Täze ýyly nädip garşylamaly?
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Mowzugymy başlamazdan ozal siziň ähliňizi ýetip gelýän 2018, it ýyly bilen tüýs, päk ýüregimden gutlaýaryn. Goý, elmydama siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, bagt hemişe gapyňyzy kakyp dursyn, bu gyşyň sowugy size ýaz paslynyň şemaly ýaly öwsüp dursyn! Hemmäňizi ýetip gelýän Täze ýylyňyz bilen tüýs ýüregimden gutlaýan!

Täze ýyl baýramy – bu hemmäniň söýýän baýramlaryň biridir. Bu baýramlaryň naýbaşydyr. Täze ýylda şadyýan, bagtly çagalaryň, adamlaryň sesleri ýaňlanyp durýar. Köçeleriň ugrynda bir birinden owadan Täze ýyl arçalaryny bezeýärler. Her bir maşgala öýünde baýramçylygy belläp geçýärler. Men hem Täze ýyla bagyşlap bu gün size täze mowzugymy döretmek isledim. Men bu täze mowzugymda Täze ýyly nädip şadyýan garşy almalydygyny aýdyp geçjek! Geliň hemmämiz üýşüp, meniň mowzugymy yzarlamaga başlaly!

1. Gurjak teatryny guramak.

Täze ýylda hemme kişiniň gülesi, oýnasy gelýär. Gurjak teatryny gurnamak bilen siz maşgalyňyzy begendirip bilersiňiz. Öýüňizde çagalaryň oýnawaçlaryndan gysga sahnalary düzüp çagalary begendiriň. Bu ýagdaýda hem çagalar hem siz uly lezzet alarsyňyz.

2. Aýaz baba ýa-da garpamyk.

Täze ýylyň gahrymanlary: Aýaz baba we Garpamygyň egin-eşiklerini geýip, ýakynlaryňyzy begendiriň. Sowgatlary satyn alyp, dostlaryňyzyň, ýakyn garyndaşlaryňyzyň öýüne baryp, Täze ýyly bilen gutlaň.

3. Oýunlar.

Oýunlar – bu her bir baýramçylygyň bezegidir. Täze ýylda dostlaryňyz, maşgalaňyz bilen stoluň daşynda dürli gyzykly oýunlary oýnaň.

4. Tans etmek.

Tans hem bu her bir baýramçylygyň bezegidir. Iň gowy görýän aýdymlaryňyzyň astynda dostlaryňyz, maşgalaňyz bilen şadyýan tans ediň. Hat-da öz araňyzda tans boýunça dürli ýaryşlary gurap bilersiňiz.

5. Surat görmek.

Täze ýylda stoluň başyna ähli maşgalaňyz bolup üýşende 1 ýylda toplanan ähli suratlaryňyzy täzeden görüň. Ähli geçen günleri ýatlaň. Dostlaryňyza suratlar boýunça gyzykly gürrüňler aýdyp beriň.

6. Nätanyş adamlary begendiriň.

Täze ýyl bu bütin ýer ýüzünde uly şowhun bilen bellenilýän baýramlaryň biridir. Bu baýramçylykda ähli adamlar bir birlerini gutlap, alkyş alýarlar. Siz hem köçede geçip barýarkaňyz, nätanyş adamlary Täze ýyly bilen gutlaň. Bu siz üçin lezzet bolar.

7. KARAOKE guramak.

Ýene baýramçylyklaryň bezegi bolan bu aýdymdyr. Täze ýylda dostlaryňyz bilen dürli aýdymlary öz sesiňiz bilen ýerine ýetiriň, ýagny öz araňyzda KARAOKE guraň. Bu gyzykly hem-de gülkünç bolar.

8. Kinofilmleri görmek.

Täze ýyla bagyşlanyp döredilen müňlerçe kinofilmler bar. Stoluň başynda dost ýarlaryňyz, maşgalaňyz bilen Täze ýyl kinofilmlerine tomaşa ediň.

9. Oduň başynda oturmak.

Täze ýylda dost ýarlaryňyz bilen oduň başyna geçip, gürrüňdeş boluň. Oduň başynda aýdym aýdyň, anekdotlar bilen dostlaryňyzy güldüriň.

Bu günki mowzugym size ýaradymy? Pikirleriňizi teswirlerde görkeziň.

5,813 gezek okaldy