Geljegiň 5 tehnologiýasy
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size geljekde durmuşymyza giňden ornaşjak täze tehnologiýalar hakda gürrüň  bermekçi. Emma ol tehnologiýalar şu günki durmuşymyzda hem ulanylyp başlandy, ýöne olaryň sanynyň azlygy we bahasynyň gymmatlygy zerarly durmuşymyza giňden ornaşanok. Geliň men size şol tehnologiýala barada gürrüň bereýin.

Awtomatiki taýdan ýöreýän ýük maşynlary

Soňky döwürlerde Tesla kompaniýasy özüniň öndürýän awtoulaglary dünýä bazarlarynda ýokary orunlary eýeleýärler. Tesla kompaniýasy tarapyndan öndürilen Semi atly bu awtomatiki taýdan ýöreýän ýük maşyny tehnologiýanyň täze ugry boýunça uly belentliklere eýe boldy. Bu ýük maşyny elektromaşyn bolup ýagny arassa tebigy togda işleýär. Ony bir gezek akkumulýatoryny doly zarýaddan doldursaň, onda bu ýük maşyny 800 km aralygy geçýänçe işläp biler. Ýagny bu ýük maşyny iň bir ýokary derejeleri tehnologiýalaryň hataryna girdi. Bu ýük maşyny ekologiýa taýdan arassa bolup, ol ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň peselmegine uly kömek edýär. Ýagny bu maşyn sürüjisiz hem, öz özüni dolandyryp bilýär. Bu ýük maşynlary 2019-njy ýyldan doly öndürilip başlanýar.

Ekzoskeletler

Ýene bir geň galdyryjy tehnologiýalaryň biri – ekzoskeletlerdir. Bu tehnologiýa ReWalk proekti tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Bu tehnologiýa hereketlenip bilmeýän, ýöräp bilmeýän maýyplar üçin niýetlenip döredilendir. Ýagny bu tehnologiýa arkaly maýyplar doly hereket edip we ýöräp bilerler. Bu ekzoskelet ýörite adamyň pulslary arkaly işleýärler. Umuman aýdanymyzda bu tehnologiýa medisina ylmy üçin uly goşandyny goşýar. Ýene bir zat, bu tehnologiýa diňe bir medisina üçin däl, eýsem geljekde bu tehnologiýany ýaragly güýçler, esgerler üçin hem ulanylmaga beriljekdir.

Iýmit taýýarlaýan printer (3D)

Tehnologiýalaryň iň bir ösen hataryna iýmit taýýarlaýan printer hem girýär. Bu printer ByFlow kompaniýasy tarapyndan döredilip, restoran biznesine uly goşant goşdy. Ýagny bu printer uly göwrümi iýmitleri gysga wagtyň içinde taýýarlap berýär. Bu printer arkaly islendik nahary bişirip bolýar. Bu printeriň ýene bir aýratynlygy, taýýarlajak naharyňa bellibir möçberde kaloriýa we agramyny berip bilýäň. Printer beren maglumatlaryňa görä nahary gysga wagtyň içinde taýýarlap berýär.

Robotlar we transformerler

MBlock tarapyndan döredilen robot-transformerler iň ösen tehnologiýalaryň hataryna girdiler. Bu kub görnüşindäki robotlar başga şekile geçip bilýärler. Ýagny olar formalaryny üýtgedip bilýärler. Häzirki döwürde bu robotlar ýörite pultlar, dolandyryjylar arkaly dolandyrylýar. Ýöne bu robotlaryň doly göwrümli we awtomatiki taýdan işleýän görnüşini taýýarlamak boýunça täze işler alnyp barylýar.

Biometriýa maglumatlary arkaly töleg

Soňky döwürlerde tehnologiýalaryň ösmegi bilen täze täze funksiýaly tehnologiýalar girizilýär. Internet arkaly, ýagny howa arkaly adamlar birnäçe tölegleri amala aşyrýarlar. Bu tölegleriň doly howpsuzlygyny gazanmak üçin täze funksiýalary oýlap tapýarlar. Soňky 3-4 ýylyň içinde telefon arkaly töleglerde barmak yzlarynyň ulanylmagy arkaly täze funksiýalar girdi. Ýagny tölegi amala aşyrmak üçin hökman barmak yzlary gerek. Ýöne bu funksiýada doly howpsuzlygy üpjün etmeýär. Ýakynda täze döredilen bu funksiýa, ýagny biometriýa maglumatlary arkaly amala aşyrylýan töleg funksiýasy doly howpsuzlygy üpjün edýär. Ýagny men internet dükanyndan haryt satyn aldym we men howa arkaly tölegi amala aşyrmaly. Tölegi kabul ediji, tölegi iberijä öz suratyny iberýär. Tölegi iberiji ony sistema ýükleýär we sistema awtomatiki ýagdaýda tölegi kabul ediji anyklap, biometriki maglumatlaryny tölegi iberijä görkezýär. Şeýlelikde biz kim bilen söwda guraýanlygymyzy anyklap bilýäs. Bu bolsa tölegiň howpsuzlygyny amala aşyrýar. Bu funksiýa “Открытия” banky tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Ýagny bu funksiýa diňe şu bankyň ulanyjylaryna elýeterli.

6,671 gezek okaldy