Elektron kitaphana. Bu näme?
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size elektron kitaphana hakda gürrüň bermekçi. Aramyzda by hakda bilýänler, hat-da ulanýanlar hem bardyr, ýöne aramyzda bu hakda az bilýän agzalarymyz hem bar. Şonuň üçin men size häzir elektron kitaphana hakynda doly gürrüň bermekçi. Onda ünsli diňlemäge başlaň!

Elektron kitaphana – bu elektron resminamalaryň, kitaplaryň, žurnallaryň tertip boýunça toplanan bölegine aýdylýar. Elektron kitaphana özünde birnäçe resminamalary, kitaplary, žurnaldyr-gazetleri saklaýar.

Elektron kitaphanalar näme üçin we haçan döredildi? Elektron kitaphanany döretmekligiň maksady.

Soňky ýyllar internediň we tehnologiýalaryň ösen ýyllary bolmagy sebäpli, käbir zatlar elektron usulda ulanylmaga başlandy. Sebäbi, elektron usulda ulanmaklyk adam üçin has ýeňil we amatly düşýär. Ilkinji elektron kitaphanany döretmeklik barada 1971-nji ýylda “Gutenberg” topary döredilip, işlemäge başlady. Emma ilkinji elektron kitaphana Maksim Moşkow tarapyndan açyldy.  Gün-günden kompýuteriň we internediň ulanyjylarynyň sanynyň artmagy bilen, köp adamlar internet arkaly elektron kitaplary ulanmaklyga başladylar. Şol sebäpli hem, kitaphanalaryň okyjylarynyň azalmagyna eltýär. Şu ýagdaýda şol kitaphanalar internetde özüniň elektron kitaphanalaryny döredip başladylar. Bu kitaphana üçin hem we okyjy üçin hem amatly boldy. Çünki kitaphanada saklanýan käbir kitaplar ýitip barýan we sany az kitaplardyr, şol kitaplary elektron görnüşine geçirip, öz elektron kitaphanalarynda satyp başladylar. Elektron kitaplar hem dürli göwrümde we formatda internede ýüklenýändir. Esasan hem olar PDF, TXT, ZIP, HTML, RTF, DOC, DjVU, TIFF we ş.m formatlarda ýüklenilýändir.

Kitap – bu adamyň içki durmuşyny özgerdip biljek ýeke güýçdir. Köp kitap okan adamlar, asylly, parasatly, paýhasly bolup ýetişýärler. Köp okan – köp biler. Kitap köp okanyň, gözýetimi hem giňeler. Men hem häzir size 5 kitaby okamaklygy maslahat berýärin. Şu aşakdaky 5 kitaby okadym we bu kitaplar meniň göwnüme has ýarady. Size hem maslahat berýärin.

Jek London “Белый Клык”

Deýl Karnegi “Как стать мастером общения с любым человеком, в любой ситуации”

Kadzuo Isiguro “Остаток дня”

Lina Mur “50 и одно дыхание глубже”

Omar Haýýam “Самые мудрые притчи и афоризмы”

Bu günki mowzugym göwnüňize ýaradymy? Pikirleriňizi teswirlerde beýan ediň.

Soragyňyz bar bolsa, men bilen habarlaşyň:

E-Mail: dovranovovrenmeli@gmail.com

8,803 gezek okaldy