bir sebäbi onuň içinde ýerleşýän faýllary bolup biler. Meselem, käbir papkalarda ýerleşýän faýllar kompýuterde başga programmalar arkaly dolandyrylýar. Şol programmany anyklap, soňra programmanyň ýerine ýetirýän işini bozup, papkany öçürip bilersiňiz.

Bu günki mowzugym peýdalymy?

 

9,292 gezek okaldy